Arslan_Alaýew
13.08.2024 22:38
"Söýen ýigdim indi kyýamatlyk doganym"



1-nji bölümi...



Bu waka 4-5 ýyllykda-da bolypdy.

Ol wagtlar pagta ýygymynyň iň gyzgalaňly wagtydy.

Menem ähli joralarym bilen Sadap gelnejäň gyz gelinlerden düzülen toparyna goşylyp Şa-mülki diýen ýere pagta ýygmaga gitdik

Şa-mülkde pagta ýygyp, goşmaça sowgatlar hem ýygan pagtamyzyň daşyndan alýardyk....

Maýa bu söýgi wakasyn aýdyp başlanda geçmişe ser salyp aralygynda dymýardy.

Onyň sesini çykarman dymmasy ýaşlyk döwrüniň keýijek ýaly bökjekläp, gyzdyr, oglanlar bilen degşip gülşäýjek wagtlarny ýagny ýaşlyk ýyllarny ýada salyp durýan ýalydy

Maýa öňinde duran nabatly çaýyny owurtlap gürrüňe başlady...



Biz Sadap gelneje bilen öwrenişdik, ýyllyň 12 aýynda hem pagta ýygsadyk diýýardik sebabi elimiz pullyjady, ýygan pagtamyzyň pulyny agşamlyk çekimden soň gapan başynda berýardi. Her on günden goşmaça sowgat hem bardy.

Oda bizi ýene ýaryşyp pagta ýygmagymyza kömek berýan ýalydy. Gaty gymmat baha bolmasada, ol sowgatlar toparyň gyz gelinlerini begendirmäge ýetýardi

Biziň pagta ýygýan kärende ýermiziň kärendeçiniň ogly bardy Yhlas diýip, gaşyny kakyp baran günümden hiç gün bermedi, ahyr bir gün ol

-Maýa saklan bir zat aýtjak diýdi

-aýdyber, näme boldy, ýygan pagtamy haparak ýygýanmy ýa

-Aý ýok ol barada däl

-onda näme barada

-o neme seni ilki göremde haladym, söýýan yigdi yok diýdiler joralaryň, belki pikirlenip görersiň diýdi

Menem

-ýokla berilmejek ýerimi bilip bir ýigdi aldap bilmen, diýdim

Oda utylsam hem sen ýaly gyzdan utylanym hiç, maňlaýymdan görýärin diýdi ’

-bilemok, maňa wagt gerek, edil häzirä jogap yok, diýip pagtamy haýdap ýygyp başladym

Ikimiziň bar eden gürrüňimizem şo boldy.

Şol wakadan soň Yhlas meniň her ýygan pagtaly partygym ýaltanman çekip, maňa kömekleşýardi.

Aralygynda suw getirip berýardi. Onyň meniň üstümde alada edip ýörşüni görüp, ýüregim meniň ýerinden gozgan ýaly boldy

Yhlas agyr artyk zat gürlemezdi, birem suwjuk daldi, agras sada ýigitdi

Öňler göwnüm bir ýaly pagtam ýygyp ýörsem, indi Yhlas ýanyma tiz tizden geler ýaly pagta ýygmagymy hasda çaltlaşdyranymy duýman galypdyryn. Bar syrym agşamlyk çekimde belli boldy.

Öň her gün 80 kg ýygýan halyma indi günde 100 kg-den geçmese hasap hem edemokdym.

Şeýdip her on günligiň goşmaça sowgatyn menden başga hiç kim alanokdy

Yhlas bilen aramyzda söýgi ody tutaşdy. Ol akyllydy we agşamlyk hem meniň ýanyma gelip diňe Sadap gelneje dagy bilen üýşüp gürrüň etýardik, degşip gülüşýardik ýöne bir gezek hem ýeke duşuşjak diýmeýardi

Ine şeýdip hem pagta ýygymy gutardy

Öýe gelip men Yhlas bilen diňe “Ertir komda”hat ýazyşyp başladym, ýöne ikimiz hem iliň açan mowzygy bilen hem işimiz yokdy, teswiri bilen hem. Ýüzünden basylýan telefon edinmek arzuw etyardim.

Yhlas doglan günüme pul berdi, almajak boldym, şondada özüňe telefon alaý “line”çykaly, “ertirden”tapawutly ýeri onda ýüzbe ýüz gepleşip bolýar, didaryň goresim gelse widiozwonogy bar diýip ol puly berdi

Men puly alyp edil öz diýýanim bolmasada ondan kiçiräk telefon aldym

Soň ikimiz hem “ertir komdan”çykdyk we linede hat alşyp başladyk

Günlerde bir gün Yhlas howsalaly jaň etdi

-Maýa bagyşla guşum, ejem seniň öý salgyňy soraýar

-wi o namä gerek boldy

-ejem gudaçylyga barjak diýýar

-Yhlasjan meniň heniz oglan doganym bara, gelseňizde şu wagta bermezlermikä diýýan menä

-onda men nätmeli, kakam agyr, ejem meni gyssaýar, indi men näme diýeyin

-gelip bir görsünler, galany maňlaýmyzdan görerisda

-bor Maýam

Yhlas sözinde durdy, şo gün ejesi günortandan soň gudaçylyga geldi we razy bolsaňyz derrew edinjek, öýde agyr hassam bar oglynyň toýyny bir görsün diýip, ejesi gözine ýaş aýlap dur, ýuregim gyýym gyýym boldy ýöne etjek alajym ýokdy

Öýdakiler göwneýäs, ýöne dogany öýlenmän çykarjakdäl diýip goýberdiler

Menem enem atam ýüzüne gelip bilmedim Soýen ýigdim gün geldigiçe daşlaşýan ýalydy. Şeýdip aramyz Yhlas bilen açyldy.

Ejem bir gezek görişmegime razy boldy .







Dowamy bar...
23
89
Lilia_
14 Awgust 2024
@gula, menem garaşýan...
gula
14 Awgust 2024
Dovamyna garaşýas...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.