Kemsidilen mertebe
Meni haýran galdyrýan ýeri, adamyň mertebesini köplenç, şol adam we beýlekiler tarapyndan gowy diýilip ykrar edilen, gowy görülýän adam peseltýär.
Üsti başy arassa, namazhon, kitaphon, terbiýeli, 12 süňňi sagat, zehinli oglan özi ýaly gowy taraplara eýe bolan gyzy gowy gördi. Ol gyz hem köp wagt geçmänkä ol oglany çyn ýürekden söýdi. Emma...
Elinden gelse adamlara ýagşylyk edýän, tebigy gözelligi her kimi haýrana goýýan, eli çeper, dili çeper, sada gyzy özüniň ilkinji we ömürlik söýgüsi hasap edýän oglan hemişe ýüreginde saklaýardy. Nesibesi çekip onuň bilen aragatnaşyk açmagy başardy. Ahyr soňy pursady gelende oňa ýüregindäkileri buşlady. Şu sözlerden soň, bir ýylyň dowamynda ol gyzyň söýgüsini gazanmagy başardy. Emma...
Siziň pikiriňizçe "emma" sözünden soň näme bolandyr öýdýäňiz?!
Emma, ol oglan biraz wagt geçenden soň, ol gyzdan daşlaşyp başlaýar. Bir aýyň içinde oglanyň beýle hereketiniň sebäbi gyza aýan bolýar. Ýigidiň ol gyzy "söýmezden", has dogrusy "söýýän diýmezinden" öň söýgülisi bolandygy we onuň bilen arasyna tow düşüp, soňundan ýaraşandyklary belli bolýar.
Emma, birnäçe aý geçenden soň, ol gyz ýigit bilen öz-özünden urşup başlaýar, ýönekeý zatlara-da öýkeleýär, edip bilse habarlaşmajak bolýar. Ahyr soňy oglan gyza şeýle haýyşt edýär:
- Maňa ýüregiňdäkileri aýt, saňa bir zad-a bolýar. Menden gizleme, näme bolsa-da men senden razydyryn. Dogryňy aýt, gaty görmerin, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin...
Gyz oňa şeýle jogap beripdir:
- Gaty gynanýan... Meni bagyşla, seni hiç wagtam söýüp bilmedim. Ýüregimde başga biri ýaşaýar, ilkinji söýgim. Aslynda, ony unudyp seni söýmek isläpdim, ýöne bu bolmajak zat eken. Men başaryp bilemok...
Ine, size söýgi. Çyndan-da bu söýgümi beri? Ýok, bu söýgüni "görkezme esbap" edinip, adamlardan öz bähbitleri üçin peýdalanmak. Bu söýgi däl, kemsidilmek, mertebäň aýak asdy edilmegi.
Başgalar bilen düşünişmek üçin ilki özüňe düşünmegi başarmaly. Daş-töweregiňdäkilere terbiýe bermezden öňürti, özüňi terbiýelemeli. Hawa, adam ýalňyşýar. Emma, şol bir ýalňyşy ýalňyşdygyny bilip durup gaýtalaýanlara näme diýmeli?! Olar üçin ýönekeýje ýalňyş ädim hasaplanyp edilýänem bolsa, başgalaryň kemsidilmegine, hasrat çekmegine, ynamsyzlyga, arakhorlyga, erbet kesellere, hassalyga iň soňunda-da biwagt ölüme eltip biler.
Aýgül Ýazweliýewa 📝