𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.11.2021 17:09
Hormatly Öwrenmeli agzalary, Salam!
Size sorag: Websaýtlarda hatyňyzy reňkli, uly, kiçi, aşagy çyzylan, galyň we ýene onlarça görnüşli etmek islärmidiňiz? Hawa diýýänler, postumy ünsli okamagy maslahat berýän.


Websaýtlarda haty üýtgetmegiň esasy 14 görnüşi bardyr.
Olar:

(Kiçijik ýatlatma, () goýmak deregine <> goýuň. Men näme üçin ýaý goýýanmy? Çünki <> goýsam görülmeýä we hat üýtgeýä)

1. (b) (/b)-bu size ýazgyny galyň etmäge kömek eder. Galyň ýazjak sözüňizi boşluga goýuň.

Meselem: Legend (b)gowy postlar(/b) goýýar

Şeýle görüner: Legend gowy postlar goýýar
______________________________________

Dowamyny indiki postumda goýaryn ilki teswirlerde pikirleriňizi aýdyň...
8
268
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14.11.2021 20:40
Durmuşa tutunmak
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14.11.2021 15:56
Ependi bir adamdan soraýar:
+Sen ýaponmy?
-ýok
Az salymdan:
+Sen ýaponmy?
-Ýok diýýän
Ýene azajyk wagtdan:
+Dogryňy aýt sen ýaponmy?
-Hawa, men ýapon, sorama indi
+Bäh, ýapona meňzän ýeriň ýok:)

✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓

Ependi dükana girýär:
+Salam, 5 manatlyk buzgaýmak barmy?
-Bar
+Näçe manat?:)

✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓✓

Senem degişme paýlaş:
10
226
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
13.11.2021 20:59
Ol wagt 15 ýaşlarymdadym. Şol gün öýe göçenimiz gündi. Ol ýerde ýaşaýan adamlar örän gowydy, hat-da bize öýi tertiplemeke kömek etdiler. Bizem hemmäni myhmançylyga çagyrdyk, köpler geldi ýöne şol köçede ýaşaýan bir molla gelmäge çekinýän ýalydy. Gün gutarýardy. Hemmäni ugradan soň men we agam mollany gördük. Bize tarap ýöredi. Gepleşdik. Ol bize bir zat aýdasy gelýän ýalydy, sözlemlerinde bize, şol öýe göçmeli däldigimizi göçme manylarda aýdýardy, bizem üstünde köp durmadyk, ýene öýe çagyrdyk, ýöne ol düşüneňizok diýdi we öýüne dolandy. Näme diýjek bolýardyka? Agam ikimiz biri-birimize diňe bu soragy berdik. Az salymdan ejem içeri çagyrdy. Soň içerä girdik. Öý örän ulydy, şol sebäpden hemmämiz aýry otaglarda ýatyp bilýädik. Ýatmaly wagt bolupdy. Men mollanyň näme diýjek bolýandygyny bilesim gelýärdi, şol sebäpden ýatyp bilmedim. Soňra ukym agyr basdy, menem süýji uka batdym. Birden inimiň gaty sesde gygyranyny eşitdim. Otagyna gidemde hiç kim ýokdy. Ejem we kakamyň otagyna bardym. Görsem ejem kakam uklap ýatyr, ýanlaryndada gözleri ýalpyldaýan gorkunç maňa garan inim. Şol wagt ýüregim çykjak ýaly boldy. Içimden pikirlendim. Näme üçin men uzakda bolsamam şol sesi eşitdim, ýöne ejem kakam eşitmedi. Pikire batamda inimiň maňa ýakynlaşandygyny görmäpdirin. Şol wagt gorkydan uklap galypdyryn. Turamda özümi hassahanada tapdym. Ejem ýanymdady. Oňa näme bolandygyny soradym. Onuň aýtmagyna görä otaglarynyň ýanyndaka ýerde tapylypdyryn. Kelläm gan içindemiş. Kakam geldi. Meniň turanymy görende meni gujaklady. Örän gorkupdyrlar çünki 1 günläp ýatyrmyşym. Inimi soradym. Inimem 1 günläp ýatyrmyş men turmazdan 5 minut öň turanmyş. Inim geldi. Ýöne bu sapar gözleri ýalpyldanokdy. Gaharly gözler bilen ondan soradym. Düýn näme boldy? Inim birhili aljyrady we aglap başlady. Öz özüme bolýa diýdim. Wakanyň köp üstünde durmadym. Ertesi güni mollany gördüm, menden düýn bir zat boldumy diýip sorady. Mollany tanamadygymdan hiç zat aýtmadym, geplerini diňlemedim, eştmezlikden geldim. Ýöne onuň aýdan şu sözi meni uzyn gün pikirlendirdi. Düýn jigiň gygyrdy. Bu sözi eşidemde ýüregim gaty uryp başlady. Molla bizden uzakda ýaşaýardy, nädip eşitdi? Öýe baryp jigim bilen gepleşmegi maksatladym. Gapyny kakdym, garaşdym, açylmady, ýene kakdym. Açylmady. Jübimden açary çykarýakam birden inim gapyny açdy. Aga seň bilen bir zat gepleşeli diýdi. Men ondan ilki ejem kakam nirde şony aýt diýdim. Kakam işde diýipdi. Ýadyma düşdi, aýyň 15-inden soň kakam işe gidýärdi. Ýöne ejem nirdedi? Ejemi soradym. Aga gel gowusy gepleşeli diýdi. Ýany bilen gitdim.

Dowamyny çeşmesinden okap bilersiňiz...


Çeşme: Yaşanmış korku hikayeleri.app
9
297
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
12.11.2021 21:10
Diýdiler adamy ölüm agladar,
Diýdiler adamy durmuş agladar,
Ölümi, durmuşy günäkär etmäň,
Aslynda adamy adam agladar
12
177
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
11.11.2021 23:51
Salam Öwrenmeli agzalary! Bu gün size Öwrenmeli programmasy hakynda gyzykly soraglar taýýaladym.
Taýýar bolsaňyz başlaly,
______________________________________
#1) Bu gün okanyň iň gowy post kimiňkidi?
______________________________________
#2) Haýsy ulanyjynyň dakma adyny (nick) halaýaň?
______________________________________
#3) Iň gowy Manyly sözi, degişmäni, Täsinligi, logiki soragy kim goýýar
______________________________________
#4) Iň köp like alan postuň näçe like aldy?
______________________________________
#5) Umuman aýdanda iň gowy postlary kim goýýa?
______________________________________
#6)Posta ýa-da teswire dislike basyp gördüňmi?
______________________________________
#7)Nähili posty gowy görýäň?
______________________________________
#8)Özüňe iň ýakyn hasaplaýanyň ulanyjy kim?
______________________________________
Okan bolsaň hökman teswirlerde jogaby ýaz!😉
______________________________________
11
531
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
11.11.2021 23:50
Einsteiniň bir sözi bar:

Aslynda her kim akyllydyr, ýöne siz bir balyga agaja çykyp bilmedigi üçin ony kiçi görseňiz ol bütin ömrüni samsyk bolanyna ynanyp geçirýär.


365&👑
10
116
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
10.11.2021 21:15
✔︎____Kim ker?⌫

Bir adam lukmanyň ýanyna gidip "lukman aýalym kerleşdi öýtýän soraglaryma jogap berenok" diýdi.
Lukmanam adama "Bolýa, şu gün öýüňe bar 20m uzaklykdan bir sorag sora, eger jogap bermese 15m uzaklykdan sorag sora, oňada jogap bermese 10m uzaklykdan sorag sora, oňada jogap bermese 5m uzaklykdan sorag sora, eger oňada jogap bermese ýanyna barda sora, eger oňada jogap bermese aýalyň çyndanam kerleşendir, maňa jaň et, ertir özüm bararyn" diýdi.
Adam öýüne baryp lukmanyň aýdyşy ýaly ilki 20m uzaklykdan, soň 15m uzaklykdan, soň 10m uzaklykdan, soňrada 5m uzaklykdan "agşam näme iýýäris" diýip sorady, ýöne hiç ses eşitmedi. Ahyrynda ýanyna baryp sorasa şu jogaby aldy "Adamsy bäşinji sapar aýtýan agşam Unaş iýýäs."


"Aýyby ilde dälde,
özüňde gözle"
😎
Legend"
15
446
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.11.2021 22:06
Okamak üçin örän uzak ýerlere barmaly bolýan çagajyk, öýüne gaýdýarka örän ajykýar. Içinden, birinden bir gysym çörek sorasam berermikä?, diýýär. Açlyga çydaman ahyr bir öýe barýarda gapyny kakýar. Az wagtdan bir zenan gapyny açýar we mylaýym sesi bilen näme gerekdigini soraýar. Çagajyk "maňa bir gysym çörek berip bilersiňizmi?" diýip soraýar. Zenan çagajygyň örän açdygyny duýýar we ony içerä çagyryp süýji naharlar iýdirýär. Çagajyk garnyny oňat doýurandan soň zenana minnetdarlyk bildirýär.

Aradan 15 ýyl ötýär, ýaňky zenan örän agyr kesel bilen keselleýär we hassahana gitmeli bolýar. Giden hassahanasynyň eýesi hem-de baş lukmany indi ulalan ýaňky çagajyk. Çaga ol zenany tanaýar we ony gowulaşdyrmak üçin bar zady edýär. Zenan gowulaşýar. Bir tarapdan muňa begensede, lukmana tölemeli pulyň örän köp boljakdygyny we munyň üçin ömrüniň ahyryna çenli işlemelidigini bilýänligi üçin, bir tarapdan gynanýar. Ýaňky lukman zenanyň eline bir kagyz berýär. Zenan kagyzy okaýar we lukmanyň ýaňky çagadygyny bilýär. Hoşlaşýarlar. Ine ýaňky kagyzda näme ýazykdy: hassany bejeriş puly 15 ýyl öň süýji naharlar bilen tölendi.

_______________365&👑_______________

Ýagşylyk etseňiz, eden ýagşylygyňyzy essesi bilen alarsyňyz
5
221
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
09.11.2021 20:46
❁____✰Ýaş bolmak üçin✔︎

Bir gepleşikde gazetçi soraýar:
Nädip beýle uzyn wagt ýaşamagy we bu ýaşda henizem sagdyn bolmagy başardyňyz.

102 ýaşyna giren adam jogap berýär:

Her gün irden turýan we aýnadan daşara garaýan. Howa yssy, sowuk, ýagyşly ýa-da şemally bolsun parhy ýok. Men her gezek bu gün şeýle howany isleýärdim diýýän.


_______________365&👑_______________

Adamlar, durmuşda nähili ýaşanyňyz däl, durmuşa nähili garanyňyz möhüm.

𝕷𝖊𝖌𝖊𝖓𝖉


👍😎
12
204