💫Umudum
04.03.2024 09:18
Bagtyñ gujaklar seni

Ÿazygy öziñden gözläp ÿörmegin,
Wepasyz arkañdan pyçaklan seni.
Gözleriñi bir hak üçin öllegin,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.

Çölleñ ötesinde ÿaşyl baÿyr bar,
Bilyäñ ahyr her bir işde haÿyr bar.
Gez gursakdan ynanjyñy aÿyrman,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.

Mätäç görseñ eliñdäki paÿy ber,
Ejizleri doganlañdan saÿyber.
Buzmy dünÿäñ,buzlarynda taÿyber,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.

Hoşallyk döretse eden işleriñ,
Unut bahyllaryñ yaman diÿşlerin.
Huşa dönmese-de ähli düyşleriñ,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.

Umydyñy üzme,bolawer merdem,
Rumy aÿdypdyra myhmandyr derdem.
Sabyr et,sabyr et şahyr her dem,
Bir gün bagtyñ gelip gujaklar seni.
44
76
💫Umudum
5 Mart 2024
@sabyrly, $haaa howa okayan mnm gowy goryan gosgylaryny🥰
sabyrly
5 Mart 2024
@💫Umudum, Kuwwat ýazmuhammedow goşgularny okansyñ belki gowja ýazýa
💫Umudum
4 Mart 2024
@sabyrly, bilemok vln Kuvvat kim
sabyrly
4 Mart 2024
Gowy goşgy eken awtory kimka menå Kuwwatyñ äheñini duýan ýaly boldum
ATOMIC
4 Mart 2024
👍❤️
arsaryyigit
4 Mart 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.