💫Umudum
11.03.2024 05:28
Gördüm

Mazarystana baryp salamym berip,
Göz ýaşymy saklap bilmedim durup.
Dözülmejek ençe ýüzi gum garyp,
Ýalançyň hakyky ýüzüni gördüm.

Arzuwna ýetmedik dädeler ýatyr,
Balasyn zarladyp eneler ýatyr.
Açylmanka solan ýaş juwan ýatyr,
Ajalyň ir wagt gelenini gördüm.

Ýüregimiň öçmejek otlary ýatyr,
Aglan agylarymyň datlary ýatyr.
Hemmesi hakynda etsemde pikir,
Kalbymdan çykmajak zarlary ýatyr.

Ýüregim sanjylap gözlerim ýaşda,
Unudylmajak atlar ýazygyly daşda.
Ajal gaýyp,bir gün bolar her başda,
Ölümiň bi wagt gelenini gördüm.

Gördüm göz ýetirdim,ýene köp zada,
Bu dünýede gerek ýok,gury haýbada.
Ömürlik süňňümiz galjak mazarda,
Ömrümiziň myhman bolanyny gördüm.
43
96
💫Umudum
11 Mart 2024
@okuwly, bolia sag bol gulim komegin un😊
💫Umudum
11 Mart 2024
@tmyigit76, bolia sag bolun minnetdar aydanynyz un:)
💫Umudum
11 Mart 2024
@tmyigit76, hmm sizdede seylemi
okuwly
11 Mart 2024
Hazir sorap gorayen@💫Umudum,
hasap
11 Mart 2024
@okuwly, öwrenseň düşünýäň post goýup bileňokmy
💫Umudum
11 Mart 2024
@okuwly, sohbetdeslige admin gelse sorap berayin kyn gorman
okuwly
11 Mart 2024
Ah menem bu proga dusnemokda@💫Umudum,
💫Umudum
11 Mart 2024
@okuwly, yuklenmedi diyip cykya acanokda
💫Umudum
11 Mart 2024
@okuwly, girdim sondada acanoga
okuwly
11 Mart 2024
@💫Umudum, natdiniz?😯😯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.