.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
17.10.2022 14:58
Hasan atly bir adamyñ hassalygyny hiç hili bejeribilmänsoñlar, lukmanlaryñ biri ökde diýp tanaýan porhanyñ salgysyny beripdir. Aýdylanlara görä, iñ agyr hassalar hem onuñ dilegi bilen gowlaşýarmyş. Hasan çäresizlik bilen, adres ýazylan kagyz bölegini jübüsine salyp lukmanyñ ýanyndan gaýtdy. Ýolda köçäñ gyrasynda el ýalyjaklary satýan 6-7 ýaşlyja oglana gabat geldi. Oglanjyk naýynjar gözleri bilen ol adamy tanaýan ýaly ýylgyryp seretýärdi.
Hasan ol oglanjygyñ ýylgyryşyna göwni ýumşan ýaly bolup ýoluna dowam edende birden saklandy. Oglanjygyñ köneje balajygynda "P" harpy bardy. Bu "P" harp porhanyñ "P"-sy bolmaly diýp oýlady. Gözleýän porhanyny tiz tapanyna begenip, derrew ýanyna gelip bir sany el ýalyjak alandan soñ:
— Lukmanlar meniñ hassalygyma çäre tapybilmediler. Meniñ gowlaşmagym üçin dileg edermiñ? –diýdi.
Oglanjyk bu bolanlara gaty geñ galdy we bolýa diýen manyda kellesini ýaýkap:
— Menem köp hassalanýan. Emma babam Allaha ynsanlaryñ ölende ýyldyzlara uçjagyny we şol ýerde Jennetde ýaşajaklaryny aýdypdy. Şonuñ üçin hassalyklardan gorkmaýaryn.
Bu sözlere Hasanyñ göwnine aram giren ýaly boldy. Oglanjygyñ sowukdan ýaña gyzaran ýañaklaryndan ogşap:
— Babañ dogry aýdypdyr. Men ýöne şonda-da seniñ dileg etmegiñi isleýärin -diýdi.
Oglanjyk dileginiñ gymmatlydygyny añlapdy. Añyrrakdan geçip barýan şar satýany görkezip:
— Size dileg ederin. Emma gowlaşsañyz maña on sany şar alyp berersiñiz, bolýamy? -diýdi.
Hasan inkär eden ýaly başyny ýaýkady. Köp zat isleýär diýp oýlapdy. Oglanjygym üşän ýañaklaryny ýylatmak üçin elleri bilen tutyp:
— Uçýan şar almagyñyz hökman däl. Ýönekeýinden on sanysyny isläpdim -diýdi.
Hasan elini uzadym oglanjyk bilen el gysyşdy. Ylalaşandan soñ şertlerini bellediler. Şerte görä, hassalykdan gutylan ýagdaýynda alty aýdan soñ Oraza baýramynda oglanyjygyñ ýanyna gelende, oglanjygy tapybilmedik ýagdaýynda-da şarlaryñ oglanjyga ýetirilmelidi.
Hasan oglanjygyñ adyny we salgysyny alandan soñ onuñ mañlaýyndan ogşap ol ýerden uzaklaşdy.
Aradan añzakly gyş geçip Oraza baýramyna ýetilende, Hasanyñ hassalygyndan nam-nyşan galmandy. Dünýä täzeden gelen ýaly şatlyk bilen şarlary paketlap duşuşmaly ýerlerine gitdi. Baýram günleri bolansoñ çagalaryñ hemmesi köçede oýnaýardy, aýlanýardy. Ol ýerdäkilerden soramaga başlady emma oglanjygy tanaýana duş gelmeýärdi. Hasan şol ýerdäki dünkana baryp soranynda, dükan eýesi:
— Öýkenleri hassady çagajygyñ, geçen hepde tarpa-taýyn aradan çykdy -diýdi.
Hasanyñ şol bada beýnisinden ok degen ýaly boldy. Ol ýerden uly ädimler bilen çykyp tiz-tiz ýöräp barýarka, öñünden çykan şar satýana bir paçka pul uzadyp:
— Şuvagtyñ özünde şu şarlardan on sanysyny bermegiñi isleýärin. Tiz bol, barmaly ýerine tizräk ýetip barmaly -diýdi.
Hasan satyjynyñ beren şarlarynyñ ýüpüni bir birine düwenden soñ, olary bismilla aýdym asmana uçurdy. Baýram ýerindäki hemmäniñ bolşu ýaly satyjy hem haýran galyp:
— Näme üçin beýdeniñize düşünmedim. Näme üçin ol şarlary uçurdyñy? -diýdi.
Hasan näz bilen ýokary göterilip barýan şarlara ýaşdan çygjaran gözleri bilen seredip duran ýerinden:
— Olara garaşýan kiçijik dostym bar -diýp aglamjyrap sözüne dowam etdi: — Porhan ýaly dost. Men diñeje şarlary salgysyna poçtaladym.

"Bu hekaýany okap Berdinazar Hudaýnazarowyñ "Giç bolar" goşgusy ýadyma düşdi. "Bugün göreniñ ertir ýok" diýleni.."

Taýýarlan: Ömürdag Tagandurdyýew.
10
154
Myhman Myhman
17 Oktýabr 2022
Birhili boldum su hekayany okap hazirem birhili bolyan yas oglanjyga 😓☹
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
17 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, minnetdar
Myhman Myhman
17 Oktýabr 2022
Örän manyly Berekella siz! 🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.