BaýramBejidow
13.11.2022 16:13
Odun ýygdym petde-petde,
Ölsem, başujymda goýuñ!,
Bagtymy epläp, ütükläp,
Getirip huşumda goýuñ!.

Eredip köñülde gary,
Kalbymda ýaksam çyragy,
Size ýetäýse azary,
Derdimi duşumda goýuñ!.

S:yrylsa ýüzünden perde,
Durýan az, gidere ýer kän,
Umyt kän, ynamsyz ertäm,
Serimi başymda goýuñ!.

Çykdym, telbe ýok düzde-de,
Bakdym, mähir az ýüzde-de,
Ähli zady hoş sözde däl,
Käteler aşymda goýuñ!.

Çañ sesi ýaly baýguşlañ,
Irizdi eden ýalñyşlam,
Gepimi etmäñ, ýalñyşsam,
Gözümde-gaşymda goýuñ!.

Garalar kän, gözläp a:gyn,
Guratsam, arzuwly bagym,
Howasyz dem alan çagym,
Duýgymy döşümde goýuñ!...

Baýram Bejidow
25
88
BaýramBejidow
13.11.2022 08:26
Salam hormatly agzalar geliñ sorag barada pikir alyşalyñ!

Siziñ pikiriñizçe seniñ bgtly bolmagyñ üçin gerek zat?

89
672
BaýramBejidow
12.11.2022 20:20
Gara zähmet bilen ak derim derläp,
Señseläp gezsemem juwan ýaşymda,
Ähli berenlerñe minnetdar ykbal,
Köp zada düşündim ýigrimbäşimde.

Erksiz beýniler jesetli kepen,
Pälinden taparmyş duzuny depen,
Maña janyn dözjek bir ejem eken,
Köp zada düşündim ýigrimbäşimde.

Amanat jan eken, ýalançy pany,
Kimseler zibilden gözleýär nany,
Kineli ýüzlerden tapmadym many,
Köp zada düşündim ýigrimbäşimde.

Ýalñyşym aýtsalar duşmandyr öýdüp,
Ýürekdeş dostlarmy ýitirdim şeýdip,
Içime sygmanyn goşgymda aýdyp,
Köp zada düşündim ýigrimbäşimde.

Indi käte-käte dilimi dişläp,
Özüm öz ýanymdan göwnümi hoşlap,
Geçmişi unudyp, täzeden başlap,
Köp zada düşündim ýigrimbäşimde.

Awtory: Baýram Bejidow
29
90
BaýramBejidow
12.11.2022 00:45
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Umyt beren geljek üçin.
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Gadyrymy biljek üçin.

Durmyş däl ahyr oýunjak,
Ýene mähire çoýunjak,
Ýürek urmasyn goýynça,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Durmuş meni gysýar neçin,
Sähelçejik gussam üçin,
Iñ bolmanda ejem üçin,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Borjum haklap, uýup dine,
Kömegimi berip ile,
Ýürekde saklaman kine,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Ýaralanmaz epen dyzym
Bir gün geçer diýip kynym,
Gözine basyp bahylyñ,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Haramlyk bolmasyn emim,
Halaldan alynsyn demim,
Düzedip bolanja kemim,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Daşyñda egriden doly,
Saýlanyñda dogry ýoly,
Ýagşyda ýatlanar ýaly,
Men biraz ýaşasym gelýär!...

Ýaş başym bar, köñül duman,
Şu günim çak, ertir güman,
Ýakynlarma diläp aman,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Awtory: Baýram Bejidow
30
107
BaýramBejidow
11.11.2022 18:45
Ýanylsa-da azda-kände ömirde,
Onda bir dowzahda ýanmaly bolmañ!
Bu ýürekler etden ahyr, demir däl,
Dogany ý:at ýaly sanmaly bolmañ!.

Kalp çuñlyk, doldyrara guýy däl,
Jahyl beýniñ ýetmezi kän, goýy däl,
Her sesine bat berenler aýy däl,
Akyly añsyzdan añmaly bolmañ!.

Haýra tarap çenelende gülleler,
Aryk ýatar, zeýkeş bolar çilleler,
Kim bilip dur, haçan dolar pilleler,
Herne halal ýoldan dönmeli bolmañ!

Awtory: Baýram Bejidow

27
84
BaýramBejidow
11.11.2022 08:56
Sen hiç haçan Öýkeleme!,
Dem gelýärkä öýkeniñe,
Haçana çen içiñ ýakjak,
Şer agtaryp süýkenene.

Sen hiç haçan gussalanma,
Üns berme gussalarña,
Bahylyñ her gün garaşar,
Bir gün gül kimin solarña.

Sen hiç haçan ,, ýalñyz" diýme,
Ejizleseñ artar kine,
Durmuşa şelaýyn ýylgyr,
Güneşe maýyldyr şine.

Sen hiç haçan kejir bolma,
Büdreder südürli ýollar,
Ýakynlarña mähirli bol,
Hossar däl manat ýa dollar.

Mäkäm tutup maksadyñy,
Ýaşaber bolşuna görä,
Täleý saña ynsan däl-dä,
Çözenok tanşyña görä...

Awtory: Baýram Bejidow
32
100
BaýramBejidow
10.11.2022 22:32
Seýilgähiñ içi, arassa howa,
Ot:yrdym baglary bir çetden synlap,
Tyrkyldy sesine ünsim bölündi,
Gañryldym, nätanyş geldi ýakynlap.

Üstüme ýöränin etmedim aýyp,
Nädip aýyp etjek, görmeýän eken,
Gözleri görmekden galan juwan gyz,
Oturara ýeri gözleýän eken.

Kömek berdim derhal oturmaklyga,
Söhbet açdym ondan-mundan gep tapyp,
Sözler bilen derdine em añtardym,
Ýarym göwnüñ ýarasyna nep tapyp.

Gürrüñ berdi ,, Eger gözlerim görse,
Ençe-ençe gowylyklar ederdim..."
Hamala özi hem duýmaýan ýaly,
Çykalgasy ýoklygyny bu derdiñ.

Durmuşa höwesli bakýardy ol gyz,
Geljegiñ añyrsy görülen ýaly,
Dünýäniñ hyjuwy oña berilip,
Maña bir dänesi berilen ýaly.

Gürriñi gowulyk, päklik niýeti,
Durmuşa umydy sönmeýär eken,
Körler bilýän bolsa dünýäñ gowlugyn,
Aslynda meñ gözüm görmeýän eken...

Awtory: Baýram Bejidow
27
86
BaýramBejidow
10.11.2022 12:06
Karary tapmady teşne ýüregim,
Bilmedim ne halda düşüpdim yşga,
Üýtgeşik sen ähli adatylykdan,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.

Sen sebäpsiñ şatlygyma, gülkime,
Arzuwlarmy wysal etjek perişdäm,
Adyñ bilen umyt tapyp ertire,
Seniñ mähriñ hyjuw berýär her işde.

Gam-gussamy zyñyp alys, owarra,
Gözleriñden em tapyndym ýüregme,
Gursagyma howa ýaly gerek sen,
Onsañ nädip özge dursyn dergñe.

Duşmagyñ geñ, şunça gyzlañ içinde,
Jadylandym, elimde öz erkim däl,
Meni bütin ömür ezizläp biljek,
Bir señ özüñ herkim däl.

Bagtyñ damjalary öwrülse köle,
Söýgüniñ ölçegi dälmişin ýaşda,
Adyña meñzeşi taparyn ýöne,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.

Awtory: Baýram Bejidow
18
73
BaýramBejidow
10.11.2022 00:37
Men seni şeýle bir söýýän ezizim,
Sensiñ meniñ gül ömrimiñ bezegi,
Saña bolan bu söýgimiñ agramyn,
Ölçäp bilmez, daş göteren terezi.

Seni söýdim, dünýäm has hem giñedi,
Baldagyny pyntyklatdy päk bagtym,
Umyt berdiñ geljegime tekgelik,
Gussalansam hem-de ýeketäk wagtym.

Yşk derdime derman bolup dogan sen,
Senden başga em tapmadym derdime,
Gabanma sen, bu kalbymda bir sen bar,
Ýürek ýeke paýlap bilmen her kime.

Saña ýetmek meniñ uly arzuwym,
Uly geljek,bir wepaly ýar diýip,
Sebäbim sen, gezmegime dikgerip,
Ýaşap ýörin ýekeje sen bar diýip...

Awtory: Baýram Bejidow

32
106
BaýramBejidow
09.11.2022 10:55
Umuman, köp zada ýañrap durjak däl,
Ýöne bilenjämi paýlaşsam gerek,
Köpeldi özüni dag saýýan urpak,
Şu günde mazaly ýaýlaşsam gerek.

Şahyra gerek zat. (Meniñ pikirim),
Asyl-ha imany, soñra päk ýürek,
Köplerde ýok ýürek, ilde az ýürek,
Şygryna gabarlyp, ýatmana derek,
Il- günüñ ugrynda bolsa janserek,
Bir parçajyk gussa, şatlygam gerek,
Gerek ähli zadyñ has kämilleri,
Bagryna sormaly, ak, tämizleri,
Ýadyñdan çykarma, kämil ynsanda,
Esasy ýürekdir, iñ tämiz ýeri.

Halaldan akmaly mañlaýnyñ deri,
Özüni ýeñmeli ilkinji bilen,
Nebisiñ, ynsabyñ çatrygna gelip,
Beýikmiş özüniñ nebsini ýeñen.
Parhy ýok agamy, daýymy, ýegen,
Ol hemme ynsana deñ garamaly,
Akylyñ ölçenmez agramyñ bilen.
Agyr bol, ýeñil bol, pil bol ile nä,
Agram düşeninde, aýan biline,
,Sepi açylmasa bes bolar!" diýmäñ,
Bu ömre güwä ýok, zat ýok hiliñe.

Hemem sygyp bilse gazan hinine,
Alla uýýan bolsa, uýsa dinine,
Bürenip ahlaga, ýalan sözlemän,
Hemem daýanmasa şahyr çinine,
Öñki ötüp-geçen beýikler ýaly,
Ägirtligi salgy berse iline,
Garañky gijede şem bolup biljek,
Şolaryñ öñünde sem bolup biljek!...

Bu günki gün, hat ýazmany öwrenen,
Öwünýär özüne ,,şahyr men!" Diýip,
Tiz geçýän döwüre uýgynan dostym,
,,Men" diýmek peslikdir, beýgel ,,sen" diýip.

Häzir ýazýan şygyrlarmyzy okap,
Baha beräýsedi, Kerim halypa,
Köpümizi bir çukyra gapgaryp,
Daşyny kebşirläp, salyp galyba,
Gömerdi ömürlik çykylmaz ýaly,
Duýgyñy duýuşan ägirt poeziýa,
Bizi göreninde bukulmaz ýaly.

Il içinde dogry diýer özüne,
Aýdylanda kemçiligni bilmedik,
Biz-ä boýnumyzy sallap otyrdyk,
Ýalñyş... boýun aldyk, biz-ä ölmedik,
Ägirtleñ şygryndan bihabar biri,
Biri kitap gatyn açyp görmedik,
Akyl satýar, haltasy hem on manat,
Bolmasa mugtdy akyl owallar,
Iş düşse sorajak, köýnek, don, halat,
,,Hany nirelerde ynsabyñ ynsan?"
Diýip ýüzlenäýseñ seniñki galat,
Seniñki ýalan.

Wagt saýlar, kim güýçli, ejizi kim,
Emma ömrüñizden gädiler dostlam!,
Isle ,,bahyl" diýiñ, diý içigara,
Haçan Haka sary ädiler dostlam?!,
Gynanýan men, çyn şahyrlar azalyp,
Köpelýär siz ýaly kädiler dostlam!!!...

Awtory: Baýram Bejidow

21
104