Html ýazgy: dowamy (7)
Salam agzalar :)
Postlarymyzda edil aşakdaky ýaly göni çyzygy nädip çyzmaly? (👇)
Elbetde (hr) etiketini ulanyp.
Bu etikedi beýleki etiketlerdäki ýaly ýapmak gerek däl.
Meselem:
Iň agyr osminogyň agramy 71 kilogram boldy
(hr)Iň köp Türküň ýaşaýany ikinji şäher Germaniýanyň Berlin şäheridir.
Şeýle görüner:
Iň agyr osminogyň agramy 71 kilogram boldy
Iň köp Türküň ýaşaýany ikinji şäher Germaniýanyň Berlin şäheridir.
Üns beriň: Etiketi işletmek üçin postda () deregine <> goýuňÖňki html postlaryny okamak üçin baş sahypadaky gözleg bölüminden html ýazgy diýip gözläp bilersiňiz ;)