BaýramBejidow
03.10.2022 07:06
Dilegim köp owal Hudaý,
Hatamy ötjegim bolsun,
Ejizlesem goldaw edip,
Mañlaýym öpjegim bolsun.

Diýme ,,Ýekäñ çañy çykmaz",
Nem tapmasa ýürek ykmaz,
Dogry ýolda aýak typmaz,
Mañzyma ýetjegim bolsun.

Däli göwnüm baş egmedi,
Ýalanlar gözim egledi,
Diýme ,,diýenme degmedi"
Gitmesem, gitjegim bolsun.

Asylsa gussa eginden
Ne galar a:ran köñülde,
Mynasyp gülüñ öñünde,
Dyzymy epjegim bolsun

Şükir, geljek ýollam ýagty,
Islemerin tylla-tagty,
Nesip edip uly bagty,
Başymy çatjagym bolsun.

Awtory: Baýram Bejidow

11
69
BaýramBejidow
02.10.2022 15:52
,,Bir Allaha uý" diýerdiñ,
Aýdyşyñ deý uýdum eje!,
,,Hyýallarñy goý" diýerdiñ,
Emma bilmän söýdüm eje!.

Içde gizläp köýgülermi,
Zyñyp bilmän gaýgylarmy,
Duýma diýen duýgularñy,
Bir gözelde duýdum eje!.

Seýiklenen daşdan gaty,
Aýdylmadyk sözlem ýatyr,
Ýürek diýlen garamaty,
Elim bilen soýdum eje!.

Darkaş edip gahrym bilen,
Umytlanan şährim bilen,
Maña beren mähriñ bilen,
Özge birin çoýdum eje!.

Boýun alyp, ýananlygmy,
Bagt atynyñ çamanlygny,
Indi bilip ýalanlygny,
Ynanmagy goýdum eje!.

Ýörän ugrum çarkandakly,
Gözýaşym syrjak ýandakmy,
Ýazgydym diñe ýanmakmy,
Men näme üçin dogdum eje?!...

Awtory: Baýram Bejidow
13
247
BaýramBejidow
BaýramBejidow
02.10.2022 00:01
Bagtdan ýaña aýnap gezerim ýaly, Ezizim sen maña ,söýýän" diýsene!, Geljegiñ ýumagyn çözerim ýaly, Ezizim sen maña,,söýýän" diýsene!. Ýeke sensiñ ynjyk göwniñ hossary, Emle ahyr dert
BaýramBejidow
01.10.2022 21:26
Maña bir sorag ber!
Menem bir jogap berjek.
14
630
BaýramBejidow
BaýramBejidow
01.10.2022 06:56
Men seni deñäre taýyñ tapamok, Bugdaýa deñesem dänesin iýýäs, Güllere deñesem saralýar ol hem, Garaz, bu barlykda meñ üçin inen, Gussaly ýüregme em edýän melhem, Bir sen... Men seni deñäre taýyñ
BaýramBejidow
30.09.2022 07:01
Arykdan aşypdyr, hyjuwly köñlüm,
Atygsaýar asman sary pelpelläp,
Meni taşlap giden tanyş ýüzlerim,
Umyt edýän, indi gaýdyp gelmez-le.

Duýgym bilen, duýgydaşlyk bildirip,
Yhlas etdim paşmasa-da wysalym,
Hasabymdan ezber gelip nesibe,
Kineleñ, gussalañ içinde galdym.

Şükür diýdim, sabrym bilen dyrjaşyp,
Añşyrmadym sowuk ýüzleñ sargysyn,
Eñremedim, eñşemedim ýegşerip,
Ýeñjek boldum kyn günleriñ görgüsin.

Käte ejizlesem geñ görme ykbal!,
Bagty güjeñläñde emeneniñ men.,
Eý durmuş sen menden nägile bolma,
Ulalyp oñarman, gomalanyñ men...

Awtory: Baýram Bejidow
12
57
BaýramBejidow
29.09.2022 23:15
Saña gözüm düşse ýitirýän özüm,
Söýgi bormy oda ýanyp bişmesem,
Gussaly gözlerme şatlyk getirip,
Päk bagtyma seniñ bagtyñ düşlesin.

Çyn durmuşy hyýallarma güjeñläp,
Düýşlerimi huşa baglan melek sen,
Ýeke teşne duýgylarym üçin däl,
Unutmagyn sen hemişe gereksiñ.

Bagtymyza il guwansyn daşyndan,
Aramyzdan aýralyk suw akmasyn,
Bir sebäpden tog düşüpler hiçhaçan,
Aýrylmakdan herne Hudaý saklasyn.

Her günümiz bolsun ala-ýaz ýaly,
Hoş günlerde ýylgyrmagma sebäp sen,
Waspyñ ýetmez, näçe ýazsam az ýaly,
Bilmerin sen nä gudratdan döräpsiñ.

Em tapmadym senden başga derdime,
Umytlarma umyt goşýañ ýene sen,
Men has beter bagtly borun ezizim,
Gelnim bolup, öýüñ törün bezeseñ.

Awtory: Baýram Bejidow
10
104
BaýramBejidow
29.09.2022 08:17
Köp aldanýas ýalan dünýäñ alyna,
Bagt diýenmiz, wagtymyzy egleýär,
Bize berlen muzdsyz ömrüñ özi nä?,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Arrygy köp, boý almaly şineleñ,
Arzysy köp agajyndan miweleñ,
Kime derkar seniñ öýke-kineleñ,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Bilýäñ ahyr, her gursakda howur bar,
O:t bolmasa bugdaý bolmaz gowurga,
Gussa bilen ömri ýele sowurma,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Kimler ötdi amaly har, añy hor,
Kimler ötdi bilegi zor, añy zor,
Gara galam ak sözleri ýazsa bor,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Indi ýat sen... Ah öñler-ä gerekdiñ,
Sensizligem ... eretse goý eretsin,
Sünnet ahyr ýylgyrmak çyn ýürekden,
Şatlan göwnüm, gamlananña degmeýär.

Geçen günler geçip galsyn owarram,
Ykbal ony yza gaýdyp bermeýär,
Gussalary zyñyp bu gün owarra,
ŞATLAN GÖWNÜM, GAMLANANÑA DEGMEÝÄR.

Awtory: Baýram Bejidow



14
66
BaýramBejidow
28.09.2022 20:00
,,Meniñ sadalygym şundan ybarat,
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün..."
Wah halypam şol sadalyk gurasyn,
Biri hoş söz aýtsa gomalyp ýörün.

Gerekmejek zada gidirip wagtym,
Gözläp tapmalydyr öýdüpdim bagtym,
Dertleñ üýşen wagty, gussaly çagtym,
Biderek ýerlerde sömelip ýörün.

Gezsemem ýalanlañ içinde entäp,
Hergiz ýalñyşlarmy, öz kemim agtap,
Şükür, sabyr, toba üç sözi nygtap,
Ejizi göremde uýalyp ýörün.

Namarda zar bolman, el sermän ile,
Çeşme bolup aksam, meñzemän sile,
Başarsam hiç kimden saklaman kine,
Diñe öz güýjime daýanyp ýörün.

Awtory: Baýram Bejidow
19
117
BaýramBejidow
28.09.2022 07:10
Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Belki, söýmezdimem seni,
Kä ýürekler öýkeleşse,
Zordan almazdymam demi.

Sen üýtgeşik bolmasadyñ,
Asyl bagty duýmazdymam,
Ýaşardym manysyz ömri,
Asyl söýgä uýmazdymam.

Sesiñ bilen hüwdilenip,
Adyñ bilen galkynan men,
Käte deñiz, derýa ýaly,
Kenaryñda tolkunyñ men.

Hassalasam, derman boldyñ,
Kyn günimde tekgelik sen,
Umyt bilen ýaşap ýörin,
Barlygyñda dikgerip men.

Duýgylardan körän gursak,
Her gün saña alñasady,
Asyl söýgä uýmazdymam,
Sen üýtgeşik bolmasadyñ...

Awtory: Baýram Bejidow
15
227