💫Umudum
12.03.2024 05:30
Säher bilen selällige turyanlar,
Behişt üçin sogap baryn alyanlar.
Biribaryñ huzuryna dolyanlar,
Alla dilegiñizi kabul eylesin.
Remezan getirsin Nur-Imany,
Bu ay begendirsin bütin dünyäni.
Yhlas edip çagyryanlar Allany,
Tañry maksadyñyz myrat eylesin.
Muhammet ymmatyn yalkasyn Alla,
Hak söygileri dursun köñülde.
Gaytalap aÿdaÿyn ählije bendä,
Alla orazañyz kabul eylesin.
Oraza geldi
Muhammet ymmaty gözaÿdyñ size,
Aylaryñ soltany oraza geldi.
Ynsanperwerligi yatladyp bize,
Buşluk musulmanlar oraza geldi.
Şahyr namaz kyl ir säher turup,
Zekadyñy bergin,oraza tutup.
Gapyny giñ acyñ,kalby sap tutup,
Buşluk musulmanlar oraza geldi.
43
56
💫Umudum
11.03.2024 05:28
Gördüm
Mazarystana baryp salamym berip,
Göz ýaşymy saklap bilmedim durup.
Dözülmejek ençe ýüzi gum garyp,
Ýalançyň hakyky ýüzüni gördüm.
Arzuwna ýetmedik dädeler ýatyr,
Balasyn zarladyp eneler ýatyr.
Açylmanka solan ýaş juwan ýatyr,
Ajalyň ir wagt gelenini gördüm.
Ýüregimiň öçmejek otlary ýatyr,
Aglan agylarymyň datlary ýatyr.
Hemmesi hakynda etsemde pikir,
Kalbymdan çykmajak zarlary ýatyr.
Ýüregim sanjylap gözlerim ýaşda,
Unudylmajak atlar ýazygyly daşda.
Ajal gaýyp,bir gün bolar her başda,
Ölümiň bi wagt gelenini gördüm.
Gördüm göz ýetirdim,ýene köp zada,
Bu dünýede gerek ýok,gury haýbada.
Ömürlik süňňümiz galjak mazarda,
Ömrümiziň myhman bolanyny gördüm.
43
96
💫Umudum
08.03.2024 15:53
8-nji mart gutlagy
Mähribanlygyňyz beýik görelde,
Ýürekler ýylanýar sizi görende,
Söýgimiz çäksizdir size köňülde,
Mähriban eneler, mährem uýalar.
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Siziň bilen dünýäň ýüzi dörändir,
Siziň bilen perzent sözi dörändir,
Siziň bilen bagtyň özi dörändir,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Siziň baryňyzda owadan dünýä,
Siziň baryňyzda göwünler gülýä,
Güller görküňize başyny egýä,
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
Adyňyzy gaýtalaýar köňlümiz,
Sizi soňsuz sarpalaýar döwrümiz,
Janyňyz sag, uzak bolsun ömrüňiz!
Mähriban eneler, mährem uýalar,
Baýramyňyz gutly bolsun, sonalar!
42
37
💫Umudum
07.03.2024 15:48
Ÿanyp gör
Unudaÿyn senli günleñ süÿjüsin,
Goÿ sowuklyk her demimde güÿjesin.
Gaÿtaryp bereÿin bagtyñ bijesin,
Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör.
Neler çekenimi bilersiñ bir gün,
Seni özge kalba edemde sürgün.
Ot alañda ÿaşyñy dökmän durgun,
Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör.
Kynmydy söÿgime boÿnuñy egmek,
Gelişmeÿär gadyr bilmezi öwmek.
Şeÿle añsat bolsa ÿüregi döwmek,
Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör.
Seniñem ÿüregiñ abat galmasyn,
Aÿdyp bilme,derdiñ kimse bilmesin.
Senem başyñ gussalara salyp gör,
Men-ä ÿakdyñ,özüñem bir ÿanyp gör.
Avtor:Hajymyrat Goşayew
39
42
💫Umudum
06.03.2024 06:07
Kaka
Bu gün adyň setirlerime salsam,
Güýjüme däl, saňa daýanyp galsam,
Işde eglenibräk, ýadawrak gelseñ,
Derdinşip biz bilen çaýlardyñ kaka.
Ýagşy gylyklaryñ geçip ganyma,
Goşdy meni, il-ulusyñ sanyna,
Käte-de döz gelip, şirin janyña,
Durmuşyñ çuñlugyn boýlardyñ kaka.
Ykbal sepende-de çaly başyña,
Galkan bolup durduñ kakyp döşüñe,
Seretmän ol artyp barýan ýaşyña,
Çaga deý biz bilen oýnardyñ kaka.
Kemsinmedim, il içinde özümden,
Tejribe alardym, her bir sözüñden,
Şemala-da ýetdirmän kä yzymdan,
Begenjimden joşup ýaýnardym kaka.
Direlýän bolsady bägüller solsa,
Armanym ýok gowlukda adyñ galsa,
Ýitirsegem, ýene berilýän bolsa,
Men ýene-de seni saýlardym kaka.
Avtory:Hajymyrat Gosayew
42
78
💫Umudum
05.03.2024 09:21
Söÿen ÿigdine beriñ
Näçe gün ÿaşaÿas diñe Hak bilÿär,
Mañlaÿ ÿazgydymyz gizlin saklanÿar.
Gör niçe ynsanlañ bagty pak gelÿär,
Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.
Goÿ bolmasyn weşeñ-weşeñ pullary,
Besdir,halal bolsa,dürdir elleri.
Sowgat edip dursun elwan gülleri,
Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.
Böwet bolmañ bäş günlijek bagtyna,
Pata beriñ çyksyn yşgyñ tagtyna.
Ÿetirsinler söÿgi bilen agtyga,
Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.
Akyl satÿar diÿersiñiz köpiñiz,
Içimi aÿdaryn,diñläp gepiñiz.
Elleri çagaly kaksa gapyñyz,
Şol duÿgyny göz öñüne getiriñ,
Şonuñ üçin söÿen ÿigdine beriñ.
Avtory:Hajymyrat Goşayew
42
70
💫Umudum
04.03.2024 09:18
Bagtyñ gujaklar seni
Ÿazygy öziñden gözläp ÿörmegin,
Wepasyz arkañdan pyçaklan seni.
Gözleriñi bir hak üçin öllegin,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
Çölleñ ötesinde ÿaşyl baÿyr bar,
Bilyäñ ahyr her bir işde haÿyr bar.
Gez gursakdan ynanjyñy aÿyrman,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
Mätäç görseñ eliñdäki paÿy ber,
Ejizleri doganlañdan saÿyber.
Buzmy dünÿäñ,buzlarynda taÿyber,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
Hoşallyk döretse eden işleriñ,
Unut bahyllaryñ yaman diÿşlerin.
Huşa dönmese-de ähli düyşleriñ,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
Umydyñy üzme,bolawer merdem,
Rumy aÿdypdyra myhmandyr derdem.
Sabyr et,sabyr et şahyr her dem,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
44
76