BagtyýarGeldiýew
21.10.2022 07:28
Bagyşla!

 Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden,
Yşkyñ oýny geçiren bolsa çenden,
Soramaly wagty soraman senden,
Ykbal sazym çalan bolsam, bagyşla!

Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe,
Gahar-gazap dolan bolsa gözüñe,
Ýürekden syzdyryp aýdan sözüñe,
Yersiz-yere gülen bolsam, bagyşla!

"Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim,
Manysyzdyr sensiz geçen günlerim,
Bahar pasly saña bogan güllerim,
Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyşla!

Yene saña söýgi getirdi yazym,
Ya sen zalym, ya-da zalym meñ özüm.
Men sebäpkär bolup köldäki gazyñ
Asman sary galan bolsa, bagyşla!

Diñe Alla herki işde penakär,
Özge hiç zat edip bilmez günä kär,
Bu söýgüde bolup özüm günäkär,
Ýuregiñi dilen bolsam, bagyşla!

Meñ mährimi ykbalyña araman,
Gezseñ-de sen päk söýgimi goraman,
Käbir zady señ özüñden soraman,
Ilden sorap bilen bolsam,bagyşla!
13
146
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Söz bilen aýdym sazlaşdy malades 👍👍👍👍👍👍👍👍 aýdyp gördim
BagtyýarGeldiýew
22 Oktýabr 2022
Serwi,😊

dusia_maksatmyradowna,😊
Dusia
21 Oktýabr 2022
👍😶
BagtyýarGeldiýew
21 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,howwalay dos
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Bagtyýar Geldiýew , tapawudy ýok dos hemme hunarlerem gowy

Bagtyýar Geldiýew , barlap goreýin estrada bolsa estrada görnüşde halk aýdymy bolsa estrada görnüşde aýdarys 👍👏
BagtyýarGeldiýew
21 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,nesibede name ba bolsa bolmaly dos. Entek hunar paylanmady Aprelde paylanya

lalahan,sag bolun kop kop sizede in gowy arzuwlarynyzyn hasyl bolmagyny isleyan

Myhman Myhman,bilmedim dos barlap goray

SerdarMyradov,sag bol😊

wolf,😊
wolf
21 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
SerdarMyradov
21 Oktýabr 2022
like👍👍👍
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Bagtyýar Geldiýew , estrada aýdyma geçirip bolmaýami

Şu goşgyny
lalahan
21 Oktýabr 2022
Diysen ajyyp gosgy berekella mundan beylakde durmus okuw is yolunyzda ustunluk arzuw edyarin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.