Arslan_Alaýew
11.08.2024 06:57
GÖMÜK

Arzuwlaryň ölýän eken käbiri,
Eliň bilen jaýlanyňy bilmeýäň.
Olaň mazaryna mawy asmandan,
Ýagyş ýagýar,
Ýagyş ýagýar,
Diňmeýär.

Güllemeýär depesinden, bägülem,
Öseni hem juda meňzeş tikene.
Düşünmedim näme boldy, nägünäm,
Ýürek kesel tapdy saldym tikine.

Lukmanam tapmady kesel kesgidi,
Onuň körlügini bilmedik boldum.
Men öz gaýgylarmy hiç kime bermän,
Öz başyna gezip ýören oglandym.

Boýny ýogyn diýmäň maňa,
Beýle däl!
Ugry ýiten, ýady göýdük birzat men,
Men ýeri söýýärin ýöne beýgi däl.
Arzuwlaryn jaýlap gaýdan berbat men.

© Amangeldi ATAÝEW

15.07.2024ý
25
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.