𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
15.04.2022 10:24
Barmagy başga diýme, bilegi birdir,
Milleti başga diýme, arzuwy birdir
17
124
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.04.2022 19:31
Soňky wagtlarda Apple-iň telefonlaryna isleg artdy we bu ýagdaý Apple-iň has köp telefon öndürmegine getirdi.
Samsung köpden bäri "iň köp telefon öndürýän marka" adyny gorap gelýärdi. Emma Apple-iň telefonlaryna bolan islegiň artmagy, Samsungy birinjilikden ikinjilige geçirdi.
Ýagny Apple şuwagt "iň köp telefon öndürýän marka"
Siz hem Apple-iň telefonlary gowy diýýärsiňizmi, ýa-da Samsung gowy diýýäňizmi.
Anketa ses beriň, teswirlere garaşýan ;)

Haýsy markanyň telefonlary gowy?

19
214
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
08.04.2022 17:31
Ýaryş başlady! Ýaryşyň şertlerini mundan öň goýanym postda okap bilersiňiz ;)
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
08.04.2022 16:07
Gyzykly Ýaryş: Oglanlar VS Gyzlar.

Salam agzalar, men ýaryş geçirmekçi.
Ýaryşda Oglanlar bir topar, Gyzlar bir topar bolar,

Ýaryşda, aňsat, orta we kyn soraglar bolar. Bu soraglardan birini saýlamaly, (aslynda kategoriýany we baly saýlamaly, soragy teswirde ýazýan)
Aňsat soraglarda az orta soraglarda orta, kyn soraglarda köp bal gazanyp bilersiňiz.
Bir soragy saýlanda maks 3 jogap berip bilýäňiz, üçüsi hem ýalňyş bolsa, soragdan bal alyp bileňizok
Eger bir soragy saýlasaňyz we dogry jogaby bilmeseňiz, islese garşydaşlaryňyz soraga jogap berip biler (diňe 1 jogap berip bilýärler), dogry jogaby berseler, soragda gazanyp biljek balyň ýarysyny alarlar, ondan soň olar ýene sorag seçip bilerler, çünki olar siziň saýlan soragyňyzy jogaplady, özleri saýlamady.
Siz hem olar bilmese olaryňkyny jogaplap bilersiňiz.
Soraglar 4 kategoriýa bölüner,
Aýdaly Gyzlar bir kategoriýadaky hemme soragyň jogabyny bildi, oglanlar bolsa şol kategoriýadan hiçisini bilmedi, onda Gyzlar bonus 20 bal alarlar, Erkekler hem şeýle alyp bilýär. Soraglar gutaranda ýaryş gutarýar we ýaryş gutaranda iň köp bal alan topar ýeňiji hasaplanýar, Ýaryşda pul gazanyp bileňizok ýöne gyzykly wagt geçirip bilýäňiz, Soraglar taýýar, ýöne agşamrak has köp agza bolar öýdýän şonuň üçin nesip bolsa agşamrak goýaryn posty ;)
Internetden peýdalanmajak boluň, ýaryş gyzykly bolar ýaly,
Şertler düşnüklimi?
12
151
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
07.04.2022 17:03
😂😁🤣😁
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
06.04.2022 19:24
Surata bassaňyz surat has dury görkezer ;)
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
02.04.2022 22:58
Prikol surat 9
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31.03.2022 14:37
Internet bolmasady näme bolardy!? Şuwagt internediň bolmadygy dünýäni göz öňüne getirmek mümkin däl. Eger internet bolmasady, Google, Bing ýaly gözleg motorlary bolmazdy, şonuň üçin dünýäde bolup
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31.03.2022 10:35
Html ýazgy: dowamy (7)
Salam agzalar :)
Postlarymyzda edil aşakdaky ýaly göni çyzygy nädip çyzmaly? (👇)



Elbetde (hr) etiketini ulanyp.
Bu etikedi beýleki etiketlerdäki ýaly ýapmak gerek däl.

Meselem:

Iň agyr osminogyň agramy 71 kilogram boldy
(hr)Iň köp Türküň ýaşaýany ikinji şäher Germaniýanyň Berlin şäheridir.

Şeýle görüner:

Iň agyr osminogyň agramy 71 kilogram boldy

Iň köp Türküň ýaşaýany ikinji şäher Germaniýanyň Berlin şäheridir.

Üns beriň: Etiketi işletmek üçin postda () deregine <> goýuň

Öňki html postlaryny okamak üçin baş sahypadaky gözleg bölüminden html ýazgy diýip gözläp bilersiňiz ;)
14
224
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.03.2022 16:45
-Dos, bu buzgaýmagy iýip beýnim doňdy


-Aldamasana dos, ýok zat nädip doňsunaý
15
125