𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20.02.2022 15:26
Gyzykly, täsin maglumatlar 3:

21. Dünýäniň iň uzyn atly ýeri:


Awstraliýanyň
Mamungkukumpurangkuntjunya depesinde ýaşaýan adamlar, ýaşaýan ýeriniň adyny ýatlamak üçin sabyrly bolmaly. Chargoggagoggmanchauggagoggchaubunagungamaugg kölündäkiler hem şeýle. Ýöne adyny ýatlamagyň beýlekilerden has kyn bolan ýeri Täze Zelandiýadaky Taumatawhakatangihanga-koauauotamateaturipukakapikimaung-ahoronukupokaiwhenuakitanatahu atly ýerdir.

22. Diňe iki ýurduň baýdagynda goýy mawy reňk bar.

Nikaragua baýdagynda älemgoşar bar. (Älemgoşaryň bir reňki goýy mawy). Dominika baýdagynda goýy mawy reňkli tüýi bolan guş bar. Bular goýy mawy reňkli ýeketäk döwletlerdir.

23. Bir gezekde 56 müň ýumurtga goýberýän Jandar.

Osminoglar bir gezekde 56.000 ýumurtga goýberýär. Ýumurtgadan çykan osminog iň başda bürünç dänesi ululygynda bolýar

24. Amerikanyň baýdagyny bir okuwçy çyzdy.

Amerikan baýdagy, okuwçy Bob Heft tarapyndan çyzyldy. Bu aslynda okuwçylara berlen öy işidi we Heft bu öý işinde C aldy. (Pes baha) Soňra bu baýdak Dwight D. Eisenhower tarapyndan Amerikanyň baýdagy yglan edildi.

25. Itler we olary öldürip biljek iýmitler.

Şokolad itler üçin howpludyr we ölmegine sebäp bolup biler. Üzümler hem şeýle.

26. Leonardo da Winçi

Leonardo da Winçi bir eli bilen surat çekýärkä, beýleki eli bilen ýazgy ýazyp bilýärdi.

27. Beýnisi bolmadyk Jandar

Deňiz ýyldyzlarynyň beýnisi we ýüregi bolmaýar.

28. Zaýalanmaýan iýmit

Bal gün görmese zaýalanmaýar. Ýagny oňat saklanan birnäçemüň ýyllyk baly arkaýyn iýse bolýar.

29. Hor çekýärkä düýş görmekmi?

Adam düýş görýärkä hor çekip bilmeýär.

30. Adalatsyzlyk.

Oxfam'yň 2019-njy ýyldaky maglumatlaryna görä dünýäniň iň baý 26 milliarderi, dünýä ilatynyň iň garyp adamlaryň 50%-niň jemi baýlygyna deňdir.

Siziň pikiriňizçe iň täsini haýsy?
Dowamy bolsunmy?
👍🏻Howa/Ýok👎🏻
11
54
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20 Fewral 2022
IDEALLIDER, 👍🏻👍🏻👍🏻𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, goýdum, J.G.E., online bolamda ýaz! Gülşat çyn, simplegirl, 👍🏻👍🏻👍🏻
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
20 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
gulshatayewa97
20 Fewral 2022
Şonça uzyn at goýmak nämä gerek bolduka doly gornüsde aýdyp bilýälermikä menä okabam gutaryp blmedm (çynmykaa bir🙄)
Jöwza
20 Fewral 2022
𝐄𝐟𝐬𝐨, Maňa Barlagçy agzanyň postlarynyň hemmesi görünýän edip bilýän bolsan edip beräýdä 🙏🏻🙏🏻🙏🏻
ideallider
20 Fewral 2022
Blin 21-i wifi parola goýmalymy nämemi!? 27-de bolsa geň göresi zatýok, hatda käbir BEÝNISIZ adamlaram bar ahyry. 28-arybal. Aýtmyşlaryna görä arybal 1000 ýyldagy zaýalanman durýar. 30-paýlaşanlarynda adam bolmazdylar😊👍🏼
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
20 Fewral 2022
G.T.M 3
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.