https://owrenmeli.app/20115-gtm2.html#comment
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.02.2022 12:57
☞︎︎︎Gyzykly, Täsin Maglumatlar 2: Dowamy☜︎︎︎
11. Erkek we Aýal saçy
Erkekleriň saçy aýallaryň saçyndan galyňdyr.
12. Ýyldyz süýnýär.
Görsek derrew bir arzuw ederiz. Ýöne biziň ýyldyz süýnýär diýýänimiz aslynda bir meteoryň atmosfera gireninde ýanmagydyr.
13. Super Mario
Bir wagtlar iň halanýan oýunlaryň biri bolan Super Mario bloklary kellesi bilen däl-de eli bilen döwýär
14. Iň uzyn sözlem
Victor Hugo'yň iň meşhur romanynyň üçünji bölüminde 823 sözden ybarat bolan dünýäniň iň uzyn sözlemi ýerleşýär.
15. Dünýäniň iň gymmat kitaby
Leonardo da Winçiniň elýazmasy bolan "Codex Leicester"iň alyjysy Bill Gates, bu kitap üçin 48.400.000 dollar töledi
16. ABŞ prezidentleri nämä hasrat galýar?!
Elbetde maşyn sürmäge! Çünki bir gezek prezident seçileniňizde, prezidentligiňiz gutarsa-da halka açyk ýerlerde maşyn sürüp bilmeýäňiz
17. Coca-Cola satyn alyp bilmejegiňiz iki ýer
BBC-nyň aýtmagyna görä Coca-Cola satylmaýan iki ýurt bar. Olar: Demirgazyk Koreýa we Kuba.
18. Häzirki wagtda hemişekiden has köp ekizek bar.
The Atlantic gazetiniň ýazgylarynda şeýle ýazgy bar: 1915-den 1980-e çenli her 50 bäbekden biri ekizekdi, bu-da %2 diýmekdi. Soňra bu san artmaga başlady. 1995de %2,5 boldy. 2001de %3-i geçdi we 2010da 3,3-e ýetdi.
19. Amerikanyň Ştatlarynyň atlarynda bolmadyk Ýeketäk harp
Amerikanyň Ştatlarynyň atlarynda bolmadyk Ýeketäk harp Q-dyr
20. Dünýäniň iň meşhur ýazyjylary hakynda täsin maglumatlar
Tolstoý'yň, aýalynyň gepinden gaçmak üçin öýden çykyp, wokzalda ölendigini bilýäňizmi? Ýa-da Victor Hugo nyň garrama gorkusynyň bolandygyny? Bu barada ýakynda "ädim ädim"-e makala goýaryn!
Ýokardaky ýazgylaryň haýsyny öň bilýärdiňiz, haýsy has täsin, haýsy has gyzykly, G.T.M. post zynjyry dowam etmelimi?
Teswirlerde ýazyň :)
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
12
147