..MukamBJ..
16.02.2020 12:31
...
Düşünmediňmi ?

Seni söýüp durmuşuma düşündim
Seni arzuw edip günler geçirdim
Şol günleri ýyllara uzaldanyňda
Ýyllar içre söýgüme düşünmediňmi ?

Mekdep ýyllarymdy okuw döwrümdi
Söýgi ýüreklerde höküm sürýärdi
Gözler senden başga gyzy görmezdi
Saňa bakan şol gözlere düşündmediňmi ?

Asyllydyň, alçakdyň hem gözeldiň
Taňry salamyny ilki bererdiň
Söýgi hatlaryma jogap bermezdiň
Söýgi hatlaryma düşünmediňmi ?

Okuwum bir ýana, senem bir ýana
Gözeller bir ýana, senem bir ýana
Söýgümi güýjetýän näziň bir ýana
Mendäki ornuňa düşünmediňmi ?

Kyn bolsada söýgümi sygdyrmak goşga
Şol wagt hatlarymdan aňsadyň käşkä
Indi hem goşgymy ýazmazdym başga
Söýgi setirlerme düşünmediňmi ?

Ýaşlygym geçipdir saňa garaşyp
Garaşsamda gitdiň özgä çolaşyp
Soňrada öz bagtyňa özüň bulaşyp
Seni söýen bagta düşünmediňmi ?

Höwesim gaçyrdyň sowaşdym barha
Belkide meň söýgim ýöne bir waka
Saňa soňlanmajak umydym barka
Çensiz umydyma düşünmediňmi ?

Bolsada meň söýgim saňa bahasyz
Söýüpsiň bir oglany bagty ujypsyz
Aýrylypsyň galdyň ýeke alaçsyz
Sen geljegiň hakda düşünmediňmi ?

Tapdym indi söýşüm ýaly söýýäni
Gözlerime bakyp söýgüm görýäni
Söýlen wagty söýýän diýip bilýäni
Söýlen wagtyň biraz düşünmediňmi ??

Düşünmänsiň şonça geçen ýyllara
Düşünmänsiň bolup geçen zatlara
Düşünýän sen, şol jogapsyz hatlara
Belki ökünerin diýip düşünmediňmi ?

Orash Ovezberdiyev....
8
636
Myhman Myhman
16 Fewral 2020
wagtynda dusunen bolsak bu mahal gecmise seredip aglamazdyk belkide bu yaslyk oynu bolandr
Mährim
16 Fewral 2020
❤❤❤???
Jerkam.
16 Fewral 2020
Gowy gosgy❤❤?
Senem
16 Fewral 2020
Gaty govy.??????????
..MukamBJ..
16 Fewral 2020
Sagbolun minnetdar menem. Yene sular yaly gosgular paylasyp durarn
☆NUR☆
16 Fewral 2020
Gosgy oran gowy eken?????
Gülhan
16 Fewral 2020
Маладец Гаты говы гошгы экен... Пайлашанын уч саг бол ❤️❤️❤️
lebap
16 Fewral 2020
1like menden gaty govy gosgy eken...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.