Umuman, köp zada ýañrap durjak däl,
Ýöne bilenjämi paýlaşsam gerek,
Köpeldi özüni dag saýýan urpak,
Şu günde mazaly ýaýlaşsam gerek.
Şahyra gerek zat. (Meniñ pikirim),
Asyl-ha imany, soñra päk ýürek,
Köplerde ýok ýürek, ilde az ýürek,
Şygryna gabarlyp, ýatmana derek,
Il- günüñ ugrynda bolsa janserek,
Bir parçajyk gussa, şatlygam gerek,
Gerek ähli zadyñ has kämilleri,
Bagryna sormaly, ak, tämizleri,
Ýadyñdan çykarma, kämil ynsanda,
Esasy ýürekdir, iñ tämiz ýeri.
Halaldan akmaly mañlaýnyñ deri,
Özüni ýeñmeli ilkinji bilen,
Nebisiñ, ynsabyñ çatrygna gelip,
Beýikmiş özüniñ nebsini ýeñen.
Parhy ýok agamy, daýymy, ýegen,
Ol hemme ynsana deñ garamaly,
Akylyñ ölçenmez agramyñ bilen.
Agyr bol, ýeñil bol, pil bol ile nä,
Agram düşeninde, aýan biline,
,Sepi açylmasa bes bolar!" diýmäñ,
Bu ömre güwä ýok, zat ýok hiliñe.
Hemem sygyp bilse gazan hinine,
Alla uýýan bolsa, uýsa dinine,
Bürenip ahlaga, ýalan sözlemän,
Hemem daýanmasa şahyr çinine,
Öñki ötüp-geçen beýikler ýaly,
Ägirtligi salgy berse iline,
Garañky gijede şem bolup biljek,
Şolaryñ öñünde sem bolup biljek!...
Bu günki gün, hat ýazmany öwrenen,
Öwünýär özüne ,,şahyr men!" Diýip,
Tiz geçýän döwüre uýgynan dostym,
,,Men" diýmek peslikdir, beýgel ,,sen" diýip.
Häzir ýazýan şygyrlarmyzy okap,
Baha beräýsedi, Kerim halypa,
Köpümizi bir çukyra gapgaryp,
Daşyny kebşirläp, salyp galyba,
Gömerdi ömürlik çykylmaz ýaly,
Duýgyñy duýuşan ägirt poeziýa,
Bizi göreninde bukulmaz ýaly.
Il içinde dogry diýer özüne,
Aýdylanda kemçiligni bilmedik,
Biz-ä boýnumyzy sallap otyrdyk,
Ýalñyş... boýun aldyk, biz-ä ölmedik,
Ägirtleñ şygryndan bihabar biri,
Biri kitap gatyn açyp görmedik,
Akyl satýar, haltasy hem on manat,
Bolmasa mugtdy akyl owallar,
Iş düşse sorajak, köýnek, don, halat,
,,Hany nirelerde ynsabyñ ynsan?"
Diýip ýüzlenäýseñ seniñki galat,
Seniñki ýalan.
Wagt saýlar, kim güýçli, ejizi kim,
Emma ömrüñizden gädiler dostlam!,
Isle ,,bahyl" diýiñ, diý içigara,
Haçan Haka sary ädiler dostlam?!,
Gynanýan men, çyn şahyrlar azalyp,
Köpelýär siz ýaly kädiler dostlam!!!...
Awtory: Baýram Bejidow