AýgülÝazweliýewa
28.01.2023 10:59
Gözüm düşen şol gözleri,
Diňläp ýakymly sözleri,
Emma köp eken ýüzleri,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Öň kalbymda ýokdy gussa,
Gerek däldi oňa ussa,
Indi bolsa däli, hassa,
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Seresapdym her bir işde,
Ýalňyşmazdym etsem keşde,
Ýöne welin, saýlap-seçde,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.

Seň ýalanyň boldy aýan,
Menden saňa gysga beýan:
"Git, görmäýin ýoluň rowan!"
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.

Aýgül Ýazweliýewa
27.01.2023
13
90
jemal_seyitniyazowa
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa, mendenem gelip geçip durda sebäbi 🤗
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
moonlight, dogry )
moonlight
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,halypa halypa bolya, hasam okdelarin yaly diyyandir
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa, hä🙄😒 dogry, senem aldap bolmajaklaryň sanawyna goşdum şu günden😅
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
moonlight, minnetdar, halypam şonda-da kem tapdy😁😁😁
jemal_seyitniyazowa
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa, ýöne ýerden hyýal döremeýäninä bilýän:)
moonlight
28 Yanwar 2023
Gowy yazylypdyr, kapiyalasysam gowy👍
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
Ýöne her bir zatdan lezzet almagy başarsaň, ine bagt
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
Relax, hawa, sebäbi biziň eşitmediklerimizi Alla eşitýär :)
Leýla💔
28 Yanwar 2023
Likeeeeeee 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.