BaýramBejidow
10.10.2022 20:27
Eje! Men-ä indi azaşdym halys,
Gitsem diýýän, başym alyp bu ýerden,
Tebipdenem dermanyny tapmadym,
Ýok ýerinden dörän agyrly derdiñ.

Men-ä haýran, haýyr tapyp bilmese,
Dostlarymam ýüz öwürip başlady,
Arkaýyn bol! Sadalandym öñküden,
Özdiýenli, kejirligmi taşladym.

Nirä baksam wepasyzlar deñimde,
Gepleseler, gulak ýadaw ýalandan,
Gussa garyp her hiñlenen heñimde,
Men özüme hossar tutdum galamdan...

Awtory: Baýram Bejidow


17
97
BaýramBejidow
09.10.2022 21:47
Sen meñ dünýäm, hem zeminim, asmanym,
Ýeke wagtym hossarym sen höwrüm sen,
Göwnüme degeñok, sussum basañok,
Ýanymda sen, şatlyk, kynlyk döwrümde.

Meñ gözümden gözleriñi aýyrman,
Gussamy, şatlygmy paýlaşyp bilýäñ,
Kejir men, hötjet men a sen şonda-da,
Duýgylarym bilen taýlaşyp bilýäñ.

Galam-kagyzymdan öñe geçdiñ sen,
Indi saña ýazýan içden gelenim,
Belki göwnüñe-de degýän käteler,
Gepläñok, ynjanyñ nädip bileýin.

Sesiñ bilen oýanýan her säherde,
Giç galañok, şeýle wagtyña jür sen,
Şükür bilen örüp her bir säherde,
Ynç alýaryn seniñ ýüzüñi görsem.

Durmuşyma ornaşan deý bakylyk,
Ikilik etmediñ, armadyñ menden,
Saña duşupdyryn şondan bäri hem,
Hiç hili ýamanlyk görmedim senden.

Dost sen, kyn günümde tekgelik bolan,
Sen hakynda ýazaryn men, ýene soñ,
Häzirlikçe şeýle öwgüli söze.
Diñe sen mynasyp eziz TELEFON!.

Awtory: Baýram Bejidow
16
121
BaýramBejidow
08.10.2022 22:26
Durmuşda köp zatlar özüñe bagly,
Özüñden görmeli işiñ oñmasa,
Gam-gussa berilseñ kertiler ömrüñ,
Bar zat gowy bolar Allam oñlasa.

Emmasy bolmasa çaýkanmaz zemin,
Sabyra baglap gez şükürli demiñ,
Tylladan bolsañam taparlar kemiñ,
Bar zat gowy bolar Allam oñlasa.

Özüñi ýitirseñ, gözlejek nirden?,
Gulagña basarlar sapak al pilden,
Ýeñilme kynlardan, kemilme ilden,
Bar zat gowy bolar Allam oñlasa.

Manyly ötürewer berilen ömri,
Duşursyn bagtyña wepaly höwri,
Bahylyñ gepleri gyýmasyn göwnüñ,
Bar zat gowy bolar Allam oñlasa.

Dostuñ Hak, duşmanyñ ýakyn saýanlañ,
Sözlerne ýasama gyzyl çaýarlar,
Göwnüñi pesde tut, asman gabarmaz,
Bar zat gowy bolar Allam oñlasa.

Awtory: Baýram Bejidow
14
86
BaýramBejidow
BaýramBejidow
08.10.2022 00:07
Uran deý depämden äpet ýyldyrym, Kinelem düzlüp dur, gussalam hatar, Deñimden geçseñiz töwir galdyryñ, Içimde öñ ýaşan ölüler ýatyr. Bagtymdyr öýdenim dert bolup çykdy, Söz bilen salynýar bitmejek
BaýramBejidow
06.10.2022 22:41
Söz ýarasy hiç bitmeýär,
Bir-biregi ynjytmalyñ!.
,,Bagyşla" sözüñ ötmeýär,
Bir-biregi ynjytmalyñ!.

Gün geçer, aýlanar heññam,
Mylakatly boluñ hemmä,
Kem ýerini aýdyñ!, Emma-
- Bir-biregi ynjytmalyñ!.

Hoş sözlere teşne bolup,
Ýata suw däl, çeşme bolup,
Duz iýişip, aşna bolup,
Bir-biregi ynjytmalyñ!.

Ýalan zatlar bolsa kastyñ,
Göwünleriñ saýla pestin,
Sarpasyny saklap dostuñ,
Bir-biregi ynjytmalyñ!.

Tikeni bar her gülüñde,
Hoş sözler bolsun diliñde,
Gowy bolmak öz eliñde,
Bir-biregi ynjytmalyñ!.

Ähli gussa içden dömýär,
Boş kineler ömri kemýär,
Göwün synsa ynam sönýär,
Bir-biregi ynjytmalyñ!!!

Awtory:Baýram Bejidow
12
97
BaýramBejidow
06.10.2022 07:26
Her başlanyñ bir mynasyp,
Gutar diýip öwretdiler.
Bu durmuşy ýeñjek bolma,
Utar diýip öwretdiler.

Kä bagtdan aşlan bolup,
Eñremegin puşman bolup,
Dönük hergiz duşman bolup,
Satar diýip öwretdiler.

Oturmasa özgä synyñ,
Giñje bolsun gahar gynyñ,
Bu bir durmuş her bir kynyñ,
Öter diýip öwretdiler.

Oýny kändir ýalan panyñ,
Kä sowa:r, kä gyzar ganyñ,
Gomalaýsañ şöhrat-şanyñ,
Ýiter diýip öwretdiler.

A:gy saýlap garañ ýerne,
Ýamandan daş gezip herne,
Bir syrdaşyñ, bitin ömre,
Ýeter diýip öwretdiler.

Sabyrsyzlyk döräp sende,
Näsaglyk bolmasyn tende,
Şükürsizlik ölümden-de,
Beter diýip öwretdiler.

Awtory:Baýram Bejidow
17
65
BaýramBejidow
BaýramBejidow
05.10.2022 21:09
Geliñ söz baýlygmyzy barlalyñ! Islendik bir harpdan başlaýan jemi on sany sözden az bolmadyk sözlerden bir sözlem düzüp göreliñ. Sözlem hökman bir many añlatmaly. Meselem: Didar Dürli Daýzañ Diwaryny
BaýramBejidow
05.10.2022 07:09
Ertir gowy gün bolar, ynanýan şoña,
Ynanman näme, ynam bar oña,
Ynam dar ýöne, giñedi ýalan,
Kemeldi ynsap, gysgaldy akyl,
Pikirler harsal, Gepleri nakyl,
Topragyñ asty-dy mekany köküñ,
Olam daşynda..., ertir gowy bolar,
Ynanýan men-ä, ynanjak ýene,
Ynamsyz durmuşda many barmy nä?,
Deñeşdirip gör, göreşdirip gör,
Aklyñam azan, teniñ halas däl,
Şekliñem azan, ynam halasgär,
Ýürekler sowuk, ýüzlerem soluk,
Biziñem elimiz manat owkalar,
Hökman gowy bolar, ynan senem dost,
Bu günden ertiriñ, belki gowy bolar,
Üýtgär pikiriñ, ýüzüñ ýylgyrar,
Üýtgedip otyrma meñzeş günleri,
Ynsanlar erbet ýeke sen gowy,
Ýekeözüñ gowy, oñarsañ şony...

Awtory: Baýram Bejidow

14
78
BaýramBejidow
04.10.2022 21:13
Akmaklygmy boýun aljak,
Akyl satyp gezip ýörün,
Her kapýamy ,,şygyr" ýaly,
,,Goşgy" diýip düzüp ýörün.

Sözünden dönse syrdaşlam,
Unutjak bolup dyrjaşdym.
Manysy öçen durmuşdan,
Umydymy üzüp ýörün.

Hile salman gezdim serme,
Bagty saýlap puluñ ýerne,
Boş hyýalda ýaşap, herne,
Arzuwlarda ýüzüp ýörün.

Pikirleriñ rastyn agtap
Päk niýete bagrym oýkap,
Ýalanlara başym ýaýkap,
Dogrulygy süzüp ýörün.

Kineleri içe salyp,
Gussalaryñ heñin çalyp,
Kä döwürden yza galyp,
Kä döwürden ozup ýörün.

Akmaklygmy boýun aljak,
Akyl satyp gezip ýörün.
Öte sadalygym bilen,
Öz-özümi ezip ýörün...

Awtory:Baýram Bejidow
15
85
BaýramBejidow
04.10.2022 00:00
Asman zemin arasynda,
Bialaçja g:aldykmy ýa,
Bagtyñ beren almytyny,
Birmahallar aldykmy ýa?!.

Köñülleñ sowuldy ýazy,
Köp isläp, gazandyk azy,
,,Söýgi" diýlen ajap sazy,
Höwes üçin çaldykmy ýa?!.

Kalp ýumşak, sesler gaty,
Tasap barýar ykbal aty,
,,Ynam" atly garamaty,
Köki bilen ýoldukmy ýa?!.

Bagş edip dünýe maly,
Gazananmyz bir gum ýaly,
Ömür geçýär salgym ýaly,
Dag diýenmiz çöllükmi ýa?!.

Käte galyp kä ýykylyp,
Sülleren gül deýin solup,
Geçmişi unutjak bolup,
Diri halda öldükmi ýa?!...

Awtory:Baýram Bejidow
15
94