https://owrenmeli.app/3168-degismeler.html#comment
Begench Malikgulyyew
29.02.2020 20:38
3 sany siňek dost bolupdyr. 1 aý ýaly aýra gezenlerinden soň gabatlaşýarlar. 1-i gaty semräpdir, 2-ji boýu ösüpdir, daýawlaşypdyr. 3-ji öňki bolşundanam has horlanyp, zordan uçýan ýagdaýa gelipdir. Gabatlaşanlaryndan soňra biri-birini soraşanlarynda: semiz siňege beýleki ikisi:
- Dost ýaman gaty semräpsiň, nirde ýaşadyň näme iýdiň?
- Ai dostlar menä bir restoranda boldum, nahara girýän welin gaby bilen geçirip goýýarlar. Onsoň şo gap gutarynça meňki.
- Bah, senä gowy ýere barypsyň.
Soňra daýawlaşan, siňekden soraýarlar:
- Sen nirde bolduň, boýun ösüpdir, ulalypsyň sen näme iýdiň, nirde bolduň?
- Ai dostlar menä bir kafede boldum. Nahara özümi ursam çemçäni dolduryp çykaryp goýýarlar. Onsoň şo gutarynça meňki.
- Senem erbet ýerdä bolmansyň.
Soňra iň kiçiden soraýarlar:
- Sen nirde bolduň, gaty horlanypsyň, näme iýdiň munýaly?
- Ai dostlar men talyplaň opşagasynda boldum. Näme iýenimem siz pikirleniň! ☺️
67
14 637