Abat_
28.09.2024 19:56

Gije älem giňeýär, Gämiler gygyrýar asmana garap, Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda. ...Maňa täze kitap ugrat, Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat! Çydar ýaly däl bi halys her agşamara. Bir otagly jaý ber ilki, Penjireli, amatlyrak. 30 ýyllyk kredit töläp ýaşara.

Soňam bir şäherde işe ýerleşdir, (Tanyş tapsaň!) Gorap gezerin janymy. Keseller öldürýär käbirlerimizi, Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içimdäki kima, akylly kynçylyk bar.

Nädip aytsam?! kän bir... däl-dä gyzykly. Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden, Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

Begençgeldi Orazow
9
60
matsuriken
28 Sentýabr 2024
@Abat_, näme problem?
Abat_
28 Sentýabr 2024
@matsuriken, aýda, ýylda bir post goýjak bolýan, onam oñaramok😄
matsuriken
28 Sentýabr 2024
Menem şo sözi tapmadym
Abat_
28 Sentýabr 2024
Soñky bendi: "Içim gysýa, intelligent dertlem bar"*🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.