Gyzykly Ýaryş: Oglanlar VS Gyzlar.
Salam agzalar, men ýaryş geçirmekçi.
Ýaryşda Oglanlar bir topar, Gyzlar bir topar bolar,
Ýaryşda, aňsat, orta we kyn soraglar bolar. Bu soraglardan birini saýlamaly, (aslynda kategoriýany we baly saýlamaly, soragy teswirde ýazýan)
Aňsat soraglarda az orta soraglarda orta, kyn soraglarda köp bal gazanyp bilersiňiz.
Bir soragy saýlanda maks 3 jogap berip bilýäňiz, üçüsi hem ýalňyş bolsa, soragdan bal alyp bileňizok
Eger bir soragy saýlasaňyz we dogry jogaby bilmeseňiz, islese garşydaşlaryňyz soraga jogap berip biler (diňe 1 jogap berip bilýärler), dogry jogaby berseler, soragda gazanyp biljek balyň ýarysyny alarlar, ondan soň olar ýene sorag seçip bilerler, çünki olar siziň saýlan soragyňyzy jogaplady, özleri saýlamady.
Siz hem olar bilmese olaryňkyny jogaplap bilersiňiz.
Soraglar 4 kategoriýa bölüner,
Aýdaly Gyzlar bir kategoriýadaky hemme soragyň jogabyny bildi, oglanlar bolsa şol kategoriýadan hiçisini bilmedi, onda Gyzlar bonus 20 bal alarlar, Erkekler hem şeýle alyp bilýär. Soraglar gutaranda ýaryş gutarýar we ýaryş gutaranda iň köp bal alan topar ýeňiji hasaplanýar, Ýaryşda pul gazanyp bileňizok ýöne gyzykly wagt geçirip bilýäňiz, Soraglar taýýar, ýöne agşamrak has köp agza bolar öýdýän şonuň üçin nesip bolsa agşamrak goýaryn posty ;)
Internetden peýdalanmajak boluň, ýaryş gyzykly bolar ýaly,
Şertler düşnüklimi?