Akmaklygmy boýun aljak,
Akyl satyp gezip ýörün,
Her kapýamy ,,şygyr" ýaly,
,,Goşgy" diýip düzüp ýörün.
Sözünden dönse syrdaşlam,
Unutjak bolup dyrjaşdym.
Manysy öçen durmuşdan,
Umydymy üzüp ýörün.
Hile salman gezdim serme,
Bagty saýlap puluñ ýerne,
Boş hyýalda ýaşap, herne,
Arzuwlarda ýüzüp ýörün.
Pikirleriñ rastyn agtap
Päk niýete bagrym oýkap,
Ýalanlara başym ýaýkap,
Dogrulygy süzüp ýörün.
Kineleri içe salyp,
Gussalaryñ heñin çalyp,
Kä döwürden yza galyp,
Kä döwürden ozup ýörün.
Akmaklygmy boýun aljak,
Akyl satyp gezip ýörün.
Öte sadalygym bilen,
Öz-özümi ezip ýörün...
Awtory:Baýram Bejidow