Ylma görä näme iýeniňiz däl, haçan iýeniňiz zerur
TRE diýlip hem bilnen “ çäklenen wagtda iýmitlenme” güniň diňe 8 sagadynda iýmitlenme we galan 16 sagatda aç galma manysyna gelýär. Gözlegçiler, çäklenen wagtda iýmitlenmegiň saglyk meselesinde zerurdygyny bellediler. Geçirilen işleriň netijesinde çäklenen wagtda iýmitlenmek bilen rak ýaly käbir howply keselleriň täsiriniň ýokary derejede azaldyp biljekdigi görüldi.
Hünärmenleriň soňky wagtlarda maslahat berýän berhizlerinden biri hem TRE, ýagny çäklenen wagtda iýmitlenme, adamyň güniň diňe 8 sagadynda iýmitlenmesi we galan 16 sagatda hiç bir zat iýmän güni tamamlamasy gerek. TRE üçin nämäni näçe mukdarda iýeniňiziň zerurlygy ýok. Ýagny, kaloriýa hasaplamaga gerek ýok. TRE üçin hünärmenler, haýsy iýmitleri alanyňyza däl, o iýmitleri haýsy sagatlaryň aralyklarynda iýeniňize zerurlyk bildirýärler.
Çäklenen wagtda iýmitlenme meselesinde hünärmen bolan Dr.Satchin Panda, bu meselede örän peýdaly işleri edipdi. TRE üçin bir kitap ýazan doktor, kitabynda saglykly we uzyn bir ýaşaýyş üçin çäklenen wagtda iýmitlenmäniň zerurlygyny belläpdi. Dr.Satchin Panda, bu mesele hakynda beren düşündirişinde bolsa “bir almadan kiçijek dişlän wagtyňyz, bedeniň siňdirme we sorulma wagtyny gutarma wagtyna eltýär. Bu hem bedeniň köp işlemesine we organlaryň çalt garramagyna sebäp bolýar” diýipdi.
Doktor Panda, bu iýmitlenmäniň gysga wagtlyk berhiz däl-de, ýaşaýyş pelsepesi bolmagynyň gerekdigini aýdýar, çünki TRE horlandyrýan berhiz görnüşinden däl. Siz hem çäklenen wagta iýmitlenmäni durmuşyňyza salmak isleýän bolsaňyz, ilki bilen iň az 12 sagat aç galmaly bolýarsyňyz. Mysal üçin: irden 8-den agşam 8-e çenli aç galyp iýmitlenmäňizi agşam 8-den soň amala aşyrmaly.
Doktor Panda, 12 sagatlyk aç galmanyň ilki bilen örän gowy idealdygyny aýdýar, emma bu iýmitlenme görnüşinden has üstün netije almak isleýänleriň günde diňe 8 sagat iýmitlenmeginiň gerekdigini belleýär.
Hugh Jeckman-yň abraýly “Wolverine berhizi” 8 sagatlyk TRE göçürmesidi. Soňky gözlegler, 6 sagatlyk iýmitlenme aralygyna gelmäniň, kişiniň has gowy ýagdaýa gelýändigini subut edýär, emma bu ýagdaýa gelmek biraz wagt alýar we uzak wagt ulanyp bolmaýar. Bu sebäpde TRE ýerine ýetirmäge karar beren bolsaňyz, saglygyňyz üçin ilki 12 sagatlyk çäklenen wagtdan başlap bilersiňiz.
Bu zatlar aslynda doly derejede size galan. Günde haýsy böleginde iýmit iýmek isleýän bolsaňyz, o wagtdan başlap bilersiňiz. Mysal üçin: irden 8-den agşam 8-e çenli iýip soňra iýmit iýmäni kesip bilersiňiz. Doktor panda, bu meselede “Güniň haýsy böleginde iýmitlenme siziň kararyňyz, emma gije bir zat iýip-içmezlige çalyşmalysyňyz” düşündirişini berdi.
Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/ne-yediginiz-degil-ne-zaman-yediginiz-onemli-h86825.html