https://owrenmeli.app/72312-boun-aly.html#comment
Abat_
26.08.2024 17:23
Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär... Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri soňy ýok araçäklere salýan we ýenede ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän. Şeýlebir ýadaýan "Seni söýýän" sözlerden ýöne söýgide, söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmezlik mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän. Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak duýgusyny geçirýän.
Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan ýöne hiç zady işdäm almaýar. Sansyz köpçülikde özümi hiç kimsiz, gözden galan ýeke ýaly duýýan.
Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. Bu başgalardan tapawutly diýen adamym, gysga wagtyň içinde "Hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden adamym, özine garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär. Meni iň köp onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar.
20
60