.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
13.12.2022 20:05
ÝALYDYÑ

Bahar güni açylan,
Gunçaly gül ýalydyñ.
Bagt nury eçilen,
Asmanda Gün ýalydyñ.

Däli Mejnun bolamda,
Sen söýenim bolanda,
14-i gün dolanda,
Asmanda Aý ýyldyñ.

Şygra baglap bossany,
Azdy ýazsam dessany,
Bejeräyjek hassany,
Sen melhemim ýalydyñ.

Her ýigidiñ bar jereni,
Şirin janyn bar bereni,
Bar durmuşymyñ diregi,
Sen geregim ýalydyñ.

Gelejegimiz bile ýagty,
Tapmadyk bile bagty,
Durmuşymyñ täji tagty,
Sen soltanym ýalydyñ.

Diýerdiñ bir özüñ gerek,
Saña baglapdym ýürek,
Bolanymda ýelken kürek,
Sen gaýygym ýalydyñ.

Söz ýok başga ýazmaga,
Seni taryplamaga,
Ömüriñ janyny almaga,
Gelen ajal ýalydyñ.
A men iýmit bolmaga,
Gelen olja ýalydym.

Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew.
8
35
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
12.12.2022 14:02
Futbol duşuşygyndan soñky skandal

Bilşimiz ýaly, C. Ronaldo-ly Portugaliýa Marokkodan ýeñlişe sezewar bolup, dünýä kubogy bilen hoşlaşdy. Bu duşuşykdan soñ skandal sözler we ýagdaýlar bolup geçdi.
Portugaliýa tälimiçisi Santos:
— Aslynda, biziñ ýeñilmegimiz oýunymyzyñ gowy çykmazlygyndandäldi. Skandal sözlerim üçin FIFA başlyklaryndan jeza almagym mümkin. Şonuñ üçin artykmaç söz aýdasym gelenok -diýp, reportažynda belläp geçdi.
Portugaliýaly goragçy oýunçy bolsa:
— Duşuşykda Argentinaly eminiñ alyp barmagy tötänlik däldi. Bu dogry zatdäldi bolmaly zat däldi. Beýdip otyrmazdan göniden - göni Argentina kubogy beräýmeli ekenler -diýp agyr sözler bilen duşuşyk barada pikirini belläp geçdi.
Dogrudanam Portugaliýanyñ ýeñilmeginde FIFA-nyñ hem eli barmydy? Öñem paraharolykda aýyplanyp FIFA-nyñ öñki prezidenti boşadylypdy. Ýene şoña meñzeş skandallar bolarmy? Bulary öñümizdäki wagt içinde bileris.
Mundan başga-da Portugaliýanyñ tälimçisine Ronaldo-ny ätiýaçlykda (zapasda) saklandygy üçin agyr nägilelikler aldy. Santos Ronaldon-yñ ýerini G. Ramos-a ynanypdy. Sebäbi, Ramos öñki duşuşykda 3 gol uryp, Hat - trick etmegi başarypdy. Ýeri gelende belläp geçsek, G. Ramos FIFA - 2022-de ilkinji het-trik eden oýunçy bolupdy. Nägilelik bildirenleriñ sözüne görä: "Her näme bolsa-da, Ronaldo ilk 11-de futbol meýdanynda bolmaly. Ol ätiýaçlykda oturdyljak futbolçy däldi." Meselem, Argentina milli ýygyndysy oýunçylarynyñ hemmesi Messi-e görä oýnaýalar. Futbolçylaryñ aýagyna top gelse, Messi-e top bermek barada oýlanýarlar. Bu barada Argentinaly futbolçyalaryñ: "Argentina milli ýygyndy toparynyñ 99.9% göterimini Messi tutýar. Biz bolsa galan 0.01% göterimi bolup oýnaýarys. Ýagny hemmämiz Messi-e görä oýnaýarys" diýp belläpdi. Portugaliýa oýunçylary bolsa Ronaldo o dien ähmiýet berenok.

***

Marokko tarapdarlary bolsa ýarym final buýsanjyny gutladylar. Marokko dünýä çempionatynda ýarym finala göterilen ilkinji afrika döwleti we arap ülkesi boldy. Ähli ýurtdaky Marokko watandaşlary gutlamak üçin köçä akgyn etdiler. Fransiýadaky Marrokko tarapdarlaryny dagytmak üçin gorag polisiýalylar göz ýaşardyjy gaz ulandylar. Italiýada bolsa gan döküldi. Italiýadaky Marokko tarapdaryna garşylyk bildirilip Marokko tarapdarlarynyñ byçaklananlaram boldy. Aýdylan sözlere görä, bularyñ bary olaryñ musulman döwletligindendi.

Taýýarlan: Ömürdag Tagandurdyýew
10
321
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
17.10.2022 14:58
Hasan atly bir adamyñ hassalygyny hiç hili bejeribilmänsoñlar, lukmanlaryñ biri ökde diýp tanaýan porhanyñ salgysyny beripdir. Aýdylanlara görä, iñ agyr hassalar hem onuñ dilegi bilen gowlaşýarmyş.
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
16.10.2022 17:20
Yşgyñ ýaşlyk günlerine ýanmaýan, Ýok ýalydyr, a men bakyp geçerin. Ýogy bara, bary hiçe saýyban, Her demimde bir gam ýakyp geçerin. Durulanmady dertden gamly başym, Gardaşymdan başga hemme gardaşym,
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
27.07.2022 23:13
Ynsanlyga çagyrsam ýol tarypyny sorajaklar bar :)
7
71
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
19.07.2022 23:15
- Goşgylardan dolup ýatyr Öwrenmeli Instagram,
Emma olañ arasyndan duz tapmadym ýeke gram,
Ne okanda süýjülik bar ne tagamdan ganar göwün,
- Olar goşgy saçakdäl dos döwür şeýle döwür...
7
88
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
15.07.2022 01:42
Ene söýgüsi deñsiz taýsyzdyr!