BaýramBejidow
09.10.2022 21:47
Sen meñ dünýäm, hem zeminim, asmanym,
Ýeke wagtym hossarym sen höwrüm sen,
Göwnüme degeñok, sussum basañok,
Ýanymda sen, şatlyk, kynlyk döwrümde.

Meñ gözümden gözleriñi aýyrman,
Gussamy, şatlygmy paýlaşyp bilýäñ,
Kejir men, hötjet men a sen şonda-da,
Duýgylarym bilen taýlaşyp bilýäñ.

Galam-kagyzymdan öñe geçdiñ sen,
Indi saña ýazýan içden gelenim,
Belki göwnüñe-de degýän käteler,
Gepläñok, ynjanyñ nädip bileýin.

Sesiñ bilen oýanýan her säherde,
Giç galañok, şeýle wagtyña jür sen,
Şükür bilen örüp her bir säherde,
Ynç alýaryn seniñ ýüzüñi görsem.

Durmuşyma ornaşan deý bakylyk,
Ikilik etmediñ, armadyñ menden,
Saña duşupdyryn şondan bäri hem,
Hiç hili ýamanlyk görmedim senden.

Dost sen, kyn günümde tekgelik bolan,
Sen hakynda ýazaryn men, ýene soñ,
Häzirlikçe şeýle öwgüli söze.
Diñe sen mynasyp eziz TELEFON!.

Awtory: Baýram Bejidow
16
121
zolushka
9 Oktýabr 2022
Öňem bir çagadan "Sen ulalaňda kim bolmak isleýäň?". diýip sorapdyr. Şonda çaga " Men ulalamda telefon boljak. Sebäbi hemme telefony gowy görýär. Telefona seredip ýylgyrýar. Hemişe ýanynda göterýär. Hiç wagt telefony undanoklar" diýip jogap berýär😔👍
BaýramBejidow
9 Oktýabr 2022
angelinka, salam hawa
AlphaProxima
9 Oktýabr 2022
Garaşylmadyk soñ..
angelinka
9 Oktýabr 2022
Salam sz gosgy duzyanizmiya
Perishdejik
9 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻🤭
Myhman Myhman
9 Oktýabr 2022
Telefony dünýä degemek täsin.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.