BaýramBejidow
12.11.2022 00:45
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Umyt beren geljek üçin.
Men biraz ýaşasym gelýär!,
Gadyrymy biljek üçin.

Durmyş däl ahyr oýunjak,
Ýene mähire çoýunjak,
Ýürek urmasyn goýynça,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Durmuş meni gysýar neçin,
Sähelçejik gussam üçin,
Iñ bolmanda ejem üçin,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Borjum haklap, uýup dine,
Kömegimi berip ile,
Ýürekde saklaman kine,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Ýaralanmaz epen dyzym
Bir gün geçer diýip kynym,
Gözine basyp bahylyñ,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Haramlyk bolmasyn emim,
Halaldan alynsyn demim,
Düzedip bolanja kemim,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Daşyñda egriden doly,
Saýlanyñda dogry ýoly,
Ýagşyda ýatlanar ýaly,
Men biraz ýaşasym gelýär!...

Ýaş başym bar, köñül duman,
Şu günim çak, ertir güman,
Ýakynlarma diläp aman,
Men biraz ýaşasym gelýär!.

Awtory: Baýram Bejidow
30
107
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Yasan!!Umytdan dusman.Durmus surprizlerde doooly
Myhman Myhman
12 Noýabr 2022
Meñä ýaşasym gelenok ýaşym kiçi intek şondada ýaşaýyşdan doýdum 😔😔
.g.jahan
12 Noýabr 2022
Ÿaşamagy maslahat berÿän diñe ÿaşañ 💛👍
ebru
12 Noýabr 2022
Gaty gowyyy bolupdyr❤
Selwi
12 Noýabr 2022
Gun tizirak dogsady menin yurek agrymy almana
Selwi
12 Noýabr 2022
Yaralanmaz epen dyzym Bir gum gecer diyip kynym
atakulyyewa_humay
12 Noýabr 2022
Borjun haklap, uýup dine, Kömegimi berip ile...👍👏👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.