..MukamBJ..
24.02.2020 19:26
..............
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda...

Käteler beýikden pese düşemde
Käte bolsa pesden beýige çykamda
Agyr, ýeňil düşen her bir günümde
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Her kim ýakynymdan gaçyp gidende
Maňa durmuş dar kapasa bolanda
Gözlerimden ajy ýaşlar akanda
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Utulamda söýgi atly oýunda
Pikirlerim azaşanda beýnimde
Göwnüm ynjap ünji boldy ýüzümde
Şol gün diňe ejem bardy ýanymda

Wagty gelip döwür menden geçende
Ömrüm ýeňsiz ak köýnegi biçende
Ruhum bedenimden göge uçanda
Emma şonda ejem galsyn jahanda.

Orash Ovezberdiyev
9
630
Myhman Myhman
25 Fewral 2020
❤️❤❤❤млдц
..MukamBJ..
25 Fewral 2020
Sps hemmanize
☆NUR☆
25 Fewral 2020
Sol gun dine ejem bardy yanmda????❤mlds
Myhman Myhman
24 Fewral 2020
agyr kesel bolp dusekde yatanynda hic kim idemez dineje mahriban kaban ylgar dasynda
Ангел
24 Fewral 2020
super??
Mährim
24 Fewral 2020
????
Jerkam.
24 Fewral 2020
Gowy gosgy❤❤❤?
Селби
24 Fewral 2020
Gaty gowy goshgy???
GYLYJOW DIYAR
24 Fewral 2020
???❤❤❤
ALFIYA
24 Fewral 2020
mlds Mukam 100000like gaty govy gosgy ...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.