𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20.02.2022 15:26
Gyzykly, täsin maglumatlar 3:

21. Dünýäniň iň uzyn atly ýeri:


Awstraliýanyň
Mamungkukumpurangkuntjunya depesinde ýaşaýan adamlar, ýaşaýan ýeriniň adyny ýatlamak üçin sabyrly bolmaly. Chargoggagoggmanchauggagoggchaubunagungamaugg kölündäkiler hem şeýle. Ýöne adyny ýatlamagyň beýlekilerden has kyn bolan ýeri Täze Zelandiýadaky Taumatawhakatangihanga-koauauotamateaturipukakapikimaung-ahoronukupokaiwhenuakitanatahu atly ýerdir.

22. Diňe iki ýurduň baýdagynda goýy mawy reňk bar.

Nikaragua baýdagynda älemgoşar bar. (Älemgoşaryň bir reňki goýy mawy). Dominika baýdagynda goýy mawy reňkli tüýi bolan guş bar. Bular goýy mawy reňkli ýeketäk döwletlerdir.

23. Bir gezekde 56 müň ýumurtga goýberýän Jandar.

Osminoglar bir gezekde 56.000 ýumurtga goýberýär. Ýumurtgadan çykan osminog iň başda bürünç dänesi ululygynda bolýar

24. Amerikanyň baýdagyny bir okuwçy çyzdy.

Amerikan baýdagy, okuwçy Bob Heft tarapyndan çyzyldy. Bu aslynda okuwçylara berlen öy işidi we Heft bu öý işinde C aldy. (Pes baha) Soňra bu baýdak Dwight D. Eisenhower tarapyndan Amerikanyň baýdagy yglan edildi.

25. Itler we olary öldürip biljek iýmitler.

Şokolad itler üçin howpludyr we ölmegine sebäp bolup biler. Üzümler hem şeýle.

26. Leonardo da Winçi

Leonardo da Winçi bir eli bilen surat çekýärkä, beýleki eli bilen ýazgy ýazyp bilýärdi.

27. Beýnisi bolmadyk Jandar

Deňiz ýyldyzlarynyň beýnisi we ýüregi bolmaýar.

28. Zaýalanmaýan iýmit

Bal gün görmese zaýalanmaýar. Ýagny oňat saklanan birnäçemüň ýyllyk baly arkaýyn iýse bolýar.

29. Hor çekýärkä düýş görmekmi?

Adam düýş görýärkä hor çekip bilmeýär.

30. Adalatsyzlyk.

Oxfam'yň 2019-njy ýyldaky maglumatlaryna görä dünýäniň iň baý 26 milliarderi, dünýä ilatynyň iň garyp adamlaryň 50%-niň jemi baýlygyna deňdir.

Siziň pikiriňizçe iň täsini haýsy?
Dowamy bolsunmy?
👍🏻Howa/Ýok👎🏻
11
54
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.02.2022 12:57
☞︎︎︎Gyzykly, Täsin Maglumatlar 2: Dowamy☜︎︎︎

11. Erkek we Aýal saçy


Erkekleriň saçy aýallaryň saçyndan galyňdyr.

12. Ýyldyz süýnýär.

Görsek derrew bir arzuw ederiz. Ýöne biziň ýyldyz süýnýär diýýänimiz aslynda bir meteoryň atmosfera gireninde ýanmagydyr.

13. Super Mario

Bir wagtlar iň halanýan oýunlaryň biri bolan Super Mario bloklary kellesi bilen däl-de eli bilen döwýär

14. Iň uzyn sözlem

Victor Hugo'yň iň meşhur romanynyň üçünji bölüminde 823 sözden ybarat bolan dünýäniň iň uzyn sözlemi ýerleşýär.

15. Dünýäniň iň gymmat kitaby

Leonardo da Winçiniň elýazmasy bolan "Codex Leicester"iň alyjysy Bill Gates, bu kitap üçin 48.400.000 dollar töledi

16. ABŞ prezidentleri nämä hasrat galýar?!

Elbetde maşyn sürmäge! Çünki bir gezek prezident seçileniňizde, prezidentligiňiz gutarsa-da halka açyk ýerlerde maşyn sürüp bilmeýäňiz

17. Coca-Cola satyn alyp bilmejegiňiz iki ýer

BBC-nyň aýtmagyna görä Coca-Cola satylmaýan iki ýurt bar. Olar: Demirgazyk Koreýa we Kuba.

18. Häzirki wagtda hemişekiden has köp ekizek bar.

The Atlantic gazetiniň ýazgylarynda şeýle ýazgy bar: 1915-den 1980-e çenli her 50 bäbekden biri ekizekdi, bu-da %2 diýmekdi. Soňra bu san artmaga başlady. 1995de %2,5 boldy. 2001de %3-i geçdi we 2010da 3,3-e ýetdi.

19. Amerikanyň Ştatlarynyň atlarynda bolmadyk Ýeketäk harp

Amerikanyň Ştatlarynyň atlarynda bolmadyk Ýeketäk harp Q-dyr

20. Dünýäniň iň meşhur ýazyjylary hakynda täsin maglumatlar

Tolstoý'yň, aýalynyň gepinden gaçmak üçin öýden çykyp, wokzalda ölendigini bilýäňizmi? Ýa-da Victor Hugo nyň garrama gorkusynyň bolandygyny? Bu barada ýakynda "ädim ädim"-e makala goýaryn!


Ýokardaky ýazgylaryň haýsyny öň bilýärdiňiz, haýsy has täsin, haýsy has gyzykly, G.T.M. post zynjyry dowam etmelimi?
Teswirlerde ýazyň :)

👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
12
147
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.02.2022 12:48
G.G. soňky post:

🔶 Stoly göterip bilmedim


Kazy Mälik'den soraýar:
-Näme üçin adamy oturgyç bilen kellesine urduň?
Mälik:
-Men näme etmeli, umytsyzlyk, jenabym. Stoly göterip bilmedim ...


🔶 Watanyň näme?

Serkerdebaşy Mehmetden soraýar,

-Seniň watanyň näme?

- Watan meniň ejem, serkerde.

Myratdan soraýar.

-Watan näme, esger,

-Watan Mehmediň ejesi!


🔶Akylly garakçy

- Jenap, töweregiňizde garawul ýa-da polisiýa gördüňizmi?
- Ýok, oglum.
- Onda gapjygyňyzy maňa beriň


🔶Üç dil

Atabaý we Durdy köçede ýörkä, bir syýahatçy gelip, adres soraýar. Syýahatçy iňlis, nemes we fransuz dillerinde soraýar, ýöne Atabaý we Durdy düşünenok ...
- Atabaý, iň bolmanda bir daşary ýurt dilini öwrenmelidik
- Öwrenip näme etjek, Adam üç dilde gürleýär, meselesini ýene düşündirip bilmeýär ...


🔶 Sagat näme üçin yzda?

Mugallymy Dikgiden sorady:
-Dikgi, aýt... Näme üçin Amerikadaky sagatlar Ýewropadaky sagatlar bilen deňeşdirilende 5 sagat yzda?
Esasy jogaby bilmese-de, taýyn jogabyny aýdýar:
-Amerika soň tapyldy, şonuň üçin mugallym :)


🔶10 negr

Gullar fermadan gaçyp barýarkalar, jadyly küýze tapyp, jyny küýzeden çykardylar. Jyn 10 negrden sorady:
Menden näme isleýäň.
1-nji negr: "Ak bolmak isleýärin" diýdi.
10-njy negr ýylgyryp başlady.
Ikinji negr hem ak bolmak isleýändigini aýtdy.
10-njy negr ýylgyrdy.
3-nji negr hem ak, bolmagy islese ...
10-njy Negr Aljyraňňy gürleşip başlady.
4-nji negriňem haýyşy şol. 10-njy negr güldi.
5,6,7,8 we 9-njy Negr hem ak bolmagy isledi.
10-njy negriň nobaty, ýöne ol ýerde. Ol gülüp öldi diýen ýaly. Jyn onuň haýyşyny soraýar ...
"Hemmesini negr ediň!"


🔶 Ol söz beripdi

Bir gün gapyda bir çaga aglaýarka, bir aýal gelip sorady:
- Näme üçin aglaýarsyň?
Çaga:
- Ejem kiçijik pişikleri kowdy
Aýal:
- Aý, nähili gynandym.
Çaga:
- Hawa, Ol meniň kowjakdygyma söz berdi ...

G.G.-nyň soňy
11
62
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
15.02.2022 11:04
Täsin dawalar 3:

5. "Şäheriň adyny ulanyp film döretdiler" diýdi we dawa açdy:


Türkiýäniň, Batman şäheriniň häkimi Hüseýin Kalkan, "Batman" filminiň prodýuserine öz şäheriniň adyny ulanyp pul gazandyklaryny öňe sürüp dawa açdy

6. Apple şereketi VS Apple şereketi

Şol döwürde meşhur “Beatles” aýdym-saz topary tarapyndan döredilen “Apple Corps” markaly ýazgy belligi şereketi, tehnologiýa ägirdi “Apple” -iň kompaniýalary bilen bir at ulanýandyklaryny we aýdym-saz satýandyklaryny öňe sürdi. Kazyýet işi 28 ýyl dowam etdi we netijede çözgüt tapyldy.

7. Senmi meniň toýuma gelmedik?!

Azerbaýjanda bir ýigidiň toýuna çagyran 200 myhmanyndan 80 myhman çykmansoň, "Olar meniň mertebäm bilen oýnadylar" diýip kompensasiýa üçin kazyýet işi açdy.

(T.D. postlarynda ýazylan wakalar BOLAN WAKALARDYR)

T.D. post zynjyry dowam etmelimi?!
👍🏻Howa/Ýok👎🏻
14
51
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14.02.2022 18:26
Gyzykly, Täsin Maglumatlar 1:

1. Ýatyp horlanmakmy?!

Giç sagatlara çenli Telewizor görmek deregine, wagtynda ýatsaňyz has köp kaloriýa ýakarsyňyz.

2. Bagtsyz çepbekeýler

Her ýyl 2500 çepbekeý, sag elini ulanýanlar üçin döredilen enjamlary ulanyp ölýärler.

3. Ananas miwe dälmi?!

Köp kişi Ananasy (🍍) miwe hasaplaýar. Ýöne ananas miwe däl we agaçda ýetişmeýär.

4. Ýazgy my, tugra my?

Ýokara zyňan teňňäňiziň tugra tarapy köplenç aşakda galýar

5. Ewerestdäki jesetler

Ewerestde 200den gowrak jeset bar. Bu jesetler dagjylara ýoly tapmaga kömek edýär.

6. Äpet ýumurtga

Düýeguşuň ýumurtgasy, 15-20 sm uzynlygynda we ortaça 1.7 kg agyrlygyndadyr. Eger ýumurtgany gaýnatjak bolsak 40 minut gerek bolar.

7. Siňekler we täsin hereketleriniň manysy.

Siňekler käwagt ellerini biri-birine sürtüp kelleleriniň üstünden geçirýälere, Şol hereketi, uçýarka ýapyşýan molekulalary arassalamak üçin edýär.

8. Siriýaly Steve Jobs

Steve Jobs, Amerikaly ejesi we siriýaly kakasy tarapyndan, doganyndan gysga wagtdan soňra Amerikaly maşgala çagalyk berilýär.

9. Soltan Süleýmanyň wesýeti

Bir wagtlar dünýäniň häkimi bolan Soltan Süleýman, wesýetinde bir eliniň tabytyndan çykarylyp goýulmagyny buýurdy. Onuňam dünýäden eli boş gitýändiginiň görülmegini isläpdir

10 Aýa aýak basan soňky adam

1972-niň 12-nji dekabrynda Aýa aýak basan 12-nji we soňky adam Gene Cernan, Aýyň ýüzüne gyzynyň baş harplary bolan TDC harplaryny çyzdy we bu ýazgy müňlerçe ýyl aýda durar
10
99
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14.02.2022 17:02
Täsin dawalar 2:

3. Ol maňa meňzeýä:


Öňki meşhur basketbolçy Micheal Jordan'a meňzeşligi bilen tanalan Allan Heckard: "aslynda MJ maňa meňzeýär". Onuň aýtmagyna görä, ýüzü doguşdan onuňkydy we adamlaryň ony MJ-a meňzetmegi oňa ýaramaýardy şonuň üçin Heckard, MJ-a we Nike-a dawa açdy we 832.000.000 dollar bermegini talap etdi

4. Restoranyň günäsi näme?!

Bir zada basyp ýykylan we bir süňküni döwen Amber Carson'a, restoran 113.500 dollar bermeli boldy. Täsin bolan zat: Ýaş gyz, restoranda söýgülisine atany stakana basyp ýykyldy.

(T.D. postlarynda ýazylan wakalar BOLAN WAKALARDYR)

Indiki t.d. postunda:

5. "Şäheriň adyny ulanyp film döretdiler" diýdi we dawa açdy

6. Apple şereketi VS Apple şereketi

7. Senmi meniň toýuma gelmedik?!
10
77
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
12.02.2022 23:17
Täsin dawalar 1:

1. Bir aýal sürüji, buz tutan ýolda bir adamy kakdy. Adam öldi. Aýal sürüji, adamy öldürende şok geçirdim diýip, ölen adamyň aýalyna dawa açdy.

2. Texas'da ýaşaýan Kathleen Roberton bir mebel magazininde indi ýöremäge başlan we ylgap duran çaga degip düşýä we aýagyny döwýä. Mebel magazinini dawa eden aýal 80.000 dollar alýar. Iň täsin zady aýdaýynmy?! Ylgap ýören çaga ýaňky aýalyň ogludyr

Post zynjyrynyň dowamy bolmalymy?
Teswirlere garaşýan
9
113
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
12.02.2022 22:37
Eger Buratino "häzir burnum uzaýar" diýsedi, näme bolardy?
8
54
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
12.02.2022 12:02
Lukmanlar iki däliniň ýokdugyny görüpdirler.
Hemme ýerini gözleselerde tapmapdyrlar.
Birden şol iki däli gelipdir.
Baş Lukman sorapdyr:
-näme üçin gaçyp yzyňyza geldiňiz
Bir däli aýdypdyr:
+Bu gün gaçyp bilýäsmi diýip barladyk, ertir hakyky gaçýas
10
82
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.02.2022 19:59

✓✓G.G.6:✓✓

𖣔۞✪✵✫✰★✯☆✩⍟

#35) iki dos gepleşýä,

-dos meniň aýalym örän köp pul soraýar. Ynanmarsyň, 1-nji gün 50 manat sorady, 2-nji gün 100, 3-nji gün 150, düýn 200...

+nirä sowýarka bu puly

-bilemok, beremoga

𖣔۞✪✵✫✰★✯☆✩⍟

#36) Bir adam iş üçin Türkmenabada gitýärmiş, uçara münýärkä gulagyna bir ses eşidilýär:

-dur, bu uçar düşýä

Arkasyna dönse hiç kim ýok, ýöne azajyk gorkup uçara münmeýär. We ýaman habar adama ýetýär.
-Uçar düşdi, diri galan adam ýok.

Soňra adam "gowsy otlyda gideýinle" diýip bilet alýar we otla münýärkä ýene şol ses:

-dur, bu otly raýyndan çykýar

Adam ýene-de gorkup otla'da münmeýär.
We öýüne barsa telewizorda şu habar:

-Palan otly pylan ýerde raýyndan çykdy, pylan kişi öldi, palan kişi ýaraly

Ol Adam ertesi güni awtobusa münjek bolýar ýene şol ses:

-dur, bu awtobus awariýa bolýar

+bu gepleýän kim

-men seniň kömekçi perişdäň

Adam gaharly halda: NÄME ÜÇIN ÖÝLENÝÄRKÄM ÝANYMDA BOLMADYŇ

✓✓✓✓✓


11
105