Abat_
06.10.2024 17:40
Men özümi nirelerden gözläýin. Ýüregim gözgyny, ruhym awara. Geljegim nämälim, geçmişim tümlik, Köňül köşgüm öwrülipdir haraba.
Ýüzüm-de ýylgyryş, gözüm-de heser, Alyan demim howur beryär içime. Bilemok, näm uçin, hyrsyz täleýim, Ezyet beryä, ezýet berdi niçe-me.
Men ozümi nirelerden gözläýin, Kimiň nazaryndan, kimiň ahyndan?! Kimiň salgysyndan, kimden soraýyn, Kimiň adyndan?!
10
73
Abat_
28.09.2024 19:56
Gije älem giňeýär, Gämiler gygyrýar asmana garap, Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda. ...Maňa täze kitap ugrat, Öňkilerňi gutardym.
Içim gysýar, meni täzeden ýarat! Çydar ýaly däl bi halys her agşamara. Bir otagly jaý ber ilki, Penjireli, amatlyrak. 30 ýyllyk kredit töläp ýaşara.
Soňam bir şäherde işe ýerleşdir, (Tanyş tapsaň!) Gorap gezerin janymy. Keseller öldürýär käbirlerimizi, Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.
Içimdäki kima, akylly kynçylyk bar.
Nädip aytsam?! kän bir... däl-dä gyzykly. Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden, Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.
Begençgeldi Orazow
9
60
Abat_
23.09.2024 20:53
"Men yşkdan müň ýola ötünç soraýan, Hem-ä seň adyňdan, hem öz adymdan."
Aşyr Hanow
Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken, Geldiň gussalarym öňküden ýuka. Uzak hasrat çekip boljak däl eken Näz doly sözleriň siňýärkä ruha.
Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy, Yere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!). Bedenim dowzahlyk, köňlüm uçmahçy, Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan.
Sesini eşitsem, serim sämemiş, Her gülkiňde millionlarça şygyr bar. Öýkejikler, kinejikler nämemiş, Biz olary kowalarys owarra.
Arzuwym, maksadym jem boldy sende, Ylham alýan gara gözleň odundan. Ykbala minnetdar bolýan her günde, Hem seniň adyňdan, hem öz adymdan.
Sapa HOMMADOW
11
32