𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31.03.2022 14:37
Internet bolmasady näme bolardy!?

Şuwagt internediň bolmadygy dünýäni göz öňüne getirmek mümkin däl.

Eger internet bolmasady, Google, Bing ýaly gözleg motorlary bolmazdy, şonuň üçin dünýäde bolup geçýän hadysalary diňe gazet, telewizor, radio ýaly zatlardan öwrenerdiňiz, elbetde internetden öwreneniňiz ýaly tiz däl. Aslynda başga ýurtda bolan zady internet arkaly bir başga ýurda ugradyp bilmänimiz üçin, poçta ibermeli bolardyk we bu köp wagt alardy.

Internetde peýdaly, täsin, gyzykly maglumatlary öwrenip bolýar, elbetde muny kitapda hem öwrenip bolýar, ýöne internet bolmasa kitaby ýazan bu maglumatlary nireden tapmaly!?

Uzakdaky (başga ýurtdaky) adam bilen habarlaşyp bilýärsiňiz, howa telefonda hem habarlaşyp bolýar, ýöne haýsy amatly? Telefon bilen habarlaşmak däl, ýöne internet bolmasady, telefonda habarlaşmaly bolardyk.

Aslynda internet döräli bäri örän köp zat döredi, köp adam internediň saýasynda baý bolmagy başardy. Elbetde internedi ogrular hem ulanyp käbirlerinden pullaryny we ş.m. zatlaryny ogurlaýar, ýöne internedi dogry ulanyp, kodlaryňyzy, şahsy maglumatlaryňyzy paýlaşmasaňyz bular başyňyza gelmez. Temany üýtgetmäýin, gysgaça internet döränden soň adamlar köp zady başardy. Pikir edip görüň internet bilen baglanyşykly näçe zat bar, internet bolmasady bular hem bolmazdy.

Internet döräli bäri 2 milliard web saýt açyldy diýip maglumat bar, muňa ynanmak örän kyn, çünki internede girip bilýänleriň jemi sany 4.5 milliarddan köp däl. Ýöne bu hakykat. Online söwda dükanlarynyň saýtlary, bank saýtlary, şahsy saýtlar, habar we gazet saýtlary, aýdym ýükläp biljegimiz, pullaryň gymmatlygyny deňeşdirip biljegimiz, gülkünç suratlary görüp biljegimiz, nahar bişirmegi öwrenjegimiz we ş.m. zatlary edip biljegimiz saýtlar, bularyň ählisi birleşip sany iki milliarda ýetýär. Pikir ediň internet bolmasa bular bolmaýardy.

Internetde Instagram ýaly saýtlara girip gyzykly wagt geçirýäris. Bu saýtlarda markalar özlerini tanadyp bilýärler. Hatda häzirki zamanda meşhur bolan köp marka internediň saýasynda meşhur boldy diýsem ynanjakmyň!? Eger internet bolmasady çyndanam dünýä häzirkiden üýtgeşik bolardy. Örän üýtgeşik bolardy.

Eger internet bolmasa näçe adam işsiz galardy!? Jogap takyk bilinmesede örän köp adamyň işsiz galjagy mälimdir. Çünki örän köp habar saýtlary bar. Diňe habar saýtyndakylar däl, internet bilen baglanyşykly beýleki işçileriň hem işsiz galjagyny bilmek bolýar.

Internet bolmasa okap bilmerdiňiz bu ýazgyny, ýöne şükür bar, bu ýazgyny okap internet bolmasa durmuşymyzyň üýtgeşik boljakdygyny bildiňiz. Oňat manyda üýtgeşik däl, tersine ýaman manyda üýtgeşik. Belki internet adamoglunyň iň uly tapyşydyr hä, näme diýýäňiz, teswirlere garaşýan
11
133
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31 Mart 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀, howa
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Mart 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎,başgalardan sorasam bolar-a?
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31 Mart 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀, köp pikirlendim ýöne tapyp bilmedim menä :(
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Mart 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎,düşünýän. Özüňizde başga pikir barmy?
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31 Mart 2022
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀, bir saýtda gyzykly soraglary okamda şuňa duş geldim (jogaplary aýdanok saýtda) menemä pikir edip gördüm şony, ýöne saýtda "tek hamleyle" diýip durdy (türkçe düşünýänsiňä)
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Mart 2022
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎,2 bilen 5-iň ýerini çalyşsak
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
31 Mart 2022
Soragym bar (jogabyny bilemok)⚪⚪⚪⚫⚫⚫ şulary gara suwly we ak suwly stakan hasap ediň, bir hereket edip nädip şu görnüşde ⚪⚫⚪⚫⚪⚫ etmeli, bilýän bolsaňyz ýazyň ;)
Перман
31 Mart 2022
50/50
gena_02
31 Mart 2022
Internet bolmasa ylym ösmezdi diýjek boldum ýöne öňem ösenä ylym entegem şolary häzirki ylymam anyklap bilmeýär
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Mart 2022
👏🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.