Arslan_Alaýew
13.08.2024 22:38
"Söýen ýigdim indi kyýamatlyk doganym"



1-nji bölümi...



Bu waka 4-5 ýyllykda-da bolypdy.

Ol wagtlar pagta ýygymynyň iň gyzgalaňly wagtydy.

Menem ähli joralarym bilen Sadap gelnejäň gyz gelinlerden düzülen toparyna goşylyp Şa-mülki diýen ýere pagta ýygmaga gitdik

Şa-mülkde pagta ýygyp, goşmaça sowgatlar hem ýygan pagtamyzyň daşyndan alýardyk....

Maýa bu söýgi wakasyn aýdyp başlanda geçmişe ser salyp aralygynda dymýardy.

Onyň sesini çykarman dymmasy ýaşlyk döwrüniň keýijek ýaly bökjekläp, gyzdyr, oglanlar bilen degşip gülşäýjek wagtlarny ýagny ýaşlyk ýyllarny ýada salyp durýan ýalydy

Maýa öňinde duran nabatly çaýyny owurtlap gürrüňe başlady...



Biz Sadap gelneje bilen öwrenişdik, ýyllyň 12 aýynda hem pagta ýygsadyk diýýardik sebabi elimiz pullyjady, ýygan pagtamyzyň pulyny agşamlyk çekimden soň gapan başynda berýardi. Her on günden goşmaça sowgat hem bardy.

Oda bizi ýene ýaryşyp pagta ýygmagymyza kömek berýan ýalydy. Gaty gymmat baha bolmasada, ol sowgatlar toparyň gyz gelinlerini begendirmäge ýetýardi

Biziň pagta ýygýan kärende ýermiziň kärendeçiniň ogly bardy Yhlas diýip, gaşyny kakyp baran günümden hiç gün bermedi, ahyr bir gün ol

-Maýa saklan bir zat aýtjak diýdi

-aýdyber, näme boldy, ýygan pagtamy haparak ýygýanmy ýa

-Aý ýok ol barada däl

-onda näme barada

-o neme seni ilki göremde haladym, söýýan yigdi yok diýdiler joralaryň, belki pikirlenip görersiň diýdi

Menem

-ýokla berilmejek ýerimi bilip bir ýigdi aldap bilmen, diýdim

Oda utylsam hem sen ýaly gyzdan utylanym hiç, maňlaýymdan görýärin diýdi ’

-bilemok, maňa wagt gerek, edil häzirä jogap yok, diýip pagtamy haýdap ýygyp başladym

Ikimiziň bar eden gürrüňimizem şo boldy.

Şol wakadan soň Yhlas meniň her ýygan pagtaly partygym ýaltanman çekip, maňa kömekleşýardi.

Aralygynda suw getirip berýardi. Onyň meniň üstümde alada edip ýörşüni görüp, ýüregim meniň ýerinden gozgan ýaly boldy

Yhlas agyr artyk zat gürlemezdi, birem suwjuk daldi, agras sada ýigitdi

Öňler göwnüm bir ýaly pagtam ýygyp ýörsem, indi Yhlas ýanyma tiz tizden geler ýaly pagta ýygmagymy hasda çaltlaşdyranymy duýman galypdyryn. Bar syrym agşamlyk çekimde belli boldy.

Öň her gün 80 kg ýygýan halyma indi günde 100 kg-den geçmese hasap hem edemokdym.

Şeýdip her on günligiň goşmaça sowgatyn menden başga hiç kim alanokdy

Yhlas bilen aramyzda söýgi ody tutaşdy. Ol akyllydy we agşamlyk hem meniň ýanyma gelip diňe Sadap gelneje dagy bilen üýşüp gürrüň etýardik, degşip gülüşýardik ýöne bir gezek hem ýeke duşuşjak diýmeýardi

Ine şeýdip hem pagta ýygymy gutardy

Öýe gelip men Yhlas bilen diňe “Ertir komda”hat ýazyşyp başladym, ýöne ikimiz hem iliň açan mowzygy bilen hem işimiz yokdy, teswiri bilen hem. Ýüzünden basylýan telefon edinmek arzuw etyardim.

Yhlas doglan günüme pul berdi, almajak boldym, şondada özüňe telefon alaý “line”çykaly, “ertirden”tapawutly ýeri onda ýüzbe ýüz gepleşip bolýar, didaryň goresim gelse widiozwonogy bar diýip ol puly berdi

Men puly alyp edil öz diýýanim bolmasada ondan kiçiräk telefon aldym

Soň ikimiz hem “ertir komdan”çykdyk we linede hat alşyp başladyk

Günlerde bir gün Yhlas howsalaly jaň etdi

-Maýa bagyşla guşum, ejem seniň öý salgyňy soraýar

-wi o namä gerek boldy

-ejem gudaçylyga barjak diýýar

-Yhlasjan meniň heniz oglan doganym bara, gelseňizde şu wagta bermezlermikä diýýan menä

-onda men nätmeli, kakam agyr, ejem meni gyssaýar, indi men näme diýeyin

-gelip bir görsünler, galany maňlaýmyzdan görerisda

-bor Maýam

Yhlas sözinde durdy, şo gün ejesi günortandan soň gudaçylyga geldi we razy bolsaňyz derrew edinjek, öýde agyr hassam bar oglynyň toýyny bir görsün diýip, ejesi gözine ýaş aýlap dur, ýuregim gyýym gyýym boldy ýöne etjek alajym ýokdy

Öýdakiler göwneýäs, ýöne dogany öýlenmän çykarjakdäl diýip goýberdiler

Menem enem atam ýüzüne gelip bilmedim Soýen ýigdim gün geldigiçe daşlaşýan ýalydy. Şeýdip aramyz Yhlas bilen açyldy.

Ejem bir gezek görişmegime razy boldy .







Dowamy bar...
23
103
Arslan_Alaýew
13.08.2024 17:56
"Üç sany oglan dost hakynda"



Bir obanyn owlýasyna haýyr sogap diyip, pil, kerki akidip baryalar.

Ýola 1 nji oglan pikir edenlerden sorap oglanlar sul tazeje pil kerki şunda birinji kimiň gawyry gazylarkan diyip gulup sorady. Onda 2 nji oglan aý bilmedimdä diýdi ol hem güldi .

3 Oglanlar bularýaly samsyk zatlary gürleman biz bulary haýyr sogap ücin alyp baryars. TOWA DIÝIN diyip EstafurAllah diydi.

Oňa 1-nji oglan Mollasyran bolmasana diyip 1-2 oglan üstünden güldiler.

Öwlýa yetenlerinde yatan adam gaty kandi. (Ölenler) 1-2 ikinji Oglan BAÝBA dos bizewir yer galarmykan diydi biz gelyancak öwlýa doljagam biz yer belap goyaymasak diyip Uly sesleri bilen guldiler.

3 nji oglan OGLANLAR samsyk zatlary gurleyaniz bularyaly zatlar diyman her bir sozun eyesi bar Her egnimizde bir perisde otyr Towa diyin we ALLA diyin diydi .

Ay goysana diyip aydan diyen zatlarny sylamazcylyk etdiler.

Barmaly yerlerne baryp pili-kirkini goyup owlyadan cykyp baryakada yzyna seredip BÄÄ bize yer galsadyda diydi. Sol wagt sagat 11:00 dy

Gislik 1-2 dos uzak yola gitdiler.

Masyny 180 den surip baryarka masynyn ön tigiri atylyp Yolun gyrasynda duran biton stolbany kakyp 1nji oglan sol yerde jan berdi. 2-nji oglany renematsa akitdiler yatan yerinde 3 dostunyn adyny tutyp yatyr. Ona 3 nji dostuny cagyrdylar. Sonda az wagtlyk ozune gelip Sen diyenin dogry eken Onde sonda bir Alla diymeli eken diyip aglady we az wagtdan son.Jan beripdir Sol wagt sagat 15:00 dy IKI DOS BIR GUNDE YERE GOMULDI

Sol taze pil kerkide ilkinji bolup ozlernin gawyrlary gazyldy.

Her bir agzyndan cykyan sozlere uns berin her sozun oz eyesi badyr unutman!!

Her bir sozun eyesi badyr Agzyndan hayr ac.

Yagsy dileg yarym dowlet .Her egninde bir perisde otyranyn unutman.



Soňy.
23
85
Arslan_Alaýew
13.08.2024 13:51

"Wyždansyz gelin"







Bu waka 2001njy yylda gökdepe etrabynda bolon waka.

Myrat orta mekdebi tamamlap yokory okuw jayyna okuwa girdi ol maşgalada yeke ogul hemde ozunden kici gyz jigisi bar myradyn kakasy obosunda traktor suruju bolup işleya ejesi obo meķdepde mogallym bolup işleyar bulor agzibir halal maşgalalañ biridi myrat kakasynyñ ejesiniñ yhlasyny yerde goymojok bolup unsini diñe okuwa berya ol hiçbyr gyz bn gurlesenokdy ay gun oz hokumuni surup myrat 4 nji kurs bolly myrat kanikula oyune gelende oño ejesi kakasy oyerjekdiklerini aytdy halaşyanyñ bamy diyip sorodular myrat hic kim bn gurleşmeyanini aytdy soñ ejesi goñsy obosundan jorosunuñ gyzyny alyp berjekdigini aytdy myrat siz halasañyz menem razy yone okuwumy doly tamamlap soñ oylenjekdigini aytdy myradyñ ejesi kakasy goñsy oba gudoçuluga gitdi baran yerleri myradyñ ejesiniñ jorosy bolony ucin razy boldulor şeydip bulor gyza yalyk dañyp goydulor toy inniki yyl bolmolydy.şeydip myrat okuwuny tamamlap obosunda mugallym bolup işe durdy inni toyo tayynlyk gormeli.Myrat dos yarlaryny dogon garyndaslaryny çagyryp uludon toy tutdulor toy gaty hezil bolly seydip myrat bn suray suyji durmusda yasasyp ugrodular murat surayy janyndan beter gowy gorya aradan 6ay geçende myrat kakasynyñ žugulisinde surayy ejelerine gezmäne äkitya agşam gelip alyp gidern diyip ejeleriniñ koçesinde duşurup gitya.agşam myrat surayy almana gayynlaryna gelya oylerine girse surayyn ejesi hemde gyz jigileri ba bulor bn saglyk amanlyk soroşya soñ surayyn ejesi myrada myratjan yeke gelliñmi hany suray nirde gowumy olom diyip soroya myrat ör gökden gelip hiçzada düşünmeya men ony irden taşlap gitdim yokmy ol diyende gapydan suray girya ezizim gelaydiñmi menem şuwagtjyk gonsy joramlara bardym yor gidelimi diyip gaytyalar myrat yureginde byrzatlar syzya yone suraya hiçzat bildirmeya ol gowy goryadi içinden kan pikirler etya şo gije gozune uky gelmedi surayam hiczat bilmedi diyip arkayyn bolly yone myrat bilmedik bolly byr aydan soñ yenede myrat surayy ejelerine äkitya yone bu gezek myrat surayy düşürup gitmeya giden kişi bolup añyrrakda surayy yzarlap durya suray oyleriniñ gawadynda dur oyunede girenok soñ ol 3 jay añyrsyndaky oye girip gitya 1sagat bolly suray henizem çykanok myrat maşyny şo jayyñ deñine surya oyuñ daş towereginde hichili girim çykym yok howlyñ içinde mark maşyn dur seydip myrat yenede name etjegini bilman 30 min durdy soñ yuregine takat etman oye girdi daşarky gapyny yuwaşlyk bn aşdy oyuñ içindaki gapyñ içinde erkek adam bn geliniñ sesi eşdilya ol gelin myrdyñ gelnidi soñ bulory myrat 2min yaly diñlap durya bulor jyns gatnaşygyny edip sesleri uytgap urody myrat gapyny depip açya gozlerine ynananok oz gelni yalañaç byr erkegiñ aşagynda yatyr muradyñ gahary depesine çogdy gozune hiczat gornenok ol gapdaldaky kuhnya girip eline palta alyp surayy bolek bolek edip paltalayar soň dasa cykyp masynyndan halta alyp surayyn olusuni halta salyp ejelerine getirya we gyzynyñ eden işini aytya soñ myradyñ kakasy ogluna sen başyñ yaş dunyañ hozuru oñuñde men kopum geçip azym galdy saña derek men türma gideyin diyya kakasy naçe aytsada myrat diñlemedi şeydip myrat 18yyl azatlykdan mahrum edilya.



Soňy.
19
125
Arslan_Alaýew
12.08.2024 16:04
"HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY."

3- nji jemleýji bölümi...



Men on on baş  minutdan olara bardym

Aýjeren

-ol maňa söýýanligin naçe gezek aýtdy, men ilki başda ynanmadym, ýone ol iki gozime seret diýdi, menem seretdim, onuň gözlerinde söýgi ody bardy, men ony duýdym, men saňa ullakan sagbolsun aýtjak bolyp çagyrdym, men ony şeýle bir göresim gelýardi, ýone öz kemçiligim sebapli her gezek dymýardym, sen meniň gownimi ýykman, onyň bilen duşuşyga çykmaga razy boldyň, ençe surat berdiň we seniň oňa duşundirip aýtmagyň hem seniň ukubyňa bagly, ony her kişi gelişdirip sözleri jemlap aýdyp bilmezdi, sen oňa bar zady aýdaňda, ol öziniň ilki birhili bolyp soň, onyň şu ýagdaýynda azajyk ýylgyrmagyn isledim we ýalana goşyldym diýipsiň, gurlan ýalandan başlan söýgum hakykata geçaýdi, men erte agşam uçmaly biziň indiýada ýazylan oçurmyz ýetdi, kakam oňa haçandan bari garaşyp ýor, ony öň bilen bolsak öň äkiderdim diýdi, dostunyň gelni gowy bolyp gelipdir, soň meni hem oňa äkitjek diýip ýordi, indi biz gidýas, o taýda bir hepde bolyp merkezi döwük ýenjik hassahanada gelip hem ýatymlaýyn bejergi almaly diýdi, men hat ýazyp duraryn

- gowlygyn sagaman gidip gel, Allajan kolýaskaly gidip geleňde ýorap gel

- agzyňdan Allajan eştsinda

- Ämin

Aýjerenlerden çykyp, yol boýy pikire batdym, Allajan şularyň bir bagtyna badak bolaýjak sebäpleri, olaň ýolyndan aýyrmagyn diledim



3 aýdan soň



Bu gun işden gelsem, öýde Aýjeren maýyplyk arabada otyr

- waý haçan geldiňiz, gowymy gyz ýagdaýyň

- şu gun geldik, seni bu gun baş saglyk sadaka  edýas şoňa almaga geldim,

- bor, hazir bile gidäýeris, garaş diýip sumkamy öýde goýyp çykdym. Daş çyksam size ýalan maňa çyn Aýjeren ol maýyplyk arabasynyň ýanynda dik dur

- Waw, jana sen dik duryp bilýaňmi gor na tazelik, dik duryp başlan bolsaň ýorap hem başlarsyň diýdim

Ol ýylgyrdy-da

- sagbol

Men

- ýor onda mün arabaňa, sadaka gideli diýsem

- indi maňa araba gerekdal, ony saňa getirdim, hassahanada gerekli hassa bolsa beraý diýip,

- Nameeeeeeeee

- howa jorajan men indi ýöreýan, baş alty aýdan ylgarsyňam diýdi, lukmanym

- waý gowlygyn

Aýjeren maňa iki ýana çalaja ýorap gorkezdi, ýone azajyk agsaýany bildirýärdi ýone göze ilip duranokdy

- agyz gaty gowy, Allajan komek etdi

- howa dileglermiz kabul boldy

Men Aýjeren bilen olara bardyk çaý çorek iýdik

Şol wakadan gaty uzaklaşdyrman oňa guda geldi. Şol oglan üçin. Olar tiz wagtdan toý tutyp, ile gune garylyp gitdi. Goý olaryň bagty daş ýarsyn Allajan olara jan saglyk bersin

Hekaýajygy ýazmagym sebabi, ilki tanşan gunleri Aýjereniň çekýan hasratyn gorup, oňa ýuregim dözmän öz eden Işlerim iň soňynda Allajan oňlap olara bagt ýolyny  açdy. Indi olar bagtly durmyşda, öýe maşgala agzasynyň sanyn köpeltmek üçin garaşyp ýorler. Bagtly bolyň!



Soňy.
19
84
Arslan_Alaýew
12.08.2024 12:25
HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY
2 - nji bölüm

Ýolda gelýäkäm ol ýigit ondan mundan gep tapyp meni geplare goýmady soň men öňa

- size bir sorag berjek jogaplaýyň diýdim

- bolýa

- neme (wah adyn hem bilemokdym) egerde siziň gepleşen gyzyňyz maýyplyk arabasyndaky gyz bolsa, suraty hem özüniňkini dalde başga gyzyňkyny iberen bolsa, ýagny menkini beren bolsa, siz şol  gyzy halarsyňyzmy ýa suratdaky gyzy: - diýip soradym

Ol esli wagt dymyp ýoredi we meniň jogaba garaşýanym bilip

- suratdaky gyz siz, maňa berlen surat siz, ýone şol ses, sen dal bolsaň men şol telefonda gepleşen gyzymy saýlardym goý ol maýyplyk arabada bolsada sebabi men ol gyzyň hasiýetini, özini alyp barşyny haladym, bu soragy siz maňa name üçin berdiňiz

Men şony size nadip aýtjagym bilman duryn

- aýt, hakykat hakykat bolsyn, men gaty görmen, nahili bolsada men şo durşyna kabul edýan

- aýtsam, siziň gepleşen gyzyňyz men dal, ol biziň köçamizde ýaşaýan maýyp gyz, ýone adamçylygy siziň aýdyşyňyzdanda has gowy gyz, ýone durmyşda maýyplyk araba baglanaýdyda, ýone oňat bolar diýip lukmanlara aýdypdyr

- surat name

- surat menkiler, men ol gyza hiç dözmedim we surat bilen şonyň gowni azajyk hem gulýan bolsa naçe surat diýsede duşup berdim, siz meni bagyşlan, ola bir maýyp gyz siz bir  aýdaýmaly ekeniň diýmegiň mumkin, men naçe gezek aýtjak boldym size ýone hiç şol gyza dözmedim, yzam name bolsa bolarda diýip dymdym, indam ynha men name diýseň diý ýone ol gyza hiç zat diýme, ol gyz ozal hem ýarym gowun, indi bir agladaýma, hazir ol, biziň öňümizden çykar, sen ony tanamadyk bol, ol seni gormek üçin öňümizden çykýar, oda seni çyn ýurekden söýýar,

- mena name diýjegim bilemok

- ýuregiň diňle

- ýuregiň name hereket et diýse şony et

- bolýa

Azajyk egnimden bir ýük aýyrlan ýaly boldy Biz soň arkaýyn ýorap gaýtdyk, ol boýym bilen deň aýysyn goterip ondan mundan gurruň edip gelyadik.

Uly çemen bolsa meniň elimdedi

Biz öýe sowulýan köçamize sowlamyzda öňümizden gelýan maýyplyk arabadaky gyzy gorup ol çalaja üm bilen şomy diýip sorady, menem sesim çykarman başym atdym

Aýjeren biziň deňimize ýetip ýanymyzdan çalaja arabasyn sürüp geçip gitdi. Bize kan üns bermedik ýaly bolyp geçip gitdi. Birden ýanymdaky ýigit meniň elimdaki güli hem aldyda

- ýok men beýle zat edip bilmen, men ol gyzy gorman söýdim, görenimden soň, ony ýitirmek islamok, ondan gizlenmek namartlyk bolýar, ol öziniň bu ýagdaýyny menden gizlap, meni ýitirmezlik üçin edendir, onyň söýgusi ýaly söýgini hazir deňimden geçirsem hiçem beýle söýga men duş gelmen diýdide

- Aýjeren, saklan diýdi

Aýjeren durdy, ol ýanymyzdan geçip gidende eýýam, gözleri gyzaryp durdy, aglandygy bildirip durdy

- beýtme, men seni söýýan diýdi

Aýjerenden ses çykanokdy. Men saklanyp bilman, olaryň gürrüňleriniň arasyna goşyldym

-Aýjeren bu ýigdiň söýgüsine name jogap berjek diýip soradym

Ol bolsa şo aglap durdy

- aglama, sen ýeke goýmasaň menem seni ýeke goýman: - diýip ol ýigit onyň göziniň ýaşyn eli bilen supurup elindaki güli we boýym bilen deň bolyp duran ullakan aýysyn Aýjerene gowşurdy

Men bulara pasgel bermaýin diýip öýe gaýtdym

Agşamlyk Aýjeren ýene meni ýanyna çagyrdy.....

Dowamy bar...
15
57
Arslan_Alaýew
12.08.2024 09:23
"HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY."

1- nji bölümi...



Biziň ýaşaýan köçämiziň ilerki çetinde Nepes aga diýip goňşymyz bardy. Onyň meniň bilen deň duşrak gyzy bardy. Ol gyzyň ady Aýjerendi. Ol  iki üç ýyl mundan öň, ýol heläkçiligine sezewar bolypdy. Şondan bari hem maýyplyk arabasyna baglanypdy

Aýjeren özi alçajykdy, ýone ýüzi mydama gaýgylydy

Ol indi ýöräp bilmejegini doly boýnyna alypdy

Günlerde bir gun onyň ejesi öýe gelip

- gyzym işden gelen bolsaň Aýjerenjana ukol edip beraýda, ol düýnden bari düşeginden hem galanok, şol aglap ýatyrda : -diýdi

- bor gelneje hazir baraýaryn diýip ony  öýlerine ugratdym

Az wagtdan men olara ukola baramda, hakykatdanda Aýjeren aglap ýatan ekeni

- name boldy saňa

- meniň ýaşasym gelenok

- o nameüçin, name boldy beý diýer ýaly

- maňa kyn maýyplyk arabasyna baglanmak

- oňat bolarsyň, sunkler bitişmek üçin wagt gerek

- naçe wagt bir ýylmy ýa on ýyl

- az wagt

- bilmedimda

Şol barmana meniň imoma jaň geldi, men olarda imoň üstu bilen bir ýigit bilen gurleşdim, ol ýanymda biziň gepimizi diňlap otyrdy we

- Söýguliňmi

- ýoklagyz dostym

- o nahili dost,

- internet dostym

- gowlygyn meniň hem şeýle dostym bolsada

- bolar hemme zat, men seniň imoňy alaýyn we seni gruppa goşaýyn, sen ol taýdan öziňe ýakyn dost tapda gruppdan çyk, ýone söýup aldaýma iliň çagasyn

- maýyp gyz bilen  kim dost tutunsyn

- beý diýme gowy gowy oglan gyzlar içinde kop, diňe söýgi dal, dost ýaly habarlaşýanlar hem juda kan

- bolýa

Men şeý diýdim-de ony gruppa goşdym

Şol wakadan soň men olara iki üç gün ýaly ukola bardym we şonda ol özine dost, jora tapynandygny begenip guruň berdi, men onyň begenşini daşyndan synlap hem begendim hemde gynandym

Iki üç ýyllykda Iki ýana ylgap iş edip ýoren gyzyň bu gun beýle ýagdaýa duşmesi meni gynandyrdy, ol bolsa ýorasim gelýar, dostlarym goresim gelýar diýip diňe arzuw edip maňa gurruň bererdi

Günlerde bir gun Aýjeren

- öýde bolsaň bize gelip gidaý diýip jaň etdi

Men ýene ýaranokmyka diýip olara ylgap diýen ýaly barsam ol maňa

- senden bir zady haýyş etjek bir dostym boýyň göräýin,vdik duryp  surata duşup ugradaý diýip, surat soraýar welin sen surata duşup beraý şony ugratjak diýdi

Elenip ýalwaryp duranyna ýuregim etmedi we ol ýigdiň edil aýdyşy ýaly surata duşup berdim

Aýjeren begenip ony ol ýigde ugratdy

Men öýe gaýtdym

Aradan bir hepde geçip geçmankä ýene Aýjeren meni çagyryp surat sorady, ýene bu maýyp gyza dözmän surata duşup berdim

Soň soňlar hem birnaçe gezek surat duşup berdim

Günlerde bir gun ol maňa telefon nomer soraýar, seniň nomeriň beraýin diýdi, sen men bolyp gepleşip beraýda diýdi menem nomerim sypyryp onyň eline berdimde

- sen öziň arkaýyn gepleşiber diýip nomerim goýup gaýtdym

Aradan 6 aý towerek geçdi Aýjeren ol ýigdi doly derejede söýdi, ýone onyň gözine gornip biljek daldi, sebabi Aýjeren ol ýigdi söýupdi ýigit bolsa şol suratdaky gyzy, surat başga ses hem başgady

Ýene sesim çykarmadym, ýarym gowun çagaň begeneni nama degenok diýdimde dymdym

Bir ýyla golaý wagt geçdi. Indi ol ýigit hiç Aýjereni gunine goýanokdy, gorşeli toý edeli diýip

Aýjerende bolsa muň bahana bardy, ol nadip gorsun, özi maýyp gyz, surat hem başga

Bir gun soň Aýjeren maňa şol ýigdi görmegi haýyş etdi

Menem bolýa işden gaýdyşyn bile gaýdaýaryn diýip aýtdym, şonda gelýakak Aýjeren ýola çykmaly we ol ony görmelidi ýone tanatmaly daldi ....

Men ony gorjekligim Aýjerene aýdyp öýe gaýtdym

Ertesi işden çykan badyma howlyň daş ýuzinde eli gulli boýym bilen deň ullakan aýyly bir ýigde gözim kaklyşdy we men

- gelnejesiniň yzyndan uly aýysy bilen  gelaýipdir diýip içimi gepledip onyň ýandan sahel geçdim welin ol ýigit

- Aýjeren, bu senmi: - diýip sorady

- ha hm ha howa diýmamkam

- suratyň boýunça tanaýandyryn gorseň, sen bolsa şonça  surat görübem meni tanaman ýanymdan geçip gidip barýaň

- wi, üns bermandirin diýen boldym, men nadip tanayyna men onyň suratyn goremoga, Aýjeren ony maňa gorkezdam öýtýan bir iki gezek ýone kan üns bermamsoň ýada duşenokdy

-siz öýemi diýip ol ýigit dymyşlygy pozdy

- menem howa diýdim

- onda sizi öýňize çenli ugradaýyn garşy bolmasaň

- yok garşy dal





Dowamy bar...
16
66
Arslan_Alaýew
12.08.2024 06:27
ZEHINI YHLAS AÇÝAR

Okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul bolsa-da, aralarynda biri hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Mugallym ol okuwçydan hiç zada baş galdyrman oturmagynyň sebäbini sorapdyr. «Sen näme üçin boş otyrsyň? Sapagyň ahyrynda kimde nähili zehiniň bardygyny ýüze çykararys. Ýasan ýa-da ýazan zadyň muňa tutaryk, makul jogap bolar. Henizem giç däl, başla!» diýip, mugallym onuň ýüzüne bakypdyr. «Ýoldaş mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim. Menden köp zada garaşmaň» diýip, müýnli ýüzüni aşak salypdyr. «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip, mugallym okuwçysynyň ýüzüne seredipdir. «Ýeke-täk diýýäňizmi? Nädip men ýeke-täk bolýarkam?» diýip, okuwçy geňirgenipdir. «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr: ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de sen häzire çenli özüňi zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň gömükdigiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakda düýpli pikirlenmändigiňi görkezýär» diýip, mugallym okuwçysynyň başyny sypalapdyr. «Tebigaty synlaýaryn-da, bir zatlar ýazmak isleýärin. Elime galam alýaryn, ýöne sözlerimi sepläp bilmän, bu pikirimden sowaşýaryn: mende ýazmaklyga zehin ýok diýýärin. Käteler bir zatlar düzesim, ýasasym gelýär. Gerek-ýarak zatlarymy jemleýänem, ýöne başlamagyň ebeteýini tapman, ýa-da bir başlasamam, ugrugyp bilmän, ol pikirimden hem dänýärin: mende zehin bolan bolsa, ol zatlary bireýýäm bitirerdim diýýärin» diýipdir. «Düşnükli» diýip, mugallym ýylgyrypdyr we sözüni dowam edipdir – onda sen özüňde zehin ýoklugyndan zeýrenme-de, bir işe uzak dümtünip bilmeýändigiňi, sabyr-kanagatyň azdygyny boýnuňa al. Ukyp-zehin gymmatbaha göwherler ýalydyr. Göwher daşlaryny gazanmak isleseň hem ýa daglary köwlemeli, ýa-da çuň deňizleriň düýbüne çümmeli bolýar. Zehini ýüze çykarmagyň ýoly hem hut şeýle – öz üstüňde köp işlemeli. Yhlas etmeli, ýöne ýaltanmaly däl. Dyrjaşmaly, hergiz yza dönmeli däl. Arzuwlaryňa wepaly bolmaly, sähel müşgillik ýüze çyksa, ondan ýüz öwürmeli däl. Bir zada höwesiň barmy, diýmek, şol zada zehiniň hem bardyr. Sebäbi zehin seni şol işi bitirmeklige iterip durýar. Onsoňam, az bolsun – uz bolsun, her eden işiňi kämil ýerine ýetir. Ýalňyş ýolda keýik deýin çapanyňdan, dogry ýolda pyşdyl ýaly ýöräp, öňe ilerlemek has dogrusydyr» diýipdir. Mugallymyň bu sözleri okuwçysyna ýagşy ugrukdyryjy bolupdyr. Ol dessine öz halaýan işini – zehiniň höwes arkaly salgy berýän işini bitirmäge girişipdir.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.
15
36
Arslan_Alaýew
11.08.2024 17:49
Esger
Wýetnam söweşinden soň bir amerikan esgeri öýüne gaýdyp barmanka maşgalasyna jañ edýär.
“Eziz ejem we kakam. Öýe gaýdyp barmakçy bolyaryn ýöne sizden bir zat soramakçy ýagny Bir dostumy ýanym bilen alyp gaýtmak isleýärin. "Elbetde, oglum" diýip, maşgalasy aýdýar, "yöne bilmeli bir zadyňyz bar. Uruşda dostum agyr ýaralandy. Partlama netijesinde elini we aýagyny ýitirdi. Hiç kimi ýok. Men ony ýeke goýup bilemok Onuň hem biziň bilen ýaşamagyny isleýärin. Siz muña nähili garaýarsynyz?"
“Oglum, bu gaty gynandyryjy ýagdaý. Biz oňa hakykatdanam gynanýarys. Ýöne onuň ýaşamagy üçin başga ýer tapyp bilmediňmi? "
" ÝOk! Onuň gitmäge başga ýeri ýok. Onuň biziň bilen galmagyny isleýärin" 

"Ýöne oglum, sen bizden gaty agyr ýüki çekmegimizi isleýärsiň. Onuň ýaly maýyp adam bize gaty agyr ýük bolar. Biziñ öz durmuşymyz hem gaty kyn. Oňa nädip ideg etmeli? Şol dostuñ üçin biziñ edip biljek zadymyz ýok. Sen bagtymyza, sag-aman öýe dolansañ bolýar. Bu bize ýeterlik.” Soňra telefon birden kesilýär we “ Dıt dıt dıt” sesi eşidilýär.
Bu maşgala çagalaryndan gaýdyp habar alyp  bilmeýär.
Bir gün, günortan telefona jaň gelýär. Gelen jañda ogullarynyñ öz janyna kast edendigini aýtýarlar.
Bular morga oglunyñ jesedini görmek üçin baranda, oglunyň eliniň we aýagynyň ýokdugyny görýärler ...
21
122
Arslan_Alaýew
11.08.2024 14:33
ZIKIR

Dini düşünjelerden, käbir çeşmelerden, ene-mamalarmyzyñ gürrüñlerinden bilişimize görä, ýaramaz ruhlary kowup, ruhy hassalygy bejermek üçin "huw hak" diyip seslenip ilki egilip ýõräp, soñ aýaklaryny tarpyldadyp, Allany ýatlap ylahy sõzleri gaýtalap "Ylahy Omyn-eý " diýip başlanýan zikir çekmek küşt depdiniñ has irki gõrnüşidigini bilmeýanimiz az-azdyr. Zikir çekmek ýaramaz ruhlara garşy okalýan doga hõküminde kabul edilipdir.
"Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlüginde"
"zäkir" sõzüniñ arap sõzi bolup "ýada salyjy, Hudaýyñ atlaryny gaýtalaýjy, hereket ediji" diýmekdigi bellenilýär.
Rowaýatda aýdyşlaryna görä: "biziñ eramyzdan alty asyr õñ ýaşap geçen Zekerýa pygamberi şeýtanyñ aldamagy sebäpli duşmandan gaçyp, agajyñ kõweginde gizlenipdir, şonda pygamberi jezalandyrmak üçin ol agajy byçgy bilen kesipdirler. Agaç bilen bilelikde Zekerýa pygamberiñ hem başyndan kesipdirler. Pygamber jan bereninde zikri-rahman edip, Allanyñ atlaryny tutup hiñlenýan ýaly owazlanyp jan beripdir." Küştdepdiniñ döreýşi, aýdylyşy baradaky gyzykly maglumatlary enemiñ manyly gürrüñlerinden diñlemek has ýakymlydy. Hut şuña meñzeş rowaýaty enem (Tuwakgül) ir wagt gürrüñ bereninde pygamberiñ (r.a) yanynda şol wakany synlap duran ýaly, gyýylyp diñlänim ýadymda galypdyr.

Hezreti Magtymgulynyñ keramatly, hazynaýy hikmetli, dogaýy setirlerinde gabat gelmek bilen rowaýatyñ añyrsynda nähili-de bolsa bir hakykatyñ bardygyna ynanmyñ artýar:

Ol Zekeriýa pygamber kim Tañrynyñ Zäkir guly,
*Erre goýdy başyga ol zikri-rahman eýledi.

"Babarõwşen" dessanynda:

Kapyr erreledi ol Zekerýany,
Saña gelip kimniñ gõwni şat oldy.

diýip tekrarlanyp geçilýar.
Küştdepdiniñ asly Zekerýa pygamberiñ hormatyna zikir atlandyrylyp yslam edebiýatynda türkmen halkynyñ Zekeriýa pygambere goýan sarpasyndan hasyl bolanyny çeşmeler habar berýar.
Deñiz ýakasynda ýaşan türkmenler oglanlary deñize awa gidenlerinde yzynda galýan hossarlary eneleri, uýalary, atalary olaryñ uç gyraksyz, haçan tupan turjagy näbelli bolan, çaýkanyp ýatan mawy dünýäden balalarynyñ, agalarynyñ, sõwer ýarlarynyñ sag-aman ojaklaryna dolanyp gelmegini Beýik Ýaradandan zikir çekmek, gazal aýtmak bilen towakga edipdirler. Ellerini asmana galdyryp aman diläpdirler. Howply ýolçulykdan aman dolanyp gelen deñizcileriñ gaýdyp gelen wagty bolsa oba bolup garşylap, şatlykly küşt depipdirler, şükürli zikirler bilen senalapdyrlar.
Eýse bu wagtky ýaly tehnalogiýalaryñ ýok dõwründe, telefon ýaly habarlaşyjy serişdeleriñ yok, ýerinde perzendini howply ýola ugradan ene nädip õýde ynjalyk tapardy. Gõzüniñ nury arkadaýanjy agasyny, doganyny, ýüreginiñ karary sõwer ýaryny gaýdyp geljegi gelmejegi gumana ýola ugradan naçar Alladan zikir etmekden başga näme bilen ýüregini rahatlandyryp bilerdi?! Ak umytlara beslenip çekilen gazallardan soñ şikardan gaýdyp gelenleriñ şükranasyna şatlanyp oýnalan tansy, aýdylan gõwün begenjine küşt edepdi diýilipdir.
Elbetde wagtyñ geçmegi bilen küşt depdi ýurduñ beýleki ýerlerine ýaýrap her welaýatyñ õzüçe küşt depip, gazal aýdyp bu dessuryñ asylky görnüşinden tapawutlanmagyna getiripdir.

-------------------------------------
*(Erre - salyr, ärsary şiwelerinde byçgy diýmegi añladýar eken)

Bellik:
"Türkmen klassyky edebiýatynyñ sõzlügi"
Magtymguly Pyragynyñ goşgusy
"Babaröwşen" dessany hem-de
Enem Tuwakgüliñ gürrüñlerinden peýdalanyldy.c

2018 ý
13
30
Arslan_Alaýew
11.08.2024 06:57
GÖMÜK

Arzuwlaryň ölýän eken käbiri,
Eliň bilen jaýlanyňy bilmeýäň.
Olaň mazaryna mawy asmandan,
Ýagyş ýagýar,
Ýagyş ýagýar,
Diňmeýär.

Güllemeýär depesinden, bägülem,
Öseni hem juda meňzeş tikene.
Düşünmedim näme boldy, nägünäm,
Ýürek kesel tapdy saldym tikine.

Lukmanam tapmady kesel kesgidi,
Onuň körlügini bilmedik boldum.
Men öz gaýgylarmy hiç kime bermän,
Öz başyna gezip ýören oglandym.

Boýny ýogyn diýmäň maňa,
Beýle däl!
Ugry ýiten, ýady göýdük birzat men,
Men ýeri söýýärin ýöne beýgi däl.
Arzuwlaryn jaýlap gaýdan berbat men.

© Amangeldi ATAÝEW

15.07.2024ý
25
81