.꧁𒆜ᴇғsᴀɴᴇ۞꧂.
12.12.2022 14:02
Futbol duşuşygyndan soñky skandal

Bilşimiz ýaly, C. Ronaldo-ly Portugaliýa Marokkodan ýeñlişe sezewar bolup, dünýä kubogy bilen hoşlaşdy. Bu duşuşykdan soñ skandal sözler we ýagdaýlar bolup geçdi.
Portugaliýa tälimiçisi Santos:
— Aslynda, biziñ ýeñilmegimiz oýunymyzyñ gowy çykmazlygyndandäldi. Skandal sözlerim üçin FIFA başlyklaryndan jeza almagym mümkin. Şonuñ üçin artykmaç söz aýdasym gelenok -diýp, reportažynda belläp geçdi.
Portugaliýaly goragçy oýunçy bolsa:
— Duşuşykda Argentinaly eminiñ alyp barmagy tötänlik däldi. Bu dogry zatdäldi bolmaly zat däldi. Beýdip otyrmazdan göniden - göni Argentina kubogy beräýmeli ekenler -diýp agyr sözler bilen duşuşyk barada pikirini belläp geçdi.
Dogrudanam Portugaliýanyñ ýeñilmeginde FIFA-nyñ hem eli barmydy? Öñem paraharolykda aýyplanyp FIFA-nyñ öñki prezidenti boşadylypdy. Ýene şoña meñzeş skandallar bolarmy? Bulary öñümizdäki wagt içinde bileris.
Mundan başga-da Portugaliýanyñ tälimçisine Ronaldo-ny ätiýaçlykda (zapasda) saklandygy üçin agyr nägilelikler aldy. Santos Ronaldon-yñ ýerini G. Ramos-a ynanypdy. Sebäbi, Ramos öñki duşuşykda 3 gol uryp, Hat - trick etmegi başarypdy. Ýeri gelende belläp geçsek, G. Ramos FIFA - 2022-de ilkinji het-trik eden oýunçy bolupdy. Nägilelik bildirenleriñ sözüne görä: "Her näme bolsa-da, Ronaldo ilk 11-de futbol meýdanynda bolmaly. Ol ätiýaçlykda oturdyljak futbolçy däldi." Meselem, Argentina milli ýygyndysy oýunçylarynyñ hemmesi Messi-e görä oýnaýalar. Futbolçylaryñ aýagyna top gelse, Messi-e top bermek barada oýlanýarlar. Bu barada Argentinaly futbolçyalaryñ: "Argentina milli ýygyndy toparynyñ 99.9% göterimini Messi tutýar. Biz bolsa galan 0.01% göterimi bolup oýnaýarys. Ýagny hemmämiz Messi-e görä oýnaýarys" diýp belläpdi. Portugaliýa oýunçylary bolsa Ronaldo o dien ähmiýet berenok.

***

Marokko tarapdarlary bolsa ýarym final buýsanjyny gutladylar. Marokko dünýä çempionatynda ýarym finala göterilen ilkinji afrika döwleti we arap ülkesi boldy. Ähli ýurtdaky Marokko watandaşlary gutlamak üçin köçä akgyn etdiler. Fransiýadaky Marrokko tarapdarlaryny dagytmak üçin gorag polisiýalylar göz ýaşardyjy gaz ulandylar. Italiýada bolsa gan döküldi. Italiýadaky Marokko tarapdaryna garşylyk bildirilip Marokko tarapdarlarynyñ byçaklananlaram boldy. Aýdylan sözlere görä, bularyñ bary olaryñ musulman döwletligindendi.

Taýýarlan: Ömürdag Tagandurdyýew
10
321
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
Arman Fransiýa uruldy😭😭😭😱😭😱😭😱
Myhman Myhman
17 Dekabr 2022
Men Fransiya saylayan
Myhman Myhman
14 Dekabr 2022
Argentina 3 0 Horwatiýa
λιοη
12 Dekabr 2022
Fransiya bar vagty Argentina Horwatiya Marokka barysam pes gelya Fransiyadan
wolf
12 Dekabr 2022
Argentina utýa horwatiýany utup bilse bolly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.