ÝAŞ GALAMDAŞYMA
Ine, sen goşgy ýazýaň. Ýazan goşgyň onda-munda çap edilýär, internet arkaly köpçülige ýetirilýär. Şygyr muşdaklary olary okaýar. Halamadyk okyjy köplenç pikirini özünde saklaýar. Çünki goşgynyň ýaramazdygyny awtora aýtmak bilen galapyn özüni ýigrendirýändigine onuň akly ýetip dur. Okyjylaryň içinde goşgyny okap, awtoryň göwni üçin ýa-da halys göwnünden turany üçin goşgyny ýazana öwgüli sözleri aýdýanlary hem az däl. Awtoryň ussatlygyny magtap, mahabatlandyryp, bäri-bärde goýman, asmana uçurýanlaram bar. Ýöne içi boş, pöwhe we ýympyk sözler ýaş goşguçylaryň göwnüni göterýärmikä diýip güman edýän.
Eger şolar ýaly ýalan mahabata we hoş sözlere göwnüň galkynýan bolsa, sen aldawa düşen adamsyň! Sebäbi şol ganatly sözler aýagyňy ýerden üzdürýär, iň bir ýaramaz, hapa goşgyňdan hem göwnüň geçenok. Ömrüňde ýazan ähli setirleriň hemmesi poeziýadyr öýdýäň. Öz-özüňden hoş bolýaň. Şol depginde dowam edibermelidir öýdýäň, şeýtseň, adygan şahyrlaryň toparyna goşularyn öýdýäň, özüňden talap edeňok, gözläňok, hadysa döretjek bolaňok, şeýdip, edebiýatyň öňünde jogapkärçiligiňi unudýaň, so-oň, aýlar-ýyllar geçip ýazan bujagaz goşga meňzeş zatlaryň nä günlere düşjeginden habaryň ýok. O zatlar barada pikirem edeňok. Şo ýazyp ýatyrsyň, gitdigiçe-de aňsadyna bakýaň. Sadyr bolýaň. Dogrusy, sadyrça-da bolaňok. Bir ýerde üç günden kän ýatan, akmaýan suwa sadyr diýilýär, ol içmäge ýaramsyz. Sen bolsa şo duran ýeriňde üç gün däl, üç ýyl däl, ömrüň boýy dursuň, soňabaka maňa düşünenoklar, meň gadrymy entek bilenoklar diýen ýaly albaýyň toruna düşýäň, o tordan bolsa yzyňa çykyp bolmaýar. Şeýlelikde senden betbagt adam ýok. Ömrüňi pagtabent setirlere gurban berip, ölüp gidýäň.
Şu tragediýaň gözbaşy nirede?
Edebiýatam edil Şemşadyň çatmasy ýaly, gelim-gidimli ýer, her hili okyjy bar, ýamany-ýagşysy, sowatlysy bisowady, düşünýäni-düşünmeýäni ýetik. Köplenç şeýle bolýar: goşgyň gowam bolsa, erbedem bolsa, saňa “Oňat goşgy. Berekella! Galamyň ýiti bolsun! Ýene ýazyp dur” diýýärler. Diýibersinler. Olaryň maksady düşnükli, bir agyz göwün göteriji söz aýdyp, ýigrenji görünmezlik.
Ýöne mesele, ine, sende. Sen şo hoş söze gulak gabartdygyň işiň gaýtdygy biläý. Şojagaz ýalan hoş sözler geljekde seniň ähli karýeraňy püçege çykaryp bilýändir. Şojagaz ýympyk öwgüleri duşman okunmasaň, onda sadyr suwa öwrüljekdigiňe ynanaý. Öwgi şeýle bir süýji zat bolmaly, Kleopatra ýaly juda özerkli, ygtyýaryna güýji ýeten aýaly hem agyr goşun çekip, zabt edip alyp bilmändirler, ony iň soňunda öwgi bilen alyp ýatypdyrlar.
Gedemlik, men-menligem şü öwgüden emele gelýärmikä diýip pikir edýän.
Garaz, ýola düşdüňmi, orta ýolda üstüňden güldürip, göz-gülban bolup durma, öňe git, gidiber, ýoluň gutarýan ýerine ýetib-ä bilmersiň welin, ýöne sadyram bolmarsyň. Ýok, hezil berenok, gaýta hezilimi alýar diýýänem bolsaň, aýny pille, gaýt yzyňa.
Şu ýazanlarym şahyrlara degişli däldir, goşgy ýazýanlara degişlidir. Kim özüni şahyr hasap edýän bolsa, bu ýazgylaryň peýdasy degmez.
Mart, 2013ý.
✏Kakamyrat ATAÝEW