Uran deý depämden äpet ýyldyrym,
Kinelem düzlüp dur, gussalam hatar,
Deñimden geçseñiz töwir galdyryñ,
Içimde öñ ýaşan ölüler ýatyr.
Bagtymdyr öýdenim dert bolup çykdy,
Söz bilen salynýar bitmejek ýara,
Gursagmy çüýretdi içe salanlam,
Dogrulyk tapmadym daşyma garap.
Maña akyl beriñ, diñläýin menem,
Hötjet men, şonda-da diñlejek a:rman,
Ýöne bir haýyşym, ýakynsyraşyp,
Bitmedik ýaramy täzeden dörmäñ.
Armañ bahyllarym, tijeniñ ýene,
Ýykylyp ýatmaryn galaryn bir gün,
Bagtymy büredip şatlykly heñe,
Menem çyn ýürekden gülerin bir gün.
Ak atyñ ýok bolsa, bakýalar kisä,
Gussadan ölüpdir, seýislän atym,
Deñimden geçseñiz imanyn diläñ,
Kalbymda öñ ýaşan ölüler ýatyr...
Awtory: Baýram Bejidow