..MukamBJ..
26.02.2020 11:43
Yşgyn ody ýaman eken janlarym,
Meniň bu derdimi bilenler barmy,
Bu derdimi çekebilmez daglaram,
Meniň bu derdimi bilenler barmy.

Özüme ýaranok meniň bu halym,
Söýgi atly duýgy göýä bir zalym,
Galdy meniň şoňa ýeke sowalym,
Meniň bu derdimi bilenler barmy.

Aýlar günler geçdi derdim geçmedi,
Gözlerimden akdy ýaşym diňmedi,
Göz ýaşlaryma sorag saldym bilmedi,
Meniň bu derdimi bilenler barmy.  ??

Yşgyň ody siz üçin nahili.....??
6
503
..MukamBJ..
25.02.2020 18:47
.............
Eje ýatanyňy görmän ýatmaýar
Seniň iýeniňi görmän iýmeýär
Öziň bir sebäbe gamlansaň çala
Seň gamgyn halyňa ejeň aglaýar.

Köseneňde duýdurmaýar zarlygy
Bildirmeýär giň dünýäniň darlygy
Gözlemek gerekdäl bagty eşreti
Egsilmez bagtdyr ejeň barlygy.

Eje bilen aýlanyp dur ýer şaram
Aýlanar pasyllar geler ýazlaram
Çaga bol uly bol etseň ýalňyşlyk
Çyn ýürekden eden däldir gaharam.

Şahyr goşgy goşýa eje hakynda
Ýazaýda müň dessan şoňa galanda
Ejeň barka bagty gözläp ýadama
Biderek ýaňrama gaýgy hakynda.

Orash Ovezberdiyev

7
655
..MukamBJ..
24.02.2020 19:26
..............
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda...

Käteler beýikden pese düşemde
Käte bolsa pesden beýige çykamda
Agyr, ýeňil düşen her bir günümde
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Her kim ýakynymdan gaçyp gidende
Maňa durmuş dar kapasa bolanda
Gözlerimden ajy ýaşlar akanda
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Utulamda söýgi atly oýunda
Pikirlerim azaşanda beýnimde
Göwnüm ynjap ünji boldy ýüzümde
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Wagty gelip döwür menden geçende
Ömrüm ýeňsiz ak köýnegi biçende
Ruhum bedenimden göge uçanda
Emma şonda ejem galsyn jahanda.

Orash Ovezberdiyev
9
630
..MukamBJ..
22.02.2020 07:57
........... Salam agzalar hemde dostlar. Ertiriniz hayyrly bolsun. Bu gun men üçin gowy gün sebäbi ir bilen Öwrenmelini açsam Gülhan aýratyn post açyp gutlapdyr sagbol Gülhan sen Öwrenmelide meň üçin iň gowy agzalaň birisiň we hemişe şeýle bol ??. Beýleki gutlan agzalar hemmäňizede sagboluň ömrüňiz uzak, janyňyz sag bolsun geljekde diňe üstünlik arzuw edýän.
Siziň üçin Oraş Ovezberdiýewiň Eje hakda goşgusyny paýlaşmakçy käbir agzalar haýyş etdi göwnüňize ýarasa like goýuň men hem Oraş hem minnetdar bolardy.

OGLUŇ ÜÇIN DÜNÝÄ GURAN EJEM SEN  !!!

Jan berip janyma, bagtymy diläp,
Dünýäniň bagtyndan beren ejem sen!
Berýän soraglarymy ýadaman diňläp,
Nesihatyn berip duran ejem sen!

Gülen wagtyň älem ýüzi ýagtylar,
Şygyrlarym seniň üçin ýazylar.
Dünýän sallançagyn ejeler yrar,
Ogluň üçin dünýä guran ejem sen!

Hiç wagt ýüzüňde bolmasyn ünji,
Sensiň şu günümiň, ertiriň güýji.
Üç ogluň, bir gyzyň olaram diýdi,
Durmuşumda iň gerekli ynsan sen.

Awtor: Oraş Ovezberdiýew

Ýene şunuň ýaly goşgulary paýlaşyp durarn siz üçin...
10
677
..MukamBJ..
21.02.2020 21:59
Salam agzalar hemde dostlar. Ilki bilen Öwrenmelidäki dost oglanlar sizi ýetip gelýän 23-nji fewral bilen gutlaýan.

.......
Dostuň bolsun her hal ýanyňda boljak
Aglaňda aglajak, güleňde güljek
Başa bela gelse dag bolup durjak
Ynamdar wepadar hak dostuň bolsun.

Ertirem nesip bolsa 17 ýaşaýan...?

4
855
..MukamBJ..
20.02.2020 23:27
...........
Indi gözlerimem bolar saňa zar
Bolmazmy giň jahan pany maňa dar
Uzaklaşma yza dolan dilberim
Bu durmuşda gutarmaýan ýollar bar

Eýýämden ýüregim gysýa bir kemsiz
Sensiz meň gussalam däl ahyr ýersiz
Arassa howam sen ýaşaýşa gerek
Ýaşaýyn gel indi bolanok demsiz

Höwesim ýok sensiz ömür geçmäne
Söýgi küşt aty däl maňa göçmäne
Diýmäý "indi söýersiň sen birini"
Maňa sensiz söýgiň geregi näme

Orash Ovezberdiyev

4
468
..MukamBJ..
18.02.2020 18:11
2003-nji ýyllar üçin....??

Dagda keýik atdyrmaz
Buzda towşan tutdurmaz
Sür döwrany 2003-ler
Ýaşlyk mydam tutdurmaz..?

2003 köp bolmala aramyzda
5
750
..MukamBJ..
17.02.2020 19:54
Salam dostlar...
Şu Öwrenmelide iň gowy, gyzykly post paýlaşýan kim siziň üçin...
(Özüňden başga agzalaň atlaryny ýaz iň köp kim saýlanýarka).?

2
1 330
..MukamBJ..
16.02.2020 12:31
...
Düşünmediňmi ?

Seni söýüp durmuşuma düşündim
Seni arzuw edip günler geçirdim
Şol günleri ýyllara uzaldanyňda
Ýyllar içre söýgüme düşünmediňmi ?

Mekdep ýyllarymdy okuw döwrümdi
Söýgi ýüreklerde höküm sürýärdi
Gözler senden başga gyzy görmezdi
Saňa bakan şol gözlere düşündmediňmi ?

Asyllydyň, alçakdyň hem gözeldiň
Taňry salamyny ilki bererdiň
Söýgi hatlaryma jogap bermezdiň
Söýgi hatlaryma düşünmediňmi ?

Okuwum bir ýana, senem bir ýana
Gözeller bir ýana, senem bir ýana
Söýgümi güýjetýän näziň bir ýana
Mendäki ornuňa düşünmediňmi ?

Kyn bolsada söýgümi sygdyrmak goşga
Şol wagt hatlarymdan aňsadyň käşkä
Indi hem goşgymy ýazmazdym başga
Söýgi setirlerme düşünmediňmi ?

Ýaşlygym geçipdir saňa garaşyp
Garaşsamda gitdiň özgä çolaşyp
Soňrada öz bagtyňa özüň bulaşyp
Seni söýen bagta düşünmediňmi ?

Höwesim gaçyrdyň sowaşdym barha
Belkide meň söýgim ýöne bir waka
Saňa soňlanmajak umydym barka
Çensiz umydyma düşünmediňmi ?

Bolsada meň söýgim saňa bahasyz
Söýüpsiň bir oglany bagty ujypsyz
Aýrylypsyň galdyň ýeke alaçsyz
Sen geljegiň hakda düşünmediňmi ?

Tapdym indi söýşüm ýaly söýýäni
Gözlerime bakyp söýgüm görýäni
Söýlen wagty söýýän diýip bilýäni
Söýlen wagtyň biraz düşünmediňmi ??

Düşünmänsiň şonça geçen ýyllara
Düşünmänsiň bolup geçen zatlara
Düşünýän sen, şol jogapsyz hatlara
Belki ökünerin diýip düşünmediňmi ?

Orash Ovezberdiyev....
8
636
..MukamBJ..
15.02.2020 09:15
Salam dostlar men geldim. Köpden bäri registrasiya bolup bilmedim. Öňki registrasiýa bolanym näme sebäpden pozulanyny bilmedim bilýän bolsaňyz ýazaýň....Indi gyzykly zatlar paýlaşyp durarn......?
5
609