Söýgüden gorky
Şol günki aýtmadyk sözüme degmez,
Ýigrim bir ýyl gürlän ähli geplerim.
Ýatlamalañ arasynda gizlendi,
Heniz ýazyp dolunmadyk depderim.
Juwanlyk döwrüme çenli akan ýaş,
Degmez şol gün aglamadyk agyma.
Söýgi ummanynda gark bolup gitdiñ,
Göwnüñ ýetmän meniñ guran gämime.
Şol günki çydamma degmez bu anyk,
Ömürboýy görkezen bar mertligim.
Ýa sen bilip päk söýgime kast etdiñ,
Ýa duýmadyñ alnyñ mensiz kertligin.
Soñ dolandyñ, giç dolandyñ çakymdan,
Men topladym sensizlikde erk baryn.
Öñler ýitirmekden gorkýardym seni,
Indi saña dolanmakdan gorkýaryn.