BaýramBejidow
02.10.2022 15:52
,,Bir Allaha uý" diýerdiñ,
Aýdyşyñ deý uýdum eje!,
,,Hyýallarñy goý" diýerdiñ,
Emma bilmän söýdüm eje!.

Içde gizläp köýgülermi,
Zyñyp bilmän gaýgylarmy,
Duýma diýen duýgularñy,
Bir gözelde duýdum eje!.

Seýiklenen daşdan gaty,
Aýdylmadyk sözlem ýatyr,
Ýürek diýlen garamaty,
Elim bilen soýdum eje!.

Darkaş edip gahrym bilen,
Umytlanan şährim bilen,
Maña beren mähriñ bilen,
Özge birin çoýdum eje!.

Boýun alyp, ýananlygmy,
Bagt atynyñ çamanlygny,
Indi bilip ýalanlygny,
Ynanmagy goýdum eje!.

Ýörän ugrum çarkandakly,
Gözýaşym syrjak ýandakmy,
Ýazgydym diñe ýanmakmy,
Men näme üçin dogdum eje?!...

Awtory: Baýram Bejidow
13
247
nurberdiyewa_aylar
3 Oktýabr 2022
Ýörän ýolum çarkandakdy,gozýaşlam syrjak ýandakmy,ýazgydym diňe ýanmakmy,gujagyňda,diňdir eje
TKM..
3 Oktýabr 2022
Dashlay Bayram malades pikire batyrmagy basharyanay

In sonkyja setirni uytgetsen gowy bolar birhili Alladanam narza yaly duyulya sho soz aslynda oñ anyrsynda okunc yaly bir many yatyr welin ondada

(Näme ucin utuldym Eje) diýseñ naderka
Neo
2 Oktýabr 2022
Mlds 🙂 bar unsumi berip okadym
qwerty
2 Oktýabr 2022
BaýramBejidow, minnetdar😊
BaýramBejidow
2 Oktýabr 2022
qwerty, baş üstine
qwerty
2 Oktýabr 2022
BaýramBejidow, mañada ugradarsyñyzmy
BaýramBejidow
2 Oktýabr 2022
menesa___, salam baş üstine, bbejidow@gmail.com ýazyñ vpn işlän wagty ugradaryn

jemal_seyitniyazowa, aý ýok
jemal_seyitniyazowa
2 Oktýabr 2022
👏🏻Goşgy ýazmak üçin siz hem Birinden pata alypdyňyzmy!?
Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
bilesigekijidaki sunshine bilen sowisdinizmi😯
Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
😒😒😒😔😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.