Gyzykly, Täsin Maglumatlar 1:
1. Ýatyp horlanmakmy?!
Giç sagatlara çenli Telewizor görmek deregine, wagtynda ýatsaňyz has köp kaloriýa ýakarsyňyz.
2. Bagtsyz çepbekeýler
Her ýyl 2500 çepbekeý, sag elini ulanýanlar üçin döredilen enjamlary ulanyp ölýärler.
3. Ananas miwe dälmi?!
Köp kişi Ananasy (🍍) miwe hasaplaýar. Ýöne ananas miwe däl we agaçda ýetişmeýär.
4. Ýazgy my, tugra my?
Ýokara zyňan teňňäňiziň tugra tarapy köplenç aşakda galýar
5. Ewerestdäki jesetler
Ewerestde 200den gowrak jeset bar. Bu jesetler dagjylara ýoly tapmaga kömek edýär.
6. Äpet ýumurtga
Düýeguşuň ýumurtgasy, 15-20 sm uzynlygynda we ortaça 1.7 kg agyrlygyndadyr. Eger ýumurtgany gaýnatjak bolsak 40 minut gerek bolar.
7. Siňekler we täsin hereketleriniň manysy.
Siňekler käwagt ellerini biri-birine sürtüp kelleleriniň üstünden geçirýälere, Şol hereketi, uçýarka ýapyşýan molekulalary arassalamak üçin edýär.
8. Siriýaly Steve Jobs
Steve Jobs, Amerikaly ejesi we siriýaly kakasy tarapyndan, doganyndan gysga wagtdan soňra Amerikaly maşgala çagalyk berilýär.
9. Soltan Süleýmanyň wesýeti
Bir wagtlar dünýäniň häkimi bolan Soltan Süleýman, wesýetinde bir eliniň tabytyndan çykarylyp goýulmagyny buýurdy. Onuňam dünýäden eli boş gitýändiginiň görülmegini isläpdir
10 Aýa aýak basan soňky adam
1972-niň 12-nji dekabrynda Aýa aýak basan 12-nji we soňky adam Gene Cernan, Aýyň ýüzüne gyzynyň baş harplary bolan TDC harplaryny çyzdy we bu ýazgy müňlerçe ýyl aýda durar