Arslan_Alaýew
12.08.2024 09:23
"HASRATLY SÖÝGIŇ KYSSASY."

1- nji bölümi...



Biziň ýaşaýan köçämiziň ilerki çetinde Nepes aga diýip goňşymyz bardy. Onyň meniň bilen deň duşrak gyzy bardy. Ol gyzyň ady Aýjerendi. Ol  iki üç ýyl mundan öň, ýol heläkçiligine sezewar bolypdy. Şondan bari hem maýyplyk arabasyna baglanypdy

Aýjeren özi alçajykdy, ýone ýüzi mydama gaýgylydy

Ol indi ýöräp bilmejegini doly boýnyna alypdy

Günlerde bir gun onyň ejesi öýe gelip

- gyzym işden gelen bolsaň Aýjerenjana ukol edip beraýda, ol düýnden bari düşeginden hem galanok, şol aglap ýatyrda : -diýdi

- bor gelneje hazir baraýaryn diýip ony  öýlerine ugratdym

Az wagtdan men olara ukola baramda, hakykatdanda Aýjeren aglap ýatan ekeni

- name boldy saňa

- meniň ýaşasym gelenok

- o nameüçin, name boldy beý diýer ýaly

- maňa kyn maýyplyk arabasyna baglanmak

- oňat bolarsyň, sunkler bitişmek üçin wagt gerek

- naçe wagt bir ýylmy ýa on ýyl

- az wagt

- bilmedimda

Şol barmana meniň imoma jaň geldi, men olarda imoň üstu bilen bir ýigit bilen gurleşdim, ol ýanymda biziň gepimizi diňlap otyrdy we

- Söýguliňmi

- ýoklagyz dostym

- o nahili dost,

- internet dostym

- gowlygyn meniň hem şeýle dostym bolsada

- bolar hemme zat, men seniň imoňy alaýyn we seni gruppa goşaýyn, sen ol taýdan öziňe ýakyn dost tapda gruppdan çyk, ýone söýup aldaýma iliň çagasyn

- maýyp gyz bilen  kim dost tutunsyn

- beý diýme gowy gowy oglan gyzlar içinde kop, diňe söýgi dal, dost ýaly habarlaşýanlar hem juda kan

- bolýa

Men şeý diýdim-de ony gruppa goşdym

Şol wakadan soň men olara iki üç gün ýaly ukola bardym we şonda ol özine dost, jora tapynandygny begenip guruň berdi, men onyň begenşini daşyndan synlap hem begendim hemde gynandym

Iki üç ýyllykda Iki ýana ylgap iş edip ýoren gyzyň bu gun beýle ýagdaýa duşmesi meni gynandyrdy, ol bolsa ýorasim gelýar, dostlarym goresim gelýar diýip diňe arzuw edip maňa gurruň bererdi

Günlerde bir gun Aýjeren

- öýde bolsaň bize gelip gidaý diýip jaň etdi

Men ýene ýaranokmyka diýip olara ylgap diýen ýaly barsam ol maňa

- senden bir zady haýyş etjek bir dostym boýyň göräýin,vdik duryp  surata duşup ugradaý diýip, surat soraýar welin sen surata duşup beraý şony ugratjak diýdi

Elenip ýalwaryp duranyna ýuregim etmedi we ol ýigdiň edil aýdyşy ýaly surata duşup berdim

Aýjeren begenip ony ol ýigde ugratdy

Men öýe gaýtdym

Aradan bir hepde geçip geçmankä ýene Aýjeren meni çagyryp surat sorady, ýene bu maýyp gyza dözmän surata duşup berdim

Soň soňlar hem birnaçe gezek surat duşup berdim

Günlerde bir gun ol maňa telefon nomer soraýar, seniň nomeriň beraýin diýdi, sen men bolyp gepleşip beraýda diýdi menem nomerim sypyryp onyň eline berdimde

- sen öziň arkaýyn gepleşiber diýip nomerim goýup gaýtdym

Aradan 6 aý towerek geçdi Aýjeren ol ýigdi doly derejede söýdi, ýone onyň gözine gornip biljek daldi, sebabi Aýjeren ol ýigdi söýupdi ýigit bolsa şol suratdaky gyzy, surat başga ses hem başgady

Ýene sesim çykarmadym, ýarym gowun çagaň begeneni nama degenok diýdimde dymdym

Bir ýyla golaý wagt geçdi. Indi ol ýigit hiç Aýjereni gunine goýanokdy, gorşeli toý edeli diýip

Aýjerende bolsa muň bahana bardy, ol nadip gorsun, özi maýyp gyz, surat hem başga

Bir gun soň Aýjeren maňa şol ýigdi görmegi haýyş etdi

Menem bolýa işden gaýdyşyn bile gaýdaýaryn diýip aýtdym, şonda gelýakak Aýjeren ýola çykmaly we ol ony görmelidi ýone tanatmaly daldi ....

Men ony gorjekligim Aýjerene aýdyp öýe gaýtdym

Ertesi işden çykan badyma howlyň daş ýuzinde eli gulli boýym bilen deň ullakan aýyly bir ýigde gözim kaklyşdy we men

- gelnejesiniň yzyndan uly aýysy bilen  gelaýipdir diýip içimi gepledip onyň ýandan sahel geçdim welin ol ýigit

- Aýjeren, bu senmi: - diýip sorady

- ha hm ha howa diýmamkam

- suratyň boýunça tanaýandyryn gorseň, sen bolsa şonça  surat görübem meni tanaman ýanymdan geçip gidip barýaň

- wi, üns bermandirin diýen boldym, men nadip tanayyna men onyň suratyn goremoga, Aýjeren ony maňa gorkezdam öýtýan bir iki gezek ýone kan üns bermamsoň ýada duşenokdy

-siz öýemi diýip ol ýigit dymyşlygy pozdy

- menem howa diýdim

- onda sizi öýňize çenli ugradaýyn garşy bolmasaň

- yok garşy dal





Dowamy bar...
16
45
perijik
12 Awgust 2024
Waheÿ Ayjeren soÿgiñ başyny yalan bilen başlap ÿalñyşypdyrda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.