AýgülÝazweliýewa
20.01.2023 11:36
Ýüregimiň eýesi

Söýgi meýin dadyp şu güne düşdüm,
Serhoş bolup, hyýaly dünýä göçdüm,
Köp ýyly sensiz ýeke-ýalňyz geçdim,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Unutmadym ýyllar geçdi aradan,
Sataşdyrdy a:hyr, bizi Ýaradan,
Doly meň ýüregim saňa söýgüden,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Gül bolup garaşýan giden bilbile,
Tiken boldum, gol uzadan her kime,
"Garaşýan" sözüm geçsin dilden-dile,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Gözlegim sen, ýene-de şol ýolda men,
Ýöne saňa garaşyp hem ýadaman,
Besdir indi aýralyga jydaman,
Haçan geljek ýüregimiň eýesi?!

Aýgül Ýazweliýewa
11
46
AýgülÝazweliýewa
20 Yanwar 2023
gul_, 🤦🏻‍♀️
AýgülÝazweliýewa
20 Yanwar 2023
gul_, garaşýanym ýokla, her temada özümi synap görýän
melek06
20 Yanwar 2023
Like:))
maral
20 Yanwar 2023
Like ❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.