AýgülÝazweliýewa
28.01.2023 10:59
Gözüm düşen şol gözleri,
Diňläp ýakymly sözleri,
Emma köp eken ýüzleri,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Öň kalbymda ýokdy gussa,
Gerek däldi oňa ussa,
Indi bolsa däli, hassa,
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Seresapdym her bir işde,
Ýalňyşmazdym etsem keşde,
Ýöne welin, saýlap-seçde,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Seň ýalanyň boldy aýan,
Menden saňa gysga beýan:
"Git, görmäýin ýoluň rowan!"
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Aýgül Ýazweliýewa
27.01.2023
13
91
AýgülÝazweliýewa
27.01.2023 00:31
Gadyrly türkmen ýigitleri sizi ýetip gelen "27-nji ýanwar, Watan goragçylar güni" mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýan;
Mydam meni goldaýar,
Kakam mährem maňa.
Eziz maşgala başy,
Bu gutlag diňe saňa!

Garaşyp ýören bagtym,
Bilýän sen bir üýtgeşik.
Seňkidir göwün tagtym,
Bu gutlag diňe saňa!

Watanmyzy goraýan,
(Ähli erkek kişiler,)
Mert we merdanasyňyz.
Size gutlag ýollaýan,
Bu gutlag diňe size!

#aýgülýazweliýewa
18
84
AýgülÝazweliýewa
26.01.2023 05:44
Bagyşla

Meñ ýüregim mähre mätäç,
Ýaralama, silteleme.
Ýetik maña ýúregiñden,
Syzyp çykan bir keleme.

Göwnüm bir hossara mätäç,
Bilýäñ-ä ol näzik, ynjyk.
Umytlarym sönüp baryar,
Zerur maña bir uçgunjyk.

Men bir ýolbelede mätäç,
Azaşaryn bolmasa men.
Başym syparyna mätäç,
Elleriñiñ emaý bilen.

Meñ ýüregim mähre mätäç,
Yaralama, silteleme.
Ýetik maña ýüregiñden,
Syzyp çykan bir keleme.
Meniñ dünýäm saña mätäç,
Dolan yza, öykeleme!

Mätgurban Mätgurbanow
16
103
AýgülÝazweliýewa
25.01.2023 09:36
Üns beriň täzelik 📌
Kim IMO girýän bolsa Öwrenmelidäkiler üçin gruppa açdym idi: 834609538
15
153
AýgülÝazweliýewa
24.01.2023 00:36
Ähli zadyň ilkinjisi köplenç ýatdan çykmajak ýakymly ýa-da ýakymsyz ýatlama bolup ýüregmiziň bir ýerine müdümilik möhürlenýär. Ilkinji goşgymy 5-nji synp okuwçysykam ýazypdym:

Gar

Ertir turdum,
Garap gördüm,
Hemme ýer gar,
Üstesine
Garam ýagýar.

2 küpletdi, dowamy gynansamda ýadyma düşenok. Türkmen dili sapagynda mugallyma görkezipdim. Kapiýa ýok, manysyz, goşgy ýazyp bilmeýäň diýipdi...
Çaga wagtym ejem-kakamyň aýtmagyna görä, gaty öýkelek bolupdyryn. Mugallymymdanam klasdaşlarmyň içinde maňa şeý diýmesini kemsitmek hasaplap öýkeläpdirin öýdýän. Şondan soň şu günlere çenli gaýdyp goşgy ýazmadym. Belkem men ýalňyşandyryn. Tankydy dogry kabul edip bilmedigim ýalňyşmy ýa-da mugallymyň maňa diýen zatlary ýalňyşmy anyk bilemok. Emma kim näme diýse-de ýazmaly ekenim, ýazmazlygym ýalňyş eken.

#şahsygündeligimden
12
100
AýgülÝazweliýewa
23.01.2023 00:49
ÇAKLAMA
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöneýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.

Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz,zordan Bossantäje ýetenmiş.

Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip,ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.

Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki,birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?

“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.

Garaz,hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.

Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür,bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.

Ýerliksiz dawamyz ýok biziň asla,
Ýa şahyryň täleýi ters ozaldan.
Gowy bordy,bir ters many çykmasa,
Söýgi hakda ýazylan her gazaldan.

Çeşme: Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"
15
165
AýgülÝazweliýewa
22.01.2023 18:51
Öwrenmegi terk eden adam, isle
ýigrimi ýaşynda bolsun, isle-de segsen – tapawudy
ýok, ol garrydyr. Öwrenmegi dowam edýän adam
bolsa, kimdigine garamazdan, juwanlygyna galar.
Dünýäde iň ajaýyp zat, zehiňizi ter saklamakdyr.

Genri Ford

*

Döwlet ýolbaýçylary öz ýurdunyň raýatlaryna orden, medal paýlap bilerler. Ýöne olar talant bilen akyl paýlap bilmezler. Şol hem adamlaryň bagtynyň getirdigi.

*
Iň belent hem hiç mahal gadry gaçmaýan söýgi ýetilmedik söýgüdir.
*
Kitap okamaýan adamlar kitap okamagy pişesiz adamlaryň edere iş tapmansoňlar,güýmenje üçin öwrenen endigi hasap edýän bolsalar gerek.
*

Gün ýokary galdygyça, kölege peselýär, ýöne käbir adam ýokary galdygyça
welin, köplenç, adamçylygy peselýär.
*
Özümiz pes bolanymyz üçin özümizden sähel beýik, ýöne hakyky beýik däli hem beýik hasaplaýarys.
*
Utanjy ýok söýgüden söýgä garaşmaly däl. Utançsyz söýgi uzak söýmeýärem, söýülmeýärem.
*
Köp okap, az bilýän adam.
"Kyrk ýylda ýazylan kitap" eserinden
14
97
AýgülÝazweliýewa
20.01.2023 11:36
Ýüregimiň eýesi

Söýgi meýin dadyp şu güne düşdüm,
Serhoş bolup, hyýaly dünýä göçdüm,
Köp ýyly sensiz ýeke-ýalňyz geçdim,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Unutmadym ýyllar geçdi aradan,
Sataşdyrdy a:hyr, bizi Ýaradan,
Doly meň ýüregim saňa söýgüden,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Gül bolup garaşýan giden bilbile,
Tiken boldum, gol uzadan her kime,
"Garaşýan" sözüm geçsin dilden-dile,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Gözlegim sen, ýene-de şol ýolda men,
Ýöne saňa garaşyp hem ýadaman,
Besdir indi aýralyga jydaman,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Aýgül Ýazweliýewa
11
46
AýgülÝazweliýewa
19.01.2023 13:51
Bilimli we baý adam bolmak üçin "diplom gerek däl".
23
241
AýgülÝazweliýewa
16.01.2023 01:43
Siziň köpüňizi(has dogrusy hijiňizi) tanamok welin tanamak isleýän:
1) Adyňyz, Familiýaňyz?
2) Ýaşaýan ýeriňiz we ýylyňyz?
3) Saýlap alan hünäriňiz?
4) Halaýan Hobbileriňiz?
5) Boş wagtyňyz näme edýäňiz?
6) Iň soňky okan kitaplaryňyz we olardan halan sitataňyz?
7) Eger-de sosial setlerde türkmen dilinde ýalňyşsyz(ýagny grammatika) ýazmaly diýen kanun çyksa goldarmydyňyz?
8) Rus dilinde erkin gürleşip bilýäňizmi?

Meniň jogaplarym:
1) Aýgül Ýazweliýewa.
2) Lebap wel. Halaç etr. , 1998ý.
3) Entek saýlamok.
4) gyz-gelinleri bezemek...
5) Okaýan, öwrenmelä girýän bärde-de okaýan 😁
6) Aman Kekilow-Söýgi, Javlon Juraev-7 qadam.
"Söýgüdir dostlarym durmuşyň täji,
Söýüşmek süýjüdir aýralyk ajy.
Ajysyz süýji ýok tikensiz gül ýok,
Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok."
7) Ol-a meň arzuwym :)
8) Ýok, bilýänleeiňizden öwrenäýjekdim )))
15
235