AýgülÝazweliýewa
23.02.2023 02:52
Öz adyňy dak
Bir çak kalbymda saňa söýgim örňän,
Sensiz günlerimiň manysy-da ýok.
Sesiňe, gülkiňe gulagym gurban,
Eşdip ýörsem owazyň, göwnümem dok.
Çagakam ejemiň hüwdi sesine
Uklasam-da, indi bary tersine,
Seň sesiň gerek, gijeleriň hersine,
Sen bolmasaň uklamajagymam hak.
Meň söýgülim örän-örän göwünjeň,
Gürrüň bersem bolaryn men öwünjeň,
Garaşaryn, meň ýanyma gelinçä,
Gel, söýgim, göripleriň içini ýak!
Islegim, bagtymsyň, ýene kän zadym...
Saňa tarap galdy ýekeje ädim,
Üýtgär nesip bolsa tizlikde "adym",
Boljak çagalarma öz adyňy dak!
23.02.2023
Aýgül Ýazweliýewa 📝
14
62
AýgülÝazweliýewa
22.02.2023 10:12
Gadyrdan joram "18" ýaşady🔥
Şonuň şanyna degişme goşgy😁
Asmanda Ülker,
Telpegin silker."
Bu goşgyjygmy,
Internet saňa
Büdremän elter.
***
Geçdi seniň bilen, bezzat günlerim,
Eden betliklermiz iller bilmesin.
Ýatlama bolaýdy geçmez öýdenim,
Derdim aýdyp biraz göwnüm ýeňlesin.
Sen-ä bir alkaşdyň, men bolsa tüsse🚬
Birleşip bolardyk iki piýanska😂
Kelle erbet, ýöne ýürek arassa🤍
Gije oýa, gündiz bolsa ölüsge🧟
Aýgül Ýazweliýewa 📝
22.02.2023
(Ülkeriň haýyşy boýunça)
Şageldi ikimiz doglup bir günde,
Garşy aldyk bu gün 18 ýaşy.
Ene-atamyza wepaly bolsak,
Hiç ýerde egilmez olaryň başy.
Eziz synpdaş gutlaýaryn ýene-de,
Jan saglygy, bagtdan nesibäň bolsun!
Eçilsin Allajan köp zat bize-de,
Şol günlere ýetip ýüzümiz gülsün!
13
102
AýgülÝazweliýewa
20.02.2023 02:23
Kemsidilen mertebe
Meni haýran galdyrýan ýeri, adamyň mertebesini köplenç, şol adam we beýlekiler tarapyndan gowy diýilip ykrar edilen, gowy görülýän adam peseltýär.
Üsti başy arassa, namazhon, kitaphon, terbiýeli, 12 süňňi sagat, zehinli oglan özi ýaly gowy taraplara eýe bolan gyzy gowy gördi. Ol gyz hem köp wagt geçmänkä ol oglany çyn ýürekden söýdi. Emma...
Elinden gelse adamlara ýagşylyk edýän, tebigy gözelligi her kimi haýrana goýýan, eli çeper, dili çeper, sada gyzy özüniň ilkinji we ömürlik söýgüsi hasap edýän oglan hemişe ýüreginde saklaýardy. Nesibesi çekip onuň bilen aragatnaşyk açmagy başardy. Ahyr soňy pursady gelende oňa ýüregindäkileri buşlady. Şu sözlerden soň, bir ýylyň dowamynda ol gyzyň söýgüsini gazanmagy başardy. Emma...
Siziň pikiriňizçe "emma" sözünden soň näme bolandyr öýdýäňiz?!
Emma, ol oglan biraz wagt geçenden soň, ol gyzdan daşlaşyp başlaýar. Bir aýyň içinde oglanyň beýle hereketiniň sebäbi gyza aýan bolýar. Ýigidiň ol gyzy "söýmezden", has dogrusy "söýýän diýmezinden" öň söýgülisi bolandygy we onuň bilen arasyna tow düşüp, soňundan ýaraşandyklary belli bolýar.
Emma, birnäçe aý geçenden soň, ol gyz ýigit bilen öz-özünden urşup başlaýar, ýönekeý zatlara-da öýkeleýär, edip bilse habarlaşmajak bolýar. Ahyr soňy oglan gyza şeýle haýyşt edýär:
- Maňa ýüregiňdäkileri aýt, saňa bir zad-a bolýar. Menden gizleme, näme bolsa-da men senden razydyryn. Dogryňy aýt, gaty görmerin, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin...
Gyz oňa şeýle jogap beripdir:
- Gaty gynanýan... Meni bagyşla, seni hiç wagtam söýüp bilmedim. Ýüregimde başga biri ýaşaýar, ilkinji söýgim. Aslynda, ony unudyp seni söýmek isläpdim, ýöne bu bolmajak zat eken. Men başaryp bilemok...
Ine, size söýgi. Çyndan-da bu söýgümi beri? Ýok, bu söýgüni "görkezme esbap" edinip, adamlardan öz bähbitleri üçin peýdalanmak. Bu söýgi däl, kemsidilmek, mertebäň aýak asdy edilmegi.
Başgalar bilen düşünişmek üçin ilki özüňe düşünmegi başarmaly. Daş-töweregiňdäkilere terbiýe bermezden öňürti, özüňi terbiýelemeli. Hawa, adam ýalňyşýar. Emma, şol bir ýalňyşy ýalňyşdygyny bilip durup gaýtalaýanlara näme diýmeli?! Olar üçin ýönekeýje ýalňyş ädim hasaplanyp edilýänem bolsa, başgalaryň kemsidilmegine, hasrat çekmegine, ynamsyzlyga, arakhorlyga, erbet kesellere, hassalyga iň soňunda-da biwagt ölüme eltip biler.
Aýgül Ýazweliýewa 📝
12
137
AýgülÝazweliýewa
19.02.2023 01:44
Ädikçi
Ädigim bar üýtgeşik,
Owadan hem garaja.
Aşagynda bir deşik,
Görnüp dur çalaja.
Bejertmek isläp ony,
Äkitdim ädikçiňkä.
Diýdi ol görüp muny:
"Garaşyp bilýänsiň-ä?"
Ylalaşyp oň bilen,
Garaşdym iki sagat.
Şondan soň gara ädik,
Bolaýypdyr sap-sagat.
Emma, iki sagatlap,
Onuň agzy durmady.
Sorag berdi goşalap,
Sorag welin dynmady:
"Adyň nedir perizat?
Sen şeýle bir owadan.
Ýalňyzlykdan et azat,
Seni Alla ugradan."
Utanyp bakyşyndan,
Gözlem ýeri dyrmady.
Ýeňles gep satyşyndan,
Ony jynym almady.
Telefon nomer sorap,
Iki sagat ýalbardy.
"Namaz okaýan" -diýip,
Din ugrundan agzady.
Tizden ol öýlenjekmiş,
Oňa mynasypmyşym.
Wagyzçy bellenjekmiş
Metjide, mynasypmyşyn.
Tutdum menä-hä ýaka,
Eşidip bu zatlary.
Bu bir bolan waka,
Ýigide berdim baha,
Ädikçimi, ýalançy,
Belli däl oň kimdigi.
Emma, bir zad-a belli,
Edepde oň "kemdigi".
Aýgül Ýazweliýewa
18.02.2023
14
66
AýgülÝazweliýewa
17.02.2023 03:34
Bir gyzyň anketasyna ýazanlary
ㅡ Men erkekleri sylaýan. Olar biziñ durmuşymyzy gyzyklandyrýarlar, olar bize ellerini uzadýarlar, gapylary açýarlar, bize köýnek we süýji alyp berýärler. Olar bizi aeroportda garşy alýarlar. Olar uruş tursa, bizi goramak üçin urşa hem gidýärler. Olar güýçli, men erkekleri sylaýan.
Olar gürrüñi ýok diýýärler we biziñ kynçylyklarymyzy çözýärler. Olar biziñ yzymyzdan uniwersiteta gelýärler, bizi öýe äkidýärler. Olar bize makiýajsyz seretmegi halaýarlar. Olar bizi ellerinde göterýärler. Köçe hapa bolsa, suwly bolsa olar bizi ellerinde göterip geçirýärler. Olar bize kiçijek peridir öýdýärler we hemişe gujaklap durmalydyr öýdýärler. Biziñ çagalarymyza familiýa berýärler. Olar bizi goraýarlar.
Olardan käwagt gymmat odekolonyñ ysy gelýär. Olaryñ sözleri köplenç hereketleri bilen deñ gelýär, olar bizden köp bilýär. Olary hemişe biziñ nirededigimiz gyzyklandyrýar. Olar hemişe biziñ içen kofemyzyñ puluny töleýärler. Olar biziñ näzimizi çekýärler we dostlaryna ''Onuñ harakteri erbet, ýöne ol gaty owadan'' diýýärler. Olar bizi hemişe bagyşlaýarlar, biz bolsa olary köplenç bagyşlap bilemizok.
(ertir.com arhiwinden)
21
520
AýgülÝazweliýewa
16.02.2023 10:22
ÝAŞ GALAMDAŞYMA
Ine, sen goşgy ýazýaň. Ýazan goşgyň onda-munda çap edilýär, internet arkaly köpçülige ýetirilýär. Şygyr muşdaklary olary okaýar. Halamadyk okyjy köplenç pikirini özünde saklaýar. Çünki goşgynyň ýaramazdygyny awtora aýtmak bilen galapyn özüni ýigrendirýändigine onuň akly ýetip dur. Okyjylaryň içinde goşgyny okap, awtoryň göwni üçin ýa-da halys göwnünden turany üçin goşgyny ýazana öwgüli sözleri aýdýanlary hem az däl. Awtoryň ussatlygyny magtap, mahabatlandyryp, bäri-bärde goýman, asmana uçurýanlaram bar. Ýöne içi boş, pöwhe we ýympyk sözler ýaş goşguçylaryň göwnüni göterýärmikä diýip güman edýän.
Eger şolar ýaly ýalan mahabata we hoş sözlere göwnüň galkynýan bolsa, sen aldawa düşen adamsyň! Sebäbi şol ganatly sözler aýagyňy ýerden üzdürýär, iň bir ýaramaz, hapa goşgyňdan hem göwnüň geçenok. Ömrüňde ýazan ähli setirleriň hemmesi poeziýadyr öýdýäň. Öz-özüňden hoş bolýaň. Şol depginde dowam edibermelidir öýdýäň, şeýtseň, adygan şahyrlaryň toparyna goşularyn öýdýäň, özüňden talap edeňok, gözläňok, hadysa döretjek bolaňok, şeýdip, edebiýatyň öňünde jogapkärçiligiňi unudýaň, so-oň, aýlar-ýyllar geçip ýazan bujagaz goşga meňzeş zatlaryň nä günlere düşjeginden habaryň ýok. O zatlar barada pikirem edeňok. Şo ýazyp ýatyrsyň, gitdigiçe-de aňsadyna bakýaň. Sadyr bolýaň. Dogrusy, sadyrça-da bolaňok. Bir ýerde üç günden kän ýatan, akmaýan suwa sadyr diýilýär, ol içmäge ýaramsyz. Sen bolsa şo duran ýeriňde üç gün däl, üç ýyl däl, ömrüň boýy dursuň, soňabaka maňa düşünenoklar, meň gadrymy entek bilenoklar diýen ýaly albaýyň toruna düşýäň, o tordan bolsa yzyňa çykyp bolmaýar. Şeýlelikde senden betbagt adam ýok. Ömrüňi pagtabent setirlere gurban berip, ölüp gidýäň.
Şu tragediýaň gözbaşy nirede?
Edebiýatam edil Şemşadyň çatmasy ýaly, gelim-gidimli ýer, her hili okyjy bar, ýamany-ýagşysy, sowatlysy bisowady, düşünýäni-düşünmeýäni ýetik. Köplenç şeýle bolýar: goşgyň gowam bolsa, erbedem bolsa, saňa “Oňat goşgy. Berekella! Galamyň ýiti bolsun! Ýene ýazyp dur” diýýärler. Diýibersinler. Olaryň maksady düşnükli, bir agyz göwün göteriji söz aýdyp, ýigrenji görünmezlik.
Ýöne mesele, ine, sende. Sen şo hoş söze gulak gabartdygyň işiň gaýtdygy biläý. Şojagaz ýalan hoş sözler geljekde seniň ähli karýeraňy püçege çykaryp bilýändir. Şojagaz ýympyk öwgüleri duşman okunmasaň, onda sadyr suwa öwrüljekdigiňe ynanaý. Öwgi şeýle bir süýji zat bolmaly, Kleopatra ýaly juda özerkli, ygtyýaryna güýji ýeten aýaly hem agyr goşun çekip, zabt edip alyp bilmändirler, ony iň soňunda öwgi bilen alyp ýatypdyrlar.
Gedemlik, men-menligem şü öwgüden emele gelýärmikä diýip pikir edýän.
Garaz, ýola düşdüňmi, orta ýolda üstüňden güldürip, göz-gülban bolup durma, öňe git, gidiber, ýoluň gutarýan ýerine ýetib-ä bilmersiň welin, ýöne sadyram bolmarsyň. Ýok, hezil berenok, gaýta hezilimi alýar diýýänem bolsaň, aýny pille, gaýt yzyňa.
Şu ýazanlarym şahyrlara degişli däldir, goşgy ýazýanlara degişlidir. Kim özüni şahyr hasap edýän bolsa, bu ýazgylaryň peýdasy degmez.
Mart, 2013ý.
✏Kakamyrat ATAÝEW
7
40
AýgülÝazweliýewa
14.02.2023 02:12
👨🏻💼:
Gara gözler galkyndyrdy göwnümi,
Gitmen gyýa galam-gaşyñ görmezden,
Gel Geregim, görsem gunça gülümi,
Gabandym görküñi garan gözlerden.
👩🏻💼:
Göwnüm galkyndy görüp gözleriň,
Gelsene gitmäýdä, göwnüm göçdi,
Gaharlansam geç, gaçma gülüňden,
Gowuşsam goluňa, geçen geçdi.
14.02.2023ý
12
70
AýgülÝazweliýewa
12.02.2023 05:00
Men söýdüm, ol söýmedi
Gelipdiň bir bagtly günde,
Emma gitdiň "bagtym" ýolup,
Ýüzi tegmil Aý, gül-de
Idegsizje barýar solup.
Garaşypdym bagtly halk:a,
Emma saldyň kişen maňa,
Tussag etdiň haýsy ülkä?!
Ýüregime saldyň ýama,
Tonnalyk köwüş geýipsiň,
Her ädimiň bolup dur yz.
Köp gyzy şeýdip söýüpsiň,
Epdiripsiň olara dyz.
Altyn diýip tutdum saman,
Gözem aldap bilýär eken,
Gora Allam, sakla aman,
Derdimi düşüner çeken.
Aýgül Ýazweliýewa
14
86