BagtyýarGeldiýew
06.11.2022 10:38
Waýfaýym
Waýfaýym bar, waýfaýlardan zyýada,
Käwagt ylgaýa, käte pyýada,
Işlemese derrew öçürip ýakyp,
Öý iş , okuw hiçzad düşürmez ýada.
Iciñ gysmaz kodyn bilen mahalyñ,
Birden öçse derrew geler gaharyñ,
Üns bermeseñ sowap galar naharyñ,
Meniñ şatlygymy açan waýfaýym.
Aýyñ başy gelse öçersiñ birden,
Çatylgy dursada açylmaz irden,
Töleg ýatdan çykyp bilmedim nirden,
Ornuñ tutar biraz goňşy waýfaýam.
Dört sany şahyñ bar berýär badyñy,
Biraz çetleşdirýär öýde ýadymy,
Jogap bermen tutsalarda adymy,
Çetleşdiren meni menden waýfaýym.
Sorag bolsa göni çykarar gözläp,
Ýa okadar, dili bolmanam sözläp,
Ýatansyran bolup telefonyñ gizläp,
Ejem we kakamdan gizlän waýfaýym.
Seni ýazmak isledim men goşgyda,
Artýar badyñ, ösersiñem günsaýyn,
Uzaklaşyp senden düşemde jyda
Şonda-da bar ýaly meniñ waýfaýym.
16
290
BagtyýarGeldiýew
21.10.2022 07:28
Bagyşla!
Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden,
Yşkyñ oýny geçiren bolsa çenden,
Soramaly wagty soraman senden,
Ykbal sazym çalan bolsam, bagyşla!
Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe,
Gahar-gazap dolan bolsa gözüñe,
Ýürekden syzdyryp aýdan sözüñe,
Yersiz-yere gülen bolsam, bagyşla!
"Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim,
Manysyzdyr sensiz geçen günlerim,
Bahar pasly saña bogan güllerim,
Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyşla!
Yene saña söýgi getirdi yazym,
Ya sen zalym, ya-da zalym meñ özüm.
Men sebäpkär bolup köldäki gazyñ
Asman sary galan bolsa, bagyşla!
Diñe Alla herki işde penakär,
Özge hiç zat edip bilmez günä kär,
Bu söýgüde bolup özüm günäkär,
Ýuregiñi dilen bolsam, bagyşla!
Meñ mährimi ykbalyña araman,
Gezseñ-de sen päk söýgimi goraman,
Käbir zady señ özüñden soraman,
Ilden sorap bilen bolsam,bagyşla!
13
146
BagtyýarGeldiýew
19.08.2022 22:24
Ýadygärlik beren ýaglygym dañyn.
Sülük barmaklaryñ bilen sypalap,
Ýadygärlik beren ýaglygym dañyn.
Aýna bakyp, owadanlap, apalap,
Ýadygärlik beren ýaglygym dañyn.
Kyn bolsa, bir gezek iş düşse başa,
Kuwwat bersin durmuşyña, ýoluña.
Ýadygärlik beren ýaglygym guşa,
Meni Mejnun eden inçe biliñe.
Syn et, mähir bilen bakyşyn Aýyñ,
Hem gaty päkize atyşyn dañyñ,
Uzakda görünseñ tanap galaýyn,
Ýadygärlik beren ýaglygym dañyn.
Şol çynarlar deýin dik bolsun başyñ,
Ömrüñi bezesin akylyñ, işiñ,
Ýadygärlik beren ýaglygym bilen,
Süpürmeli bolma gözleriñ ýaşyn.
14
116
BagtyýarGeldiýew
27.01.2021 10:01
Haýyş edýän dolanma meň dünýäme,
Gözlermiz kaklyşyp hasrat çekmesin.
Nirde bolsaň, bagtly ýaşa, bagtly gez,
Bagt öz goýnunda aman saklasyn.
Ýene gaýdyp gelip, ynjan göwnüme,
Çümdürme ahyry otly hanjaryň.
Şol ot bilen ýene girseň ýüregme,
Bileňokmy, onuň kül deý ýanjagyn.
Şonuň üçin gelme indi dünýäme,
Sowady ýüregmiň ýalynly yşky.
Sen hakynda asla ýazjagam däldim,
Wah, ýene döredi hasratly goşgy.
13
377