ÇAKLAMA
Magtymguly Meňli gyzy söýenmiş,
Ýöneýetip bilmänmişin wysala.
Seýdi bolsa Hatyja diýp köýenmiş,
Emma olam düşenmişin şo hala.
Zelili hem Döndüsine gowuşman,
Bu dünýäden arman çekip ötenmiş.
Nepese-de päsgel berenmiş duşman,
Garaz,zordan Bossantäje ýetenmiş.
Elinden gidirip Annagülüni,
Mätäji mähire mätäç bolanmyş.
Şeýdip,ähli şahyrlaryň gününi—
Söýgüsini şum rakyp bozanmyş.
Bular çaklamasy biziň alymlaň,
Belki,birden biri degýändir ýapa.
Alymlar! Nämüçin gara zalymlar,
Olaň hiç haýsyna gyýaňzok nika?
“Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran”,
Diýip ýazaýmadyk bolsa Kemine,
Onuňam ýaryny bir pursat durman,
Bererdiňiz bir baýa ýa emire.
Garaz,hakykata golaý bir delil,
Ýa-da çala başy gowşan çaklama
Şahyrlaň söýgüli ýaryny elin—
Eltip berýär haýsydyr bir akmaga.
Bu gün elimizde nika hatymyz
Barlygyna şükür,bolmasa bizem
Goýardyňyz söwer ýarsyz—hatynsyz,
Siz öz täsin çaklamalarňyz bilen.
Ýerliksiz dawamyz ýok biziň asla,
Ýa şahyryň täleýi ters ozaldan.
Gowy bordy,bir ters many çykmasa,
Söýgi hakda ýazylan her gazaldan.
Çeşme: Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"