https://owrenmeli.app/37788-adikci.html#comment
AýgülÝazweliýewa
19.02.2023 01:44
Ädikçi
Ädigim bar üýtgeşik,
Owadan hem garaja.
Aşagynda bir deşik,
Görnüp dur çalaja.
Bejertmek isläp ony,
Äkitdim ädikçiňkä.
Diýdi ol görüp muny:
"Garaşyp bilýänsiň-ä?"
Ylalaşyp oň bilen,
Garaşdym iki sagat.
Şondan soň gara ädik,
Bolaýypdyr sap-sagat.
Emma, iki sagatlap,
Onuň agzy durmady.
Sorag berdi goşalap,
Sorag welin dynmady:
"Adyň nedir perizat?
Sen şeýle bir owadan.
Ýalňyzlykdan et azat,
Seni Alla ugradan."
Utanyp bakyşyndan,
Gözlem ýeri dyrmady.
Ýeňles gep satyşyndan,
Ony jynym almady.
Telefon nomer sorap,
Iki sagat ýalbardy.
"Namaz okaýan" -diýip,
Din ugrundan agzady.
Tizden ol öýlenjekmiş,
Oňa mynasypmyşym.
Wagyzçy bellenjekmiş
Metjide, mynasypmyşyn.
Tutdum menä-hä ýaka,
Eşidip bu zatlary.
Bu bir bolan waka,
Ýigide berdim baha,
Ädikçimi, ýalançy,
Belli däl oň kimdigi.
Emma, bir zad-a belli,
Edepde oň "kemdigi".
Aýgül Ýazweliýewa
18.02.2023
14
66