.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
16.10.2022 17:20
Yşgyñ ýaşlyk günlerine ýanmaýan,
Ýok ýalydyr, a men bakyp geçerin.
Ýogy bara, bary hiçe saýyban,
Her demimde bir gam ýakyp geçerin.

Durulanmady dertden gamly başym,
Gardaşymdan başga hemme gardaşym,
Gaýgy - hasrat, hijran boldy ýoldaşym,
Dert çeşmesi boldum, akyp geçerin.

Ýalan dünýäñ oýunlary ýalan,
Hemmäni özüniñ yşgyna salan,
Ýüregimiñ ojagynda gaýnaýan,
Imanyma gulp dakyp geçerin.

Gözledim hakykat sahypalarda,
Ýok many ýazylan hatlarynda,
Şygrymdaky many bulutlarynda,
Ýyldyrym bolup hijran çakyp geçerin.

Gözüm düşse şol Jennetiñ nuryna,
Perde açdym Ysrafylyñ suruna,
Kalbymdaky ýanan yşkyñ ugryna,
Jähennemi ýakyp ýykyp geçerin.

Oýladyñmy eý kalbymyñ tary,
Neýlediñ seret bu garyby,
Indi senden sensizlik sary,
Ok ýaly deşip çykyp giderin.

Tapmarsyñ jöwherimi her kände,
Göwnümdäki yşkym bilen bir ýanda,
Gömülmänkäm mukaddes Jahanda,
Ýüz müñ Leýla saýlap söýüp geçerin.

Hijranlar içinde al ýaşlyk çagym,
Yşk talañ etmiş bu göwün bagym,
Bulary ýazan Ömürdagyñ,
Dert galamyny döwüp geçerin.


Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew.
10
69
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
17 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, sagbol dos
🌺E🌺
16 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
👏👏👍👍👍👍
Myhman Myhman
16 Oktýabr 2022
Ömürdag owadan at:)
gozelka
16 Oktýabr 2022
🥰🥰🥰🥰
melek06
16 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.