Karary tapmady teşne ýüregim,
Bilmedim ne halda düşüpdim yşga,
Üýtgeşik sen ähli adatylykdan,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.
Sen sebäpsiñ şatlygyma, gülkime,
Arzuwlarmy wysal etjek perişdäm,
Adyñ bilen umyt tapyp ertire,
Seniñ mähriñ hyjuw berýär her işde.
Gam-gussamy zyñyp alys, owarra,
Gözleriñden em tapyndym ýüregme,
Gursagyma howa ýaly gerek sen,
Onsañ nädip özge dursyn dergñe.
Duşmagyñ geñ, şunça gyzlañ içinde,
Jadylandym, elimde öz erkim däl,
Meni bütin ömür ezizläp biljek,
Bir señ özüñ herkim däl.
Bagtyñ damjalary öwrülse köle,
Söýgüniñ ölçegi dälmişin ýaşda,
Adyña meñzeşi taparyn ýöne,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.
Awtory: Baýram Bejidow