Kaka
Bu gün adyň setirlerime salsam,
Güýjüme däl, saňa daýanyp galsam,
Işde eglenibräk, ýadawrak gelseñ,
Derdinşip biz bilen çaýlardyñ kaka.
Ýagşy gylyklaryñ geçip ganyma,
Goşdy meni, il-ulusyñ sanyna,
Käte-de döz gelip, şirin janyña,
Durmuşyñ çuñlugyn boýlardyñ kaka.
Ykbal sepende-de çaly başyña,
Galkan bolup durduñ kakyp döşüñe,
Seretmän ol artyp barýan ýaşyña,
Çaga deý biz bilen oýnardyñ kaka.
Kemsinmedim, il içinde özümden,
Tejribe alardym, her bir sözüñden,
Şemala-da ýetdirmän kä yzymdan,
Begenjimden joşup ýaýnardym kaka.
Direlýän bolsady bägüller solsa,
Armanym ýok gowlukda adyñ galsa,
Ýitirsegem, ýene berilýän bolsa,
Men ýene-de seni saýlardym kaka.
Avtory:Hajymyrat Gosayew